sebapsiz çöp başy gymyldamazmysh,

sabyr eyleyip,şükür edelin hudaya,
kyrk yyl gyran gelse bile,ajaly yeten olermish,
\"ilde gelen,toyda bayram\"şükür edelin hudaga.
.............
owal ata bilinden damla-damla yol alyp,
sonra ene garnynda bolek,lagta gan bolup,
giň jahana geldik biz,yazgyt bize yar bolup,
yazdygyna yazgydy,şükür edelin hudaga.
...........
ilkibashda ümbilmez günasizje chagadyk,
sonra durmush yollarynda hata baryn yashadyk,
bakyp bir gun geçmişe,oturuplar agladyk,
gecsin diyip günälerimiz,toba edelin hudaga.
.............
dokuz aylap goterip,ak suyt berip ulaldan,
bu dunyade barlygyňy ilki b/n owreden,
\"ene\"beyik keramatdyr,goy olara yaradan,
bersin uzak yashlary,yalbaralyn hudaga.
..............
\"ata gazaby\"yaly diyerler her bir zaman,
söyer ol perzendini,söygüsini bildirman,
zuryat dowam etse yolun,galmaz onda hich arman,
galmasynlar armanda,sejde edelin hudaga,
...........
gör neneňsi hezildi,okuw-mekdep yyllarymyz,
ylmy bize owreden,eziz mugallymlarymyz,
goy bizlerde elmydam,olar u/n soygimiz,
egsilmesin yurekde,dileg edelin hudaga.
.............
dokuz yyllap bile okan,mährem deňi-duşlarymyz,
ussatlardan ak pata.alyp guş dey ushduk biz,
hazir bolsa uzakda,bilmen nirde galyp siz,
aman-esen gezin siz,ynanyplar hudaga!!!

Köneler, garabekewul tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir