AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finaly tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary Aşgabatda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubuny kabul etdi. Paýtagtyň Olimpiýa stadionynda geçirilen oýun 0:1 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Oýna stadionda 45 müň adam tomaşa etdi. Ýeke-täk goly 19-njy minutda «Al-Nasryň» täze oýunçysy Abdulla Al-Hamdan geçirdi. Ol fewral aýyndan öň Saud Arabystanynyň beýleki bir topary bolan «Al-Hilýalyň» düzüminde çykyş edýärdi. Duşuşygyň dowamynda «Arkadagyň» futbolçylary garşydaşyň derwezesine birnäçe hüjüm gurnadylar, emma hasaby deňlemek olara başartmady. Oýnuň iki ýarymynyň hem ahyrynda «Arkadag» toparynyň öz derwezesinde has howply hüjümler bolup geçdi, emma derwezeban Resul Çaryýew agyr urgulardan soň topuň ugruny üýtgetmegi başardy. Ýeri gelende, «Al-Nasryň» Aşgabada özüniň esasy ýyldyzlaryny getirmändigini ýatladyp geçeliň. Oýundan öňki metbugat maslahatynda toparyň baş tälimçisi Žorže Žezuş munuň sebäbi baradaky soraga «oýunçylaryň güýjüni tygşytlamaly» bolýanlygy bilen düşündirdi. Toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy geljek hepde, 18-nji fewralda Er-Riýad şäherinde geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir