Soňky temalary okap bir zat gaty ünsümi çekdi we türkmenleriň demokratiki, azat pikir edip bilmeyanligi bilen siziň ýazýan zatlarynyz arasynda baglanşyk gurdum özümçe. Türkmenlerin özüçe türkmençilik kesgitlemesi bar. Menin pikirimçe şu döwürde ol türkmençilik pikiri bilen türkmenler hiç haçan ösüp bilmeyarler hat-da yzlygyna gidyarler. Döwrebaplaşmakdan yzda galyarlar. Bu döwürde ösmek üçin birinji bilen demokratiya iň esasy şert, ondan sonra bolsa azat düşünje hukugy we islan zadyny aydyp bilmeklik erkinligi (freedom of speech) duryar. Bular gysgaça aydayda herkimin birek biregin durmuşda saylan yaşayiş hiline (life style ) uly hormat goymaklygy diymekdir. Her kim birek biregi birahat etmezlik şerti bilen öz islan zadyny edip bilmeklik diymekdir. Men hiç kimin durmuşuna sokulşmaly dal, onun öz azatlygyny özüne bermeli, öz yradasy bilen yöremegine yol bermeli. Saylan yoluna bolsa uly hormat goymaly. Sana pikir soralsa sen maslahatyny ber yöne hiç haçan senin beren maslahatyny hökman etmekligine, senin düşünjelerine hökmany suratda boyun egmekligine garaşma. Senin pikirlerine göra dogry zatlar başga birinin pikirlerine göra dogry dal bolmaklygy mümkin, şu pikiri hiç haçan yadyndan çykarma sen türkmen. Şu yerdaki gyzyn ya-da oglanyn ellenmekligi kabirleriniz üçin yalnyş, kabirleriniz üçin bolsa dogry. Kimin üçin yalnyş bolsa dogry kabul edene hormat goymaly, sebabi bu onun öz saylan durmuş hili. Namaz okayan namaz okasyni ateist bolmak isleyan ateist bolsun, hijab geymek isleyan hijab geysin, tahya geymek isleyan tahya geysin, geymek islemeyan geymesin. Ine demokratiya. Yene has möhüm bir zat diyjek, hemme zatdan önürti adamçylyk gelyandir. Adamyn durmuşdaky in gymmatly zatdygy barada diyyan. Bir yurtda, yurdun adamlarynyn kellesinde erkinlik düşünjesi yok bolsa onda ol yurt bu döwürde ösmez diyip pikir edyan. Menin yazgyma yazjak jogaplarynyza şuwagtdan uly hormat goyyan.

Köneler, asuda tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir