Nikaraguanyň Prezidenti saýlawlary ýatyrýandygyny yglan etdi
Nikaraguanyň Prezidenti Daniel Ortega ýurtda oppozisiýanyň häkimiýet başyna gelmegine ýol bermezlik üçin mundan beýläk saýlawlaryň geçirilmejekdigini mälim etdi. Bu barada «The Guardian» agentligine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
«Mundan beýläk olaryň (garşylykçy partiýalaryň) häkimiýeti eýelemäge synanaşyk etmezligi üçin saýlawlar bol...
Türkmenistanyň IIM-niň ministriniň orunbasary BMG-niň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça mejlisinde çykyş etdi
20-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň 104-nji umumy mejlisiniň çäklerinde dünýäde ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga bagyşlanan ýokary derejeli mejlis geçirildi. Onda Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan ýurduň içeri işler ministriniň orunbasary Öwezgeldi Kakalyýew çykyş etdi.
Ministriň oru...
Ýaponiýada adamlar üçin sowadyjy bilen tanyşdyrdylar
Ýaponiýanyň «SDRS» we «Trusco Nakayama» kompaniýalary adamlary adatdan ýokary temperaturada iş wagtynda gyzmakdan goramak üçin niýetlenen «Do Hiemon Box» serginlediji kabinany döretdiler. Ol daşyndan göräýmäge, ullakan sowadyja (holodilnik) meňzeş diýip, «GizmoChina» neşiri ýazýar.
Enjam ilkinji noabtda gurluşyk pudagynyň, zawodlaryň, ambarl...
Türkmenistanyň basketbol federasiýasy resmi saýtyny işe girizdi
Türkmenistanyň basketbol federasiýasy (TBF) tkm.basketball salgysynda resmi saýtyny işe girizdi. Bu barada federasiýanyň tehniki direktory Bagtyýar Ibragimow habar berdi.
Onuň sözlerine görä, täze internet çeşmesi janköýerlere, türgenlere we tälimçilere ýaryşlar, milli ýygyndylaryň düzümleri, olaryň gazanan netijeleri barada maglumatlary alm...
Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy resmi saýtyny işe girizdi
Türkmenistanyň şaýbaly hokkeý federasiýasy tkmihf.com salgysynda resmi web saýtyny işe girizdi. Internet çeşmesi türkmen, rus we iňlis dillerinde işleýär. Saýtda ýurduň milli hokkeý ulgamynyň gurluşy, erkekler milli ýygyndysy, şeýle hem U20 we U18 ýaş derejelerindäki ýetginjekler ýygyndylary barada maglumatlar ýerleşdirilýär.
Saýtda Türkmeni...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen...
Prezident, BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy mähirli kabu...
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, t...
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Mejlisiň dowamynda 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Gurama...
Türkmenistanda «e-TIR» sanly ulgamy boýunça maslahat geçirilýär
20-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda halkara «e-TIR» sanly ulgamynyň ulanylmagy bilen ilkinji ýük daşamalaryny amala aşyrmak boýunça utgaşdyryjy meselelere hem-de tehniki goldaw bermäge bagyşlanan bäş günlük maksatnamalaýyn çäreler başlandy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenist...
Türkmen sungatynyň wekilleri Moskwada geçirilen teatr forumyna işjeň gatnaşdylar
Türkmen teatr sungatynyň wekilleri 13–17-nji iýul aralygynda Moskwada geçirilen «Halkara teatr hyzmatdaşlygynyň günleri» atly bilim forumyna işjeň gatnaşdylar.
Forumyň maksatnamasyna teatr işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw sapaklary we ussatlyk sapaklary, taslama okuw seminarlary, tegelek stol mejlisi, «Teatr — dialog...
Endi Bernem Beýik Britaniýanyň Hökümet başlygy wezipesine girişdi
Beýik Britaniýanyň ýurdy dolandyryjy Leýboristler partiýasynyň täze lideri Endi Bernem Patyşa Karl III hökümeti düzmek barada tabşyryk alandan soňra Premýer-ministriň wezipesine girişdi. Bukingem köşgünde Patyşanyň täze Premýer-ministri kabul edişliginden görnüşleri onuň metbugat gullugy ýaýratdy.
Şunlukda, 56 ýaşly Bernem 2022-nji ýylda tag...
Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler
1-nji awgustda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler.
Geçirilýän ýeri: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasy.
Jemgyýetçilik kabul edişligi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgab...
Ispaniýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyndaky ýeňşini Madridde dabaraly ýöriş bilen belläp geçdi
Futbol boýunça dünýä çempiony bolan Ispaniýanyň milli ýygyndysy watanyna dolanyp geldi we Madridiň merkezinde üsti açyk awtobuslarda geçirilen dabaraly ýörişe gatnaşdy. Ispaniýanyň Patyşasy Filip VI olary garşylamak dabarasynyň başyny çekdi. Şeýle-de futbolçylary ýurduň Premýer-ministri Pedro Sançes kabul etdi — diýip, aljazeera.com saýty habar ber...
Türkmenistanyň döredijilik wekilleri Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň festiwalynda sylaglara mynasyp boldy
Türkmenistanyň wekilleri 16–17-nji iýul aralygynda Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna gatnaşdylar.
Halkara festiwaly Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi bilelikde gurady.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine döre...
Halkara futbol federasiýasy dünýä çempionatyndan 15 milliard dollar girdeji alar
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) geçen ýekşenbede tamamlanan 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň jemleri boýunça 15 milliard dollar girdeji almagy çaklaýar. Bu ilkibaşda çaklanan 11 milliard dollardan has kändir.
Habarda guramanyň prezidenti Janni Infantinonyň FIFA-nyň agzalaryny ýaryşlaryň maliýe jemleri bilen habarly edendi...
Dünýä çempionatynyň finalyndaky dawa sebäpli Argentinanyň ýygyndysynyň futbolçylaryna jeza çäreleri ulanylyp bilner
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionlygy ugrunda Argentina bilen Ispaniýanyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlanan badyna MetLife stadionynyň meýdançasynda ýüze çykan wakany derňemek üçin etika we düzgün-nyzam meseleleri boýunça prokurory belledi — diýip, bbc.com saýty habar berýär.
Duşuşyk Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 1...
Hindistandaky süýşgünler we sil joşmalary on dokuz adamyň ömür tanapyny üzdi
Hindistanyň demirgazygynda güýçli süýşgünlerdir sil sebäpli 19 adam gurban boldy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Birnäçe adam dereksiz ýiten hasaplanýar. Gözleg-halas ediş işleri dowam edýär. Çabgalar netijesinde ýerli derýanyň suwy iň ýokary derejä ýetip, gatlany ýykdy. Peslikdäki ilatly ýerler suwuň astyna gitdi. Jammu we Kaşmir ştatlarynda s...
Eýran Mary şäherine täze baş konsulyny belledi
Eýranyň Mary şäherdäki täze baş konsuly bolup Seýed Mostafa Hosseýnipur bellenildi. Gulluk işine ugramazdan ozal diplomat Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Abbas Arakçi bilen duşuşdy. Duşuşykda konsullygyň ileri tutulýan iş ugurlary barada gürrüň edildi, bu barada EYR hökümetiniň X sahypasynda habar berilýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda Ar...
Perudaky iki ýer titreme adam pidalaryna getirdi
Perunyň daglyk etrabynda bolan ýer yranmada alty adam pida boldy, 21 adam şikes aldy diýip, «Reuters» agentligi habar berdi.
Bu ýurduň Milli seýsmologik merkeziniň maglumatlaryna görä, 18-nji iýulda Hunin sebitiniň Çupaka ülkesinde güýji 5,1 we 3,7 bala deň bolan iki sany ýerasty sarsgyn hasaba alyndy.