Alymlar soňky wagtlar Portia urugyna degişli möýleriň geň galdyryjy ukyplaryna üns berdiler. Ratgers uniwersitetiniň ewolýusion biology Skott Trewersiň Forbes neşirinde ýazan makalasynda bellemegine görä, bu möýler özleriniň örän kiçijik nerw ulgamyna garamazdan, çylşyrymly we çeýe awçylyk endiklerini özleşdiripdirler. Portia — Afrika, Aziýa we Awstraliýada giňden ýaýran böküji möýleriň bir görnüşidir. Möýleriň köpüsinden tapawutlylykda, olar diňe kerebine iljek awuna garaşyp oturman, eýsem özleri-de awuň ugruna işjeň çykýarlar. Olaryň esasy nyşany köplenç beýleki möýler, käwagt bolsa özlerinden has uly we howply jandarlardyr. Portia möýleri aw usulyny öňünden peýleýärler, göz astyna alan pidalarynyň gözüne görünmezlige çalyşýarlar we ýüze çykýan şertlere görä öz taktikalaryny üýtgedýärler. Bu möýler örän duýgur bolýar, şonuň üçin olar üçin, nyşana alnan awuň goranyş reaksiýasyny oýatmazlyk örän möhümdir. 1996-njy we 1997-nji ýyllarda geçirilen barlaglar Portia möýleriniň öz ýalňyşlyklaryndan netije çykarmaga we awy wagtlaýynça gözden ýitse-de, ony tapmaga ukyplydygyny hem görkezdi. Käbir ýagdaýlarda bolsa, möýler awunyň özüni alyp barşyny üýtgetmek üçin bilgeşleýin yza çekilmegi-de oňarýarlar. Alymlar şeýle hereketleriň Portia möýleriniň aw meýilnamasy baradaky içki garaýyşlary kemala getirip bilýändigini öňe sürýärler. Neýronlarynyň az sanlydygyna garamazdan, olaryň ösen görüş ulgamy we maglumaty netijeli işlemek ukyby şeýle çylşyrymly endikleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir