Ata Watan
A Seria-nyň klublary ligany 18 topara çenli azaltmaga garşy ses berdiler
Italiýanyň A Seria-sy futbol ligasynyň klublarynyň aglabasy ýurduň çempionatynyň iň ýokary diwizionynda çykyş edýän toparlaryň sanynyň azalmagyna garşy boldular diýip, ýaryşyň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşenbe güni Milanda, klublaryň paýdarlarynyň mejlisinde Italiýanyň futbolyny özgertmek baradaky tekliplere garaldy. Duşuşykda A Seria l...
«Aston Martin» täzelenen «Vantage» kupesini tanyşdyrdy
«Aston Martin» «Vantage» kupesiniň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň alty ýyllyk önümçiliginden soň gaýtadan işlenen nusgasy çykaryldy.
Awtoulagyň öňdäki bamperiniň uly bölegini tutýan uly radiator gözenegi has döwrebap dizaýna eýedir. Tehniki aýratynlyklar hem has kämilleşdirildi. Hususan-da, bu britan sport awtoulaglary üçin «Merc...
«Xiaomi 14 Ultra» titan korpusa we 1 terabaýt ýada eýe bolar
Hytaýyň «Xiaomi» korporasiýasy fewral aýynyň ahyrynda «14 Ultra» täze flagman smartfonyny çykarar. Bu barada lenta.ru «Android Authority» neşirine salgylanyp habar berýär.
Bu smartfon ilkinji enjamlary oktýabr aýynyň ahyrynda tanyşdyrylan «Xiaomi 14» maşgalasynyň dowamy bolar. Smartfonyň tapawutly aýratynlygy titan korpusa eýe bolmagydyr. Şe...
Silwestr Stallone Rembonyň keşbini kime geçirjekdigini aýtdy
Golliwudyň meşhur aktýory Silwestr Stallone özünden soň Rembonyň keşbini janlandyrmagy haýsy aktýora ynanjakdygyny aýtdy. Onuň söhbetdeşligi «The Tonight Show Starring Jimmy Fallon» gepleşiginiň «YouTube» kanalynda ýerleşdirildi.
Rembonyň keşbini ýerine ýetirýän aktýoryň bellemegine görä, ol bu «estafetany» amerikan aktýory Raýan Goslinge ge...
Marsda interneti nädip döretmeli? Alymlar eýýäm bu meseläniň çözgüdini gözleýärler we synaglary geçirýärler
Ýer bilen Marsyň arasyndaky aragatnaşyk – geljekde Gyzyl planeta amala aşyryljak missiýalar üçin iň kyn we möhüm meseleleriň biridir. Maglumatlary radio tolkunlary arkaly geçirmegiň bar bolan usullarynda ep-esli gijä galmak, pes geçirijilik we planetanyň ýerleşişine garaşlylyk ýaly köp çäklendirmeler bar. ScienceNews neşiri alymlaryň we inženerleri...
OpenAI-yň başlygy: BAE emeli aň üçin synag meýdançasyna öwrülip biler
OpenAI-yň baş direktory Sem Altman Dubaýda geçirilen AI Everything halkara forumynda çykyş edip, emeli aňyň (AI) geljegi we dünýä täsiri baradaky pikirlerini paýlaşdy diýip, Bloomberg habar berýär.
Altman BAE-niň adamzada peýdaly boljak täze AI tehnologiýalaryny ösdürmek we synagdan geçirmek üçin “meýdança” öwrülip biljekdigini aýtdy. Ol Emi...
Ýurgen Klopp “Liwerpuldan” gideninden soň gurluşyk bilen meşgullanar
“Liwerpulyň” baş tälimçisi Ýurgen Klopp möwsümiň ahyrynda klubdan gideninden soň gurluşyk bilen meşgullanmagy meýilleşdirýär. Bu barada Daily Express salgylanyp, championat.com habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Klopp iki sany täze desga gurýar. Olaryň biri Maýnsyň golaýynda, Wisbaden şäherinde ýerleşýär. Şeýle-de, Ýurgen Balear ada...
“Karateçi oglanjyk” filminiň dowamynda baş keşp üçin aktýor tapyldy
The Hollywood Reporter neşiri “Karateçi oglanjyk” filminiň sikwelinde baş keşbi ýerine ýetirjek aktýoryň adyny aýan etdi. Ol “Asly Hytaýdan bolan amerikaly” serialynyň gahrymany Ben Wan bolar. Bu barada film.ru belleýär.
Şeýle-de, taslama Jeki Çan we Ralf Maççio (“Kobra Kaý”) gatnaşar. Režissýorlyk wezipesini Jonatan Entuistl ýerine ýetirer....
Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi
2023/2024 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýunlary boldy. 14-nji fewrala geçilen gije (Aşgabat wagty bilen) “Kopengagen” – “Mançester Siti” we “RB Leýpsig” – “Real” duşuşyklary geçirildi.
Ýaryşyň häzirki eýesi “Mançester Siti” myhmançylykda Daniýanyň “Kopengagen” klubuny utdy. Duşuşyk Kopengagendäki “Parken Ste...
Aşgabatda nirede awtoulaglara gorag örtüklerini ýelmedip bolýar. Gorag örtükleri näme üçin gerek?
Maşynyň çyzylmagyndan, reňkiniň sypyrylmagyndan, aýnalary we faralary döwülmekden goramak her bir awtoulag sürüjisiniň esasy aladalarynyň biri bolsa gerek. Tötänleýin ýagdaýlardan hiç kim goragly bolmasa-da, bu ýagdaýlaryň zyýanyny azaltmak üçin çäreleri göreniň kem bolmaz.
Aşgabatdaky serwis ähli modellerdäki awtoulaglaryň kuzowyna, aýnalar...
Beýonse täze albomyny anons etdi we ilkinji iki aýdymyny çykardy
Aýdymçy Beýonse täze Act II albomyny anons etdi. Onuň relizi 29-njy marta meýilleşdirilýär. Bu barada The New York Times neşirine salgylanyp, life.liga.net habar berýär.
Act II Beýonseniň sekizinji albomy we birinji bölümi 2022-nji ýylyň iýul aýynda çykan Renaissance trilogiýasynyň ikinji bölümi bolar. Anonsdan soň Beýonse Texas Hold ’Em we...
Kataryň milli ýygyndysy yzygider ikinji gezek Aziýanyň Kubogynda ýeňiji boldy
Aziýanyň Kubogynyň Iordaniýanyň we Kataryň milli ýygyndylarynyň arasyndaky final oýny tamamlandy. Toparlar Kataryň Lusail şäherindäki “Lusail Aýkonik” stadionynda duşuşdylar. Oýun Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlandy. Ýaryşyň eýeleri 3:1 hasabynda ýeňiş gazandylar.
22-nji minutda Kataryň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Akram Afif penaltiden g...
Apple öz meşhur iPhone 16 Pro Max-i bilen bäsleşmezlik üçin iPhone 16 Plus-yň akkumulýatoryny emeli usulda peselder
IXBT.com-nyň habar bermegine görä, Apple kompaniýasy öz meşhur iPhone 16 Pro Max-yna bäsdeşlik döretmezlik üçin iPhone 16 Plus-yň batareýasyny emeli usulda peselder.
Majin Bu-nyň insaýderinden alnan maglumata görä, iPhone 16 Plus 4006 mAh sygym alar. Bu, hatda, iPhone 15 Plus -den hem pes - 4,383 mAh. Ýöne IPhone 16 Pro Max 4676 mAh kuwwatly...
«Realme» içi görünýän korpusly smartfon çykarar
«Realme» kompaniýasy Ýewropada çäkli mukdarda «12 Pro+» smartfonynyň içi görünýän korpusly nusgasyny çykarar. Bu barada gazeta.ru «GSMArena» neşirine salgylanyp habar berýär.
Şeýle smartfonyň suraty «Realme Europe» kompaniýasynyň baş direktory Frensis Wong tarapyndan paýlaşyldy. Surata seretseň, smartfonyň diňe gapagy däl, eýsem, kamera bölü...
«Ýandeks» kompaniýasy özüniň «Lunnen» atly elektronika brendini tanyşdyrdy
Russiýanyň «Ýandeks» IT kompaniýasynyň eýeçiligindäki «Ýandeks Market» söwda platformasy özüniň «Lunnen» atly elektronika brendini döretdi. Bu barada maglumatlar gözleg ulgamynyň resmi web sahypasynda peýda boldy.
Brendiň ilkinji önümleri iki noutbuk modeli: «Lunnen Grand 15» we «Lunnen Grand 16» boldy. «Grand 15-de» 1920-ä 1080 piksel durul...
Microsoft-yň bazar bahasy 3,12 trillion dollara ýetdi. Kompaniýa Apple-iň rekordyny täzeledi
Microsoft bazar bahasynda Apple-den öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasyna öwrüldi. Soňky iki hepdäniň dowamynda onuň bahasy 0,12 trillion dollar artyp, 3,12 trillion dollara ýetdi.
Microsoft iň ýokary nokady 2023-nji ýylyň 31-nji iýulynda 3,09 trillion dollara ýeten Apple-iň rekordyndan öňe geçdi. Apple häzirki wagtda 2,92 trillion dol...
ABŞ-da iň gymmat öý satuwa çykaryldy
Florida ştatynyň Neýpls şäheriniň etegindäki üç jaýdan we 3,6 gektar ýer böleginden ybarat toplumyň eýeleri ony 295 mln dollara satuwa çykardylar. Eger ol bu bahadan satyn alynsa, ABŞ-da häzire çenli satylan iň gymmat öý bolar diýip, “The Wall street Journal” ýazýar. Muny kommersant.ru ýetirýär.
Gozgalmaýan emläk boýunça hünärmenleriň belleý...
Gucci brendiniň ýyllyk satuwy 6% azaldy, Yves Saint Laurent - 4%
Gucci, Balenciaga we Yves Saint Laurent ýaly moda brendlerini öz içine alýan Kering kompaniýasynyň girdejisi 2023-nji ýylda 4% azalyp, 19,6 mlrd ýewro boldy. Arassa girdeji 17% azalyp, 3 mlrd ýewro barabar boldy. Bu barada kommersant.ru belleýär.
Dördünji çärýekde Kering-iň girdejisi 6%, 5 mlrd ýewro çenli azaldy. Bu görkezijileriň peselmeg...
Microsoft Hindistanyň 2 mln ýaşaýjysyna emeli aňdan peýdalanmak başarnyklaryny öwreder
Microsoft korporasiýasy 2025-nji ýyla çenli Hindistanyň 2 mln ýaşaýjysyna emeli aňdan peýdalanmak başarnyklaryny öwretmegi maksat edinýän ADVANTA(I)GE INDIA maksatnamasyny hödürledi. Bu barada korporasiýanyň ýolbaşçysy Satýa Nadella Hindistana resmi sapary wagtynda aýtdy diýip, kommersant.ru habar berýär.
Mumbaýda biznes wekilleriniň öňünde...
Ýaponiýa fewral aýynda kosmos zibilini öwrenmek üçin hemra uçurar
Ýaponiýanyň Astroscale Japan kompaniýasy kosmos zibilini öwrenmegi maksat edinýän ilkinji hemrany uçurar. Bu barada taslamanyň saýtyna salgylanyp, TASS habar berýär.
ADRAS-J enjamy 19-njy fewralda Täze Zelandiýanyň Mahia ýarym adasynda ýerleşýän hususy Rocket Lab kosmodromyndan uçurylar. Beýikligi 1,2 m we ini 80 sm bolan hemra köp sanly uly...
Saturnyň aýlarynyň birinde suwuk suw tapyldy. 10 km çuňlukda umman bolmagy ähtimal
Bir wagtlar “Ýyldyz söweşleri” film epopeýasynda “Ölüm ýyldyzynyň” prototipi bolup hyzmat eden Saturnyň hemrasy Mimasda alymlar suwuk suwuň buzasty ummanyny tapdylar diýip, Reuters habar berýär.
Pariž obserwatoriýasyndan doktor Waleri Leneniň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary NASA-nyň “Kassini” kosmos gämisinden alnan maglumatlary öwrendi...
Ýer nädip gar şaryna öwrüldi: alymlar gadymy buz eýýamynyň syryny açdylar
Awstraliýaly alymlar 700 million ýyl ozal planetanyň aşa sowamagyna nämäniň sebäp bolandygyny anykladylar. Bu barada Sidneý uniwersitetiniň web sahypasynda aýdylýar.
Doktor Adriana Dutkiewiçiň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary Ýeriň gar şaryna öwrülen döwründäki global Stýort buzlugynyň sebäplerini öwrendi. Geologlar tektonikanyň plita mo...
Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň medallarynda Eýfel diňiniň bölejikleri bolar
2024-nji ýyldaky Tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk topary Parižde geçiriljek Oýunlarda türgenlere beriljek medallary tanyşdyrdy.
«Altyn, kümşi we bürünji Fransiýanyň iň gymmatly metaly – Eýfel diňiniň metaly bilen birleşdirmäge synanyşmak üçin köp tagalla edildi» diýip, 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň gur...
Volkswagen Hytaýda BYD konserninden öňe geçip, lider boldy
2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasy Hytaýda awtomobil satuwy boýunça öňdebaryjy boldy. Bu barada Hytaýyň Ýeňil awtoulaglar assosiasiýasyna salgylanyp, CarNewsChina ýazýar. Muny ixbt.com ýetirýär.
Volkswagen 11 aý bäri birinji orny eýeleýän Hytaýyň BYD konserninden öňe geçmegi başardy. Ýanwar aýynda Volkswagen 209...
Google täze at bilen emeli aň hyzmatyny resmi taýdan hödürledi
Google tehnologiýa korporasiýasy emeli aňa esaslanýan Bard çat-botunyň adynyň Gemini diýlip üýtgedilendigini mälim etdi. Bu barada kompaniýanyň resmi bloguna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Gemini-niň işleýşi Bard-dan tapawutlanmaýar. Çat-bot maglumatlary gözlemäge, tekst we şekil döretmäge ukyply. Bu elektron hatlary, elektron jedweller...