Serdar Berdimuhamedow Bangladeşiň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddine hem-de ýurduň Premýer-ministri hanym Şeýh Hasina Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Prezident Mohammed Şahabuddine we Pr...

Dowamy »

221 0
Täzelikler, 1 year ago


Germaniýanyň milli ýygyndysy Nike bilen şertnamanyň hatyrasyna Adidas bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyny bes eder

Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2027-nji ýyldan başlap Nike brendiniň futbol eşiginde oýnar. Germaniýanyň Futbol Assosiasiýasy (DFB) Amerikanyň sport egin-eşik öndürijisi bilen ýedi ýyllyk şertnama gol çekişendigini mälim etdi diýip, Sports.ru habar berýär.
2026-njy ýylyň ahyryna çenli DFB öň baglaşylan şertnama görä, Adidas bile...

Dowamy »

292 0
Sport, 1 year ago


McLaren dolulygyna Bahreýniň garaşsyz gaznasynyň gözegçiligine geçýär

Awtoulag öndürijisi we ýaryş bölüminiň eýesi bolan McLaren Group Limited Bahreýniň Bahrain Mumtalakat Holding Company-nyň ýeke-täk gözegçiligine geçdi. Bahreýniň garaşsyz gaznasy galan 40% paýyny beýleki paýdarlardan satyn aldy. Auto.ru-nyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň dekabrynda yglan edilen şertnama tamamlandy.
Mumtalakat 2007-nji ýyldan...

Dowamy »

233 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Toyota şu ýylyň ahyrynda täze ykjam Land Cruiser FJ wnedorožnigini hödürlär

Toyota 2024-nji ýylyň ahyrynda ykjam göwrümli Land Cruiser FJ wnedorožnigi bilen tanyşdyrar. Modeliň ady geçen güýzde hasaba alyndy, ýöne şol wagt ramanyň ýa-da saklaýjy kuzowyň boljagy-bolmajagy näbellidi.
Land Cruiser FJ-niň gibrid ýa-da doly elektrikli modifikasiýany aljakdygy öňem çak edilýärdi. Şeýle-de bolsa, täze maglumatlara görä, u...

Dowamy »

233 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Owganystan Türkmenistanda harytlarynyň ýene bir sergisini geçirmegi meýilleşdirýär

Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi 1403-nji Gün hijrisi ýylynda (2024-nji ýylyň 20-nji martynda başlady) ýurduň içinde we daşary ýurtlarda 30-dan gowrak sergi guramagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Orient agentliginiň TOLO news-e salgylanyp habar bermegine görä, bu maksatnamanyň çäklerinde Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi Türkm...

Dowamy »

219 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmenistanyň DIM-inde TÜRKSOÝ-yň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

25-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultanbaý Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada diplomatik edaranyň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine we Magtymguly Pyragyny...

Dowamy »

198 0
Täzelikler, 1 year ago


2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagtyna bagyşlanan çäreler badalga alýar

Türkmenistanda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler badalga aldy.
26-njy martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda çäreleriň açylyş dabarasy geçiriler. Dabaranyň çäklerinde konsert, sergi we beýleki çäreler geçiriler. Çärelere türki döwletleriň wekiller...

Dowamy »

203 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly gepleşik geçirdiler

25-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen onuň özbek kärdeşi Bagtyýar Saidowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky çuňňur strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn üns berdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar 2024-nji ýyl üçin baý mazmunly iş...

Dowamy »

200 0
Täzelikler, 1 year ago


Serdar Berdimuhamedow Änewde geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen gutlady.
"Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän Änew şäheri milli medeni we taryhy ý...

Dowamy »

210 0
Täzelikler, 1 year ago


Şwarseneggere kardiostimulýator oturdyldy

Meşhur aktýor we Kaliforniýanyň öňki gubernatory, 76 ýaşly Arnold Şwarseneggere kardiostimulýator oturdyldy. Bu barada ol Arnold’s Pump Club podkastynda habar berdi diýip, Daily Mail ýazýar.
Şwarsenegger öz habarynda geçen duşenbe güni operasiýa geçirendigini, oňa kardiostimulýator oturdylandygyny aýtdy we özüni gowy duýýandygyny sözüniň üst...

Dowamy »

188 0
Täzelikler, 1 year ago


24-25-nji martda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda hatyra kitabyna ýazgy galdyryp bolar

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Podmoskowýede bolup geçen terrorçylykly hereket sebäpli ilçihanada hatyra kitabyny döretdi.
Ilçihananyň habar bermegine görä, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda (1941-nji köçe) 24-nji we 25-nji martda sagat 10:00-13:00 we 15:00-17:00 aralygynda hatyra kitabyna bolup geçe...

Dowamy »

197 0
Täzelikler, 1 year ago


“Jon Uikiň” prodýuserleri “Bundokly keramatlylar” kult boýewigini täzeden çykararlar

1999-njy ýylda çykarylan “Bundokly keramatlylar” kult filmi “Jon Uikiň” üstünde işlän Thunder Road kompaniýasy tarapyndan täzeden çykarylar diýip, Deadline habar berýär.
Filmiň asyl nusgasy özlerini hudaýyň wekili hasaplaýan we jenaýatçylygyň artýan şäher köçelerinde adalaty ýola goýýan bostonly iki dogan hakda gidýär. 2009-njy ýylda “Ähli k...

Dowamy »

200 0
Täzelikler, 1 year ago


Stiw Jobsuň goly bolan wizitka auksionda rekord baha satyldy

Bostonyň RR Auction auksionynyň maglumatlaryna görä, Stiw Jobsuň goly bolan seýrek Apple Computer wizit kartoçkasy auksionda 181 183 dollara satyldy. Bu gol çekilen wizit kartoçka üçin rekord bahadyr diýip, gagadget.com belleýär.
Bu wizitka 40 ýyldan gowrak wagt bolup, ol 1983-nji ýyl bilen senelenýär. Onda Apple-iň köne alty reňkli logotipi...

Dowamy »

218 0
Täzelikler, 1 year ago


Lamborghini ýylyň dowamynda rekord girdeji gazanandygyny habar berdi

Italiýanyň Lamborghini superkar öndürijisi 2023-nji ýylyň jemini jemledi, netijede ýyl birnäçe görkeziji boýunca kompaniýa üçin rekord ýyl boldy. Lamborghini taryhynda ilkinji gezek 10 000-den gowrak awtoulag satdy diýip, kompaniýanyň maliýe hasabatyna salgylanýan auto.ru habar berýär.
2023-nji ýyldaky söwdanyň soňky netijesi boýunça 10112 a...

Dowamy »

242 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Nissan Kicks-iň ikinji nesli çykdy: has güýçli, tekerleri doly hereketli we täze dizaýnly

Nissan kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikadaky bölümi Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin Kicks -iň ikinji neslini hödürledi. Krossower täze dizaýn, has güýçli hereketlendiriji, tekerleri doly hereketli we birnäçe tehnologiki täzelenme aldy diýip, auto.ru habar berýär.
Bir hepdeden Nýu-Ýorkda açyljak halkara awtoulag sergisinde awtoulag köpçülig...

Dowamy »

217 0
Täzelikler, 1 year ago


Aýdaky demir ýol: ABŞ-da eýýäm taslamanyň konsepsiýasy işlenip düzülýär

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Geljegi uly gözleg taslamalary müdirligi (DARPA) Aýda demir ýol konsepsiýasyny ösdürmek üçin Northrop Grumman bilen şertnama baglaşdy diýip, New Atlas neşiri habar berýär.
Taslama Aýda adamyň durnukly bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen 10 ýyllyk Aý arhitektura mümkinçiliklerini öwrenmek işiniň (LunA-10) bir...

Dowamy »

246 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Bennu asteroidi bilen irki Ýeriň arasynda haýran galdyryjy meňzeşlikler ýüze çykaryldy

NASA-nyň gözlegçileri Bennu asteroidinde “ýaşaýşyň düzümlerini” tapdylar. Daily Mail-iň habar bermegine görä, takmynan, 45 million ýyllyk Bennu tozanynda magniý fosfaty, fillosilikatlar we glisin ýaly, ýaşaýşyň ilki dörän döwründe Ýerde bar bolan maddalar tapyldy.
Magniý fosfaty Ýerdäki ummanlarda we gury ýerde, ösümlik tohumlarynda bolýar w...

Dowamy »

211 0
Täzelikler, 1 year ago


Hindi alymlary tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek üçin dron toparlaryny ulanmagy teklip etdiler

Hindi Ylym Institutynyň gözlegçileri bir logiki tora birikdirilen dronlary ulanmagyň täze ulgamyny döretdiler. Bu ulgam dürli tebigy betbagtçylyklara, hususan-da, tokaý ýangynlaryna garşy göreşmekde ulanylyp bilner diýip, Techxplore ýazýar.
Toparda hereket edýän dronlar biri-biri bilen “aragatnaşyk saklar” we howply ýerleriň temperaturasyna...

Dowamy »

208 0
Täzelikler, 1 year ago


«Çeburaşka» filminiň ikinji we üçünji bölümleri tomusda bir wagtda surata düşüriler

Çeburaşka baradaky ikinji we üçünji filmler bir wagtda surata düşüriler. TASS bu barada russiýaly aktýor Sergeý Garmaşyň sözlerine salgylanyp ýazýar.
Filmiň surata düşüriş işleri tomusda başlar. «Çeburaşka 2» filminiň surata düşüriş işleri häzirki wagtda taýýarlyk döwründe. Iýun aýynyň başynda «Çeburaşka 2» we «Çeburaşka 3» filmleriniň surat...

Dowamy »

231 0
Täzelikler, 1 year ago


Serdar Berdimuhamedow Albaniýanyň Prezidenti Baýram Begaýy gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Albaniýanyň Prezidenti Baýram Begaýa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Albaniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Serda...

Dowamy »

221 0
Täzelikler, 1 year ago


Serdar Berdimuhamedow Katerina Sakellaropulany Gresiýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula hem-de ýurduň halkyna Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Katerina Sakellaropula tüýs ýürekden berk jan saglyk,...

Dowamy »

236 0
Täzelikler, 1 year ago


Google özüniň Gemini 1.5 Pro neýroulgamyny köpçülige elýeterli etdi

Google kompaniýasy özüniň öňdebaryjy neýroulgamy bolan Gemini 1.5 Pro-nyň açyk beta synagynyň işe girizilendigini habar berdi, onuň esasy aýratynlygy 1 million tokeni gaýtadan işlemek ukybydyr.
Gemini 1.5 Pro neýroulgamy 1 milliona çenli giňeldilip bilinýän 128 müň token kontekst penjiresi bilen işleýär. Ol 700 müňe çenli sözi, 30 müň setir...

Dowamy »

262 0
Tehnologiýa, 1 year ago


«Aždarhanyň öýi» serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykar

HBO akym hyzmatynyň «Aždarhanyň öýi» serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykar. Bu barada Max YouTube kanalynda elýeterli bolan treýlerden belli boldy.
Serialyň täze möwsüminde tomaşaçylara «Aždarhalaryň tansy» ady bilen tanalýan Westerosdaky raýat urşy görkeziler. Serialyň režissýory Raýan Kondal täze möwsümiň has özün...

Dowamy »

222 0
Täzelikler, 1 year ago


OnePlus Snapdragon 7+ Gen 3 çipi bolan Ace 3V smartfonyny hödürledi

OnePlus täze Qualcomm prosessory we halka şekilli çyra bilen enjamlaşdyrylan orta arzanlykdaky Ace 3V smartfonyny hödürledi.
Täze önüm 2772x1240 piksel durulygy we 120 Gs täzeleniş tizligi bolan 6,74 dýuým OLED displeýi bilen üpjün edildi. Esasy kamera 50 megapiksel durulykdaky Sony IMX882 sensory bilen görkezilýär we 8 megapiksel ultra giň...

Dowamy »

248 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Xiaomi Leica kamerasy bolan iň arzan smartfonyny tanyşdyrdy

Täze Qualcomm prosessory, goşa selfi kamerasy we esasy Leica kamerasy bolan Xiaomi Civi 4 Pro smartfony hödürlendi.
Xiaomi Civi 4 Pro egri gyralary, 1.5K durulygy (2750x1236 piksel) we 120 Gs täzeleniş tizligi bolan 6,55 dýuým AMOLED displeý bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, iň ýokary ýagtylygyň 3000 nit-e ýetýändigi, Corning Gorill...

Dowamy »

290 0
Sport, 1 year ago