MoneyTransfers hyzmaty dünýäniň iň gür syýahatçylyk ugurlary baradaky täze barlagyny neşir etdi. Express neşiriniň habar bermegine görä, reýtingde birinji ýeri ortaça bir ýerli ýaşaýja 118 syýahatçy düşýän Tailandyň Phuket adasy eýeledi. Phuket ýurduň esasy deňiz kurortlarynyň biri hasaplanýar. Ada özüniň Kata hem-de Karon çägelikleri bilen meşhurdyr. Beýle görkeziji haýran galdyrsa-da, alada goýýan taraplary-da bar. Meselem, syýahatçylygyň gyzgalaňly möwsümlerinde myhmanlaryň aşa köp bolmagy adanyň ýerli infrastrukturasyna we jemgyýetçilik ýerlerine uly agram salýar. Umuman alanyňda, ilkinji onluga Phuketden başga-da, Pattaýanyň we Krabiniň hem girizilendigi üçin Tailandyň bu sanawyň lideri bolandygyny-da bellemek gerek. Sanawda Ýewropanyň meşhur kurortlary hem ýer aldy. Gresiýanyň Iraklion şäherinde bir ýaşaýja 22 syýahatçy, Italiýanyň Wenesiýa şäherinde bolsa 21 syýahatçy düşýär. Hatda Wenesiýanyň häkimiýetleri gelýänleriň sanyny azaltmak üçin ýörite syýahatçylyk pajyny girizmek meselesine-de garaýarlar. Gresiýanyň Rodos adasynda hem her ýaşaýja 20-den gowrak syýahatçynyň düşýändigi hasaba alyndy. Onlugy bir ýerli ýaşaýja 18 myhman düşýän ABŞ-nyň Maýami şäheri jemleýär. Dünýäniň iň gür 10 syýahatçylyk ugry: Phuket, Tailand; Pattaýa, Tailand; Krabi, Tailand; Mugla, Türkiýe; Hurgada, Müsür; Makao, Hytaý; Iraklion, Gresiýa; Wenesiýa, Italiýa; Rodos, Gresiýa; Maýami, ABŞ.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir