​Google-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet emeli aň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin üç sany halkara bazarynda obligasiýalary (gymmatly kagyzlaryny) ýerleşdirip, iki günüň içinde 32 milliard dollardan gowrak serişde ýygnady. ​ABŞ-da kompaniýa 20 milliard dollarlyk obligasiýa satdy. Maýadarlaryň gyzyklanmasy uly bolup, isleg 100 milliard dollardan geçdi. Beýik Britaniýada Alphabet taryhynda ilkinji gezek bu bazara çykdy we 5,5 milliard funt sterling ýygnady. Şonuň içindäki 1 milliard funtlyk 100 ýyllyk obligasiýa IT pudagynda 1997-nji ýyldan bäri iň seýrek we iň uzak möhletli karz amaly boldy. Şweýsariýa bazarynda goşmaça 3 milliard şweýsar franky çekildi. ​Alphabet 2026-njy ýylda infrastrukturany ösdürmek üçin 185 milliard dollar harçlamagy meýilleşdirýär. Bu bolsa soňky üç ýyldaky jemi çykdajylardan hem köpdür. Kompaniýanyň ýyllyk girdejisi ilkinji gezek 400 milliard dollardan geçdi, hasabynda bolsa 127 milliard dollar nagt pul bar. Morgan Stanley-iň çykaran bahasyna görä, 2026-njy ýylda iri tehnologiýa ägirtleri jemi 400 milliard dollar töweregi karz serişdelerini çekip bilerler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir