Seykin basyp yörüyşine mayyl men, ynjydaysam kyrk gamçy payym men, Segsen günlap açlygada kayyl men, Yöne welin gülüp dursun gül yüzün! Gara başym sen ugrunda goyayyn, Yollaryny sabyn bilen yuwayyn, oniki işşek,yetmiş sygyr soyayyn, Yöne welin gülüp dursun gül yüzün! Ökjeli köwşüne bagjyk bolayyn, İslesen gapynda güjük bolayyn, Gülgüne boynuna monjuk bolayyn, Yöne welin gülüp dursun gül yüzün! Gaynat diysen gaynadayyn çayyny, İslesen iymayin nahar payymy, Kömekçin edeyin bekçi nayymy, Yöne welin gülüp dursun gül yüzün! Baymyrada yuwdyrayyn tabagyn, Getireyin daşyny Köpetdagynyn, Kontury bolayyn sotowoyynyn, Yöne welin gülüp dursun gül yüzün! Kakamyrat neylesin dünye malyny, Men sana bagş edeyin hany-manymy, Yalan bolsa bu sözler alsyn janymy, Yöne welin gülüp dursun gül yüzün! K.Bayramow

Köneler, jalaylar tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir