Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Grafika sungaty» atly sergi açylar

20-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Grafika sungaty» atly sergi açylar.
Muzeý ähli gyzyklanýanlary serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Dabara sagat 15:00-da başlanar.
Salgysy: Arçabil şaýoly, j. 50.
Habarlaşmak üçin telefon: (+993 12) 48-25-92.

Dowamy »

81 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Wengriýanyň Premýer-ministri Prezidentden 18-nji iýulda işden gitmegi talap etdi

Prezident Tamaş Şuýok Parlament tarapyndan Konstitusiýa girizilen 17-nji düzedişe laýyklykda, 18-nji iýuldan gijä galman işden gitmelidir, eger şeýle etmese, oňa garşy impiçment tertibine başlanylar. Bu barada Wengriýanyň Premýer-ministri Peter Madýar aýtdy.
Madýaryň: «Oňa (Prezidente) Esasy kanuna girizilen bäş günlük möhlet şenbe güni agşa...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Szinpin: Emeli aňyň ösüşi milli medeniýetlere zyýan ýetirmeli däldir

Emeli aňyň ösüşi we peýdalanylmagy dünýä siwilizasiýalarynyň hem-de milli medeniýetleriň özboluşlylygyna zyýan ýetirmeli däldir, ol adamyň gözegçiliginde bolmalydyr. Şeýle pikiri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin anna güni Emeli aň boýunça bütindünýä maslahatynyň açylyşynda aýtdy.
Szinpin emeli aňyň gymmatlyklary işlenip düzülend...

Dowamy »

104 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Fransiýanyň Parlamenti meýletin dünýeden gitmäge kömek etmek boýunça kanuny oňlady

Fransiýanyň Milli ýygnagy köpýyllyk çekişmelerden soňra dünýeden meýletin gitmek isleýän adamlara kömek etmek barada kanuny kabul etdi. Resminamany deputatlaryň 291-si goldady, 241 deputat garşy çykdy diýip, «Kazinform» agentligi habar berdi. Kanuna indi Fransiýanyň Konstitusion geňeşi tarapyndan garalar, eger makullansa, güýje girer.
Kanuna...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

«Ýeke özi öýde 2» filminde surata düşen aktrisa Brenda Friker aradan çykdy

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan ilkinji asly irlandiýaly aktrisa Brenda Friker 81 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Kazinform agentligi euronews.com neşirine salgylanyp habar berdi.
Brenda Friker 1990-njy ýylda «Meniň çep aýagym» atly biografiki dramada iň gowy ikinji plandaky zenan keşbini ýerine ýetirendigi üçin «Oskar» baýragyna mynasyp bol...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Şanhaýda geçirilen emeli aň boýunça maslahatda çykyş etdi

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew 17–20-nji iýul aralygynda Şanhaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä emeli aň boýunça maslahatyň (WAIC 2026) çäklerinde ýurduň Emeli aň boýunça milli strategiýasyny işläp taýýarlamak ugrunda işjeň iş alyp barýandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu resminama innowasiýalary ornaşdyrmak, ýokary...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Robert de Nironyň täze filminiň treýleri çykdy

«Netflix» striming platformasy «Penjiräniň aňyrsyndaky pyşyrdy» (The Whisper Man, 18+) atly täze gorkuly detektiw filmiň ilkinji treýlerini paýlaşdy, onda baş keşpleri meşhur aktýorlar Robert de Niro («Bir gezek Amerikada», «Tutluşyk») hem-de Adam Skott («Bölünişik», «Ullakan kiçijik ýalan») ýerine ýetirýärler diýip, «rg.ru» ýazýar.
... Aýal...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Ak tam: Tramp futbol boýunça dünýä çempionlygynyň finalyna gatnaşar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Nýu-Ýorkda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) hormatyna kabul edişlik guramakçy hem-de futbol boýunça dünýä çempionlygynyň Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky final oýnuna tomaşa etmekçi. Bu barada Ak tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Liwitte salgylanýan TASS habar berdi.
Çempionatyň 19-njy iýulda geçjek...

Dowamy »

101 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkiýe Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurduň Türkmenistandaky täze ilçisini bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. Degişli çözgüt «Resmi Gazete» neşirinde çap edildi.
Resminama laýyklykda, Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine ozal Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça jogapkär Baş müdiriniň or...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Tbiliside resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Tbiliside Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Gruziýanyň Hökümet binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow...

Dowamy »

74 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Serdar Berdimuhamedow Tbiliside Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Şu gün Tbiliside döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Hökümet binasynda geçen ikiçäk duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaş...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary halkara rus dili olimpiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular

Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan onlaýn görnüşinde geçirilen «Rus dili we ülkäni öwreniş» dersinden halkara olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda belleniliş...

Dowamy »

85 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Germaniýanyň kansleri Bundestagda zenanlaryň azdygyndan nägilelik bildirdi

Häzirki wagtda Bundestagyň (Ministrler Kabineti) fraksiýalarynda zenanlar juda az hem-de wajyp meselä öwrüldi diýip, Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers Berlinde geçen metbugat maslahatynda aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«Bu ýagdaý, gynansagam, meniň fraksiýama aýratyn degişlidir. Biz bu meseläni çözmäge jan edýäris. Men zenanlaryň syýasata...

Dowamy »

93 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanly diplomat Brýusselde birnäçe gepleşikleri geçirdi

Brýussel şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar sebit we halkara howpsuzlygynyň derwaýys meselelerini, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanyň Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy – sugunlary gorap saklamagyň ygtybarly mekanydyr

Türkmenistanyň çäginde sugunyň Merkezi Aziýada ýaýrap, seýrek duş gelýän we ýok bolmak howpy abanýan kiçi görnüşi bolan buhara suguny ýaşaýar.
Buhara suguny agramy 100 kilogramdan geçýän, syratly, owadan beden gurluşly iri haýwandyr. Erkek sugunlaryň şahlary owadan şahalanýar. Sugunlaryň şahlary hemişelik bolmaýar: jübütleşik möwsümi tamamla...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistan we Gruziýa saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myratberdi Gaýypow Gruziýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we durmuş goraglylygy ministri Mihail Sardžweladze bilen duşuşdy. Bu barada «frontnews.ge» neşiri habar berýär.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýa amala aşy...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Gruziýanyň maliýe ministri Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň strategik ähmiýetini belledi

Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyndan hyzmatdaşlyk iki sebitiň arasyndaky söwdany we maýa goýumlary mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu barada Gruziýanyň maliýe ministri Laşa Hutsişwili Türkmen-gruzin işewürlik forumynda eden çykyşynda aýratyn belledi. Ministr iki ýurduň arasyndaky söwda we maýa goýum gatnaşykl...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Netflix-de görkezilen «Men gorkamok» trilleri indi Belet platformasynda elýeterli

“Belet” platformasynda dünýäniň iň köp ara alnyp maslahatlaşylan täze seriallaryň biri bolan «Men gorkamok» (No tengo miedo) atly meksikan drama-mini serialy tomaşaçylar üçin elýeterli boldy. Taslamanyň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Netflix platformasynda geçirildi we birnäçe günden soň serial platformanyň iň köp tomaşa edilen ilki...

Dowamy »

86 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Slawko Winçiç futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna baş emin bellenildi

Sloweniýaly emin Slawko Winçiç futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna baş emin bellenildi. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi.
Çempionatyň final duşuşygynda Argentina bilen Ispaniýanyň milli ýygyndylary 19-njy iýulda duşuşarlar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar. Winçiçiň...

Dowamy »

106 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmen wekiliýeti bilen Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyklar geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysy Lewan Žoržolianiniň arasynda duşuşyklar geçirildi.
Gruziýanyň hökümetiniň berýän maglumatyna görä, söhbetdeşlikde dürli ugurlar boýu...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago