Ýewroparlament 2040-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň 1990-njy ýyldaky dereje bilen deňeşdirilende 90% azaldylmagyna ses berdi. Bu maksat Ýewropa Bileleşiginiň 2050-nji ýyla çenli howa bitaraplygyny gazanmagyna gönükdirilendir. Deputatlar Strasburgda geçirilen umumy mejlisde ÝB-niň howa hakyndaky kanunyna üýtgetmeler girizmek boýunça ÝB-niň Geňeşi bilen syýasy ylalaşygy tassyklady. Ýewroparlamentiň resmi beýanyna görä, täze ses berişlik arkaly «arassa bug gazlarynyň zyňyndylaryny 1990-njy ýyldaky dereje bilen deňeşdirilende 90% azaltmak baradaky 2040-njy ýyl üçin aralyk we hökmany howa maksady» girizildi. Gaýtadan seredilen kanuna ÝB-niň strategik bähbitlerine garşy gelýän taslamalary maliýeleşdirmegi gadagan edýän düzgünler hem goşuldy. Ýewroparlament tarapyndan makullanan kanun ÝB-niň Geňeşi tarapyndan tassyklanandan soň, ol Ýewropa Bileleşiginiň «Resmi žurnalynda» çap edilen gününden 20 günden soň güýje girer.