Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurduň Türkmenistandaky täze ilçisini bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. Degişli çözgüt «Resmi Gazete» neşirinde çap edildi. Resminama laýyklykda, Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine ozal Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça jogapkär Baş müdiriniň orunbasary wezipesinde işlän Şener Jejebiji bellendi. Ol bu wezipede 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýolbaşçylyk edip gelen Ahmet Demirokyň ornuny tutar. Türkiýe döwletiniň Baştutanynyň şol bir permany bilen, ozal Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň daşary syýasat meýilleşdiriş we utgaşdyryş boýunça Baş müdiri wezipesini ýerine ýetiren Razziýe Bilge Koçýigit Türkiýäniň Ýewropa Geňeşindäki Hemişelik wekili wezipesine bellendi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir