Beýik Britaniýanyň Wusterşir graflygynyň Brodweý şäherindäki giçki Rim döwrüniň mazarlygynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, alymlar keýik süňkünden ýasalan oýma nagyşly täsin gutujygy ýüze çykardylar. Arheologlar öň hiç haçan şeýle tapynda duş gelmändiklerini belleýärler. "Milestone Ground" meýdançasyndaky gazuw-agtaryş işleri "Worcestershire Archaeology" topary tarapyndan meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň öňüsyrasynda amala aşyrylýar. Bu ýerlerde adamyň ýaşaýşynyň yzlary 8 000 ýyl bäri dowam edip gelýär. Gymmatly tapyndy ýaş zenanyň mazaryndan tapyldy. Ölçegi 6,9x3,3 santimetr bolan bu predmet kämil ýagdaýda saklanyp galypdyr. Gutujygyň süýşürilýän gapagy bar, onuň ýüzi bolsa Rim oýun süňklerine (çöplerine) mahsus bolan tegelekler we nokatlar bilen bezelipdir. Galyndylaryň radiouglerod seljermesi bu gymmatlygyň giçki Rim döwrüne (biziň eýýamymyzyň II asyrynyň ahyry – V asyr) degişlidigini tassyklady. Barlagçylar bu gutujygyň kosmetika serişdelerini ýa-da melhemleri (çalgylary) saklamak üçin niýetlenen bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Gazuw-agtaryş işleriniň ýolbaşçysy Jeými Wilkins: "Men öň hiç haçan şeýle zada duş gelmändim we biziň hakykatdanam adatdan daşary bir tapyndy ýüze çykarandygymyz derrew belli boldy" — diýip bildirdi. Ol bu tapyndyny diňe bir ýasalyş ussatlygy we gowy saklanandygy üçin däl, eýsem bu ýerde ýaşan adamlar barada gürrüň berýän taryhy üçin hem haýran galdyryjy diýip atlandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir