12-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň barşynda häkimler we wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň Jemagat hojalygy birleşiklerine satyn alyp beren köp sanly döwrebap awtoulaglary, tehnikalary üçin ähli ýaşaýjylaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlarda gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi, pagta öndürijileri gowaça tohumy bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermegi, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly taýýar etmegi, bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmagy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini talabalaýyk geçirmegi, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda pagta, bugdaý, Lebap welaýatynda şaly, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegine gözegçilik etmegi, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri bilen birlikde, ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işlerini talabalaýyk geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz sebitlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegine aýratyn üns bermek, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini hem-de medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.