Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir. Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, bu guýudan alynýan gazyň gije-gündizlik möçberi 120 müň kub metre deňdir. Çeşmäniň belleýşi ýaly, "Hazarly-3" guýusy bu ýatakda gaz akymy alnan ilkinji guýudyr. Bu bolsa ýatagy mundan beýläk-de özleşdirmek we ulanmaga bermek üçin täze mümkinçilikleri açýar.