Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy tamamlanýar. Desgany täze okuw täze ýylynyň başyna — sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bäş müň talyp üçin niýetlenen täze binalaryň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda alnyp barylýar. Gurluşyk işlerini «Nahal» hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirýär. Toplum 26 gektar meýdany eýeleýär. Toplumyň düzüminde 700 we 200 orunlyk mejlis zallary bolan dolandyryş-okuw binasy, fakultetleriň iki sany okuw binasy, mugallymlar üçin 12 öýli ýaşaýyş jaýy, 2000 orunlyk bäş sany talyp ýatakhanasy, 1000 orunlyk naharhana, 700 orunlyk kitaphana, 500 orunlyk stadion, sport zaly, üç sany sport meýdançasy we 200 awtoulag üçin duralga göz öňünde tutuldy. Şeýle hem hojalyk, tehniki we hyzmat ediş desgalarynyň gurluşygy meýilleşdirildi. Häzirki wagtda esasy gurluşyk işleri tamamlandy, binalaryň içki bezeg işleri dowam edýär. Ýakyn wagtda ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Italiýadan we Türkiýeden getirilen mebelleri we enjamlary gurnamak işlerine başlanar. Şonuň bilen birlikde, toplumyň töweregini abadanlaşdyrmak işleri hem alnyp barylýar. Täze talyp şäherçesiniň dabaraly açylyşy 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir