Menden "näme üçin dinden çykdyň?" diýip soraýarlar;
Musulman ene-atam bar, menem musulman edip ýetişdirdiler. Din baradaky rowaýatlaram gowy görýärdim. Gepleýän garynjalar, ýylana öwrülen hasa we ş.m.
16-17 ýaşlarymda namaz okamana başlapdym, agyz beklärdim doga-da ederdim. Sebäbi heniz gurhany okap kellämi bulaşdyrmandym.
Ýokary okuwymy dynyp işe başlapdym. Işimiň daşyndan kosmos, bilim bilen gyzklanyp başladym (bir musulman üçin howply). Şolar barada kitaplar, žurnallar okaýardym we dokumental wideolar görýärdim.
Özüme şu soragy berdim:
Kosmos nähili ulylykda?
Älemiň (Universe) nähili uludygy aklym alanokdy. Sebäbi kellämde biziň Ýer şarymyz hemme zadyň merkezidi, Allah hemme zady biziň üçin ýaradypdy.
Asmanda görýän ýyldyzlarymyz Ak maýanyň ýoly (Milky way) galaktikasynyň kiçijek bir bölegidi.
Kosmos suratlaryny we illustrasiýalaryny göremde soňy görünmez arşa göz ýetirdim. Dünýä synag ýeri bolsa, ýüz milliardlap galaktikalaryň näme geregi bardy?
Kelläm şeýle bir bulaşykdy welin hökman bir netijä barmalydym. Planetalaryň atmosferalaryndan başlap gara deşiklere çenli okadym.
Älemde şeýle bir köp hereket bar; Pulsar ýyldyzlar, nebulalar, super nowalar, asteroidler, galaktikalaryň çaknyşygy, garaňky materiýa we ş.m… Hemmesi barada okamak, bilmek örän gyzyklydy. Özümçe bir-zatlar öwrenýärdim. Ýer şary barada-da içgin gyzyklanmaga başladym. Ýer şary nädip döredikä diýip gyzyklandym. Bu barada okadykça netijede öňüme ewolýusiýa çykdy.
Ahow, men ewolýusiýa ynanamoga?!
Bolýar, ynanamok ýöne näme üçin ynanmaýanymam doly bilemok. Diňe ynanjymdan galan refleksdi belki-de. “Musulman ewolýusiýa ynanmaly däl” diýip ýerleşipdi kelläme.
Ewolýusiýa barada okap başlamda şeýle bir garşy pikirlerim bardy bu barada.
Charles Darwin-iň durmuşyny okadym “bu şeýtana ynam ýok” diýip.
Darwiniň durmuşyny we bize näme düşündirjek bolanyna düşünemde oýa batypdym, ýaşaýyşyň nämedigine düşündim.
Indi “hakykady gözlemelimi ýa-da özümi aldamalymy?” diýip pikir etdim. Bu meniň üçin aýgytly ädim boldy, “hakykady gözlemeli” diýen karara geldim.
Dindar hristiýan maşgaladan bolan Charles Darwin hem aýaly Emma bilen soňsuz jennetde ýaşamagy arzuw edenem bolsa tapan hakykadynyň yzyndan gitdi.
Meň dinim bilen meseläm ýokdy, ynanýardym we namazam okaýardym, ýöne hakykatlar we ertekil arasyndaky çyzgyny görüpdim.
Ewolýusiýanyň ýalandygy barada ýazylan ylmy makala ýok, ewolýusiýa grawitasiýa ýaly, Ýeriň Günüň daşyndan aýlanyşy ýaly bir hakykatdy. Hemme subutnamalar bar.
Muny halamadym, bilenim gowy bolmady.
Derrew ömrümde gatyny açyp görmedigim Gurhana ýapyşdym. “Allajan bul zatlar hakykat bolmawersin” diýip düşünýän 2-3 dilimde deňeşdirip Gurhany okadym.
Gurhany okan wagtym bir zada göz ýetirdim; bu kitap häzirki wagtda bilimiň bilýän zatlaryny bilenok we hat-da ýalňyş bilýär. Mysal üçin Ýeri togalak däl-de tekizlik diýip bilýär.
Spermiň testis-lerden däl-de gapyrgaň töwereklerinden gelýänini aýdýar.
Ilki Ýer soň Universe ýaradyldy diýýar. Asmany Allah saklamasa gaçar diýýär.
Günbatara tarap ýöreseň Ýeriň soňuna barjagyňy we ol ýerde Gün palçyga batýanyny aýdýar.
“Allajan bu zatlary sen ýazdyňmy?” diýdim içimden ep esli wagt.
Gurhany okadygymça haýran galýardym. Muňa ejem-kakam, dostlarym, goňşularym hat-da dünýäde 1,5 milliard adam ynanýar. Emma bu kitap ýalňyş, nähili boldaý? Uniwersal dälmidaý?
Ýadyma düşýäni, Azhab süresi 53-nji aýady okapdym. Okanymdan soň “Muhammet biz aldapdyr” diýip gygyrasym geldi. Ýogsa-da Gurhanda hasam gülkünç aýatlar bar. Mysal üçin; Muhammet aýallary bilen haýsy nobat boýunça ýatjagyny aýdýan aýat Azhab 51.
Meň häsýedim, aldasalar, adalatsyzlyk etseler bolamok.
Aldanandygymy bilemde dünýäm biabat boldy. Jennede gitmek arzuwynda gezip ýörkäm diniň diňe bir syýasy gurandygyna göz ýetirdim.
Köp wagtlap içimi hümledip gezdim. Sebäbi öwrenen zatlarymy hiç-kime aýdyp bilmedim.
Kellämde bir sorag bardy:
“Muhammet, näme üçin, näme üçin beýetdiň? Saňa 1,5 milliard adam ynanýar ýöne sen hemmämizi aldadyň, näme üçin?”
Gurhana düşünmek üçin haýsy hronologiýada we näme sebäpden ýazylandygyna düşünmelidim we menem şeýtdim. Her aýadyň sebäbini idedim.
Uzadyp aýatlary ýazyp oturmaýyn ýöne Mekgede wagty parahatçylykly, Medine-de wagty bolsa hüjüm ediji psihologiýa bilen hereket edipdir söýgüli pygamberimiz.
Ýaşlygynda garyp we söýgüsiz ulalypdyr. Iki gezek guda gidilip kowulypdyr. Kureýşlileriň puly we gyrnaklary hem barka ol garyp we sallah.
Ambisiýa edinipdir, özüni gamçylapdyr. Ilki baý ýöne ýaşy gidişen aýala (Hatyja) öýlenipdir. Puly bolansoňam bir-birden planlaryny durmuşa geçiripdir.

Dinleriň taryhyny okadym.
Taňry we Şeýtanyň taryhda nädip dörändigini gözledim.
Hemme zat mälim boldy.
Ýewreý patyşalaryň Töwratda toslan dini buýruklar Injile we Gurhana göçürilipdir.
Ol patyşalara-da Muhammet “pyýgamber” diýipdir.
Muhammet şahsy bähbitleri üçin döreden dinini ilki bada Mekge we töweregi üçin göz öňünde tutupdyr (Enam süresi 92-nji aýady okap bilersiňiz).
Medinelileriň Mekgelilere bolan ýigrenjini ulanyp, güýçlenip soňky döwürlerinde bolsa “bütin älem üçin”, ýagny uniwersal kitapdygyny aýdýar.
Dinleriň ýalandygyna göz ýetiremde özümi açyk dälihanada ýaly duýdum. Hemme kişi allanan ýöne düşündirip bileňok.
Adamlaň ýakasyndan tutyp “samsyk bolmaň, haýyş, okaň!”, “bizi allapdyrlar” diýesim gelýär, ýöne…
Damagy çalynýan kapyrlar, gul-gyrnak edilenler, elleri-aýaklary çapylanlar, din-Muhammet diýip halkyň puluny iýenler… hemmesi bu ýalanlaryň netijesi.
Bulary görüp içiň ýanman saklanmak mümkin däl.
Musulman wagtym mümkindi. Sebäbi “Alla bar, ol dünýede hasap bererler”, “olar hakyky musulman däl” diýerdim.
Dini soraglamsoň ýagdaý üýtgedi. Eger Allah ýok bolsa muny edenler etmişleri üçin jogapkärçilige çekilmez, hezil ederler. Onda birzatlar etmeli diýdim.
Meselem, eli ýa aýagy ýok birine musulman seredip öz halyna şükredip geçer, ýöne dinsiz bir şükür edip bilmez, protez ýasamagyň ugruna çykar.
Ýa-da erbet işe baş goşan musulman “şeýtana uýdum, toba edýärin” diýip sypandyryn öýder ýöne dinsiz muny diýip bilmez, ölýänçä wyždany bilen ýüzleşmeli bolar, hasap berer.
Dinden çykan biri bolmak bu sebäpden kyn. Sebäbi ol ýokardaky göze görünmeýän dostuň ýokdyr, wyždanyňyz bilen baş-başa galýärsyň.
Men Gün hudaýyna çokunma ybadadyny edip, Äl-ilah atly gadymy Müsür taňrysyna çokunýan we ýewreý dilinde ady “Gehinnom” bolan Ýerusalimdäki ölüleriň ýakylýan oýyna ölemsoň gitjegimi pikir edýän adamlar bilen ýaşaýaryn.
Men Müsür taňrysy Amon-a çokunanlaryň ýalbaryşyndan göçürip alynan we her dilege “ämin” diýýän adamlar bilen ýaşaýaryn.
Men asly ýewreýçe bolan “şalom alekum”-y taňryň salamydyr öýdip “salam aleýkum” diýýän adamlar bilen ýaşaýaryn.
Ähli bu adalatsyzlyklara wyždanym razy bolmansoň elmydama Yslamyň we şol sanda adamzada zyýan berýän ähli ynançlaryň garşysyna çykyş ederin.
Diýjegim şular.

Sorag-jogap, Panturkist tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir