Salam talyplar! Ähliňizi ýaryşa gatnaşmaga çagyrýaryn! Bu ýaryşda ähli kişä bir surat berilýär. Ol surat reňksiz. Indi biz şol suraty kompýuterdaky programmalaryň kömegi bilen (meselem: Paint, Photoshop...) özümiz reňklemeli. Kimiňkiniň reňkleri has owadan we şol surata ylaýyk bolan bolsa şol agzany ýeňiji diýip hasaplaýarys we baýrak berilýär. Duruň! Duruň, howlugybermäň! Ýaryş 3 tapgyrdan ybaratdyr. Her tapgyrda bir surat. Iň birinji suratymyz aňsat, ortadaky kyn, iň soňky surat bolsa has kyn suratdyr! Öňdäki suratlary öňünden görkezilmeýär, diňe wagty gelende görkeziljekdir! Baýragyňyzy bolsa ýakynda bu sahypada \"gapjyk\" açyljak. Ýeňijä şol gapjykdan azajyk pul beriler (açylan wagty). Ine onda iň 1-nji reňklemeli suratymyz şu suratdyr: Ine meniň mysal üçin edenim: Egerde bu ýaryş hakynda teklipleriňiz, pikirleriňiz, soraglaryňyz bar bolsa onda hökmän aşakda bildiriň! Ýaryş başlady!

Köneler, agajanh tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir