Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Ýaňyja Harmandäli ýaş bir oglanyň ölümini gynanç bn habar berip, ölüm barada menden sorag sorady, men hem öňem goýan \"ölüm\" mowzugymy arhiwden çykaryp goýmagy makul bildim. Mysal berip başlaýyn başda: Barde birini gordum, 53 yashlarynda biridi. Barik(UK) gelip, yerli bir zenan bn durmush guryar, olaryn cagasy bolyar we 14-15 yashlarynda, “ak yol”-daky ulanyan dermanynyn guyjinden beyleki tarapa ruhy yel yasan ekeni. Ona gynanyp yorshune, 6 ay onurak kakasy hem yogalyar. Hasam gynanyp gezip yorshune, 1-2 ay on goren ejesi hem wepat eden ekeni dun. Onson ol menin bir tanyshymyn yanyna gelip, bashda gulup, shadiyan boljak bolupdy. Men ony on hic-hili gormandim we tanamokdym. Mana-da oyun eden boldy, guldi, sona-baka bolsa, aglap bashlady hem-de oz-ozune:”Men name etdim, men shu wagta denic hayra degishli hic zat etmedim, gaytam, arakdyr keypden galmadym, hic pul uyshurmedim, yashymam bir cene bardy, galyberse-de, menin ilki oglumy aldy, son kakamy, indem ejemi aldy, indi bir men galdym, indi men name etmeli!?...” diyip hem aglayar, hem-de aram-aram sowunyardi. Ona teselli bermage synanyshdyk. Garaz, oran tukatdy, kan bir peydasy bolmadyga menzeyar bizin tesellimizin. Ozi hem shu wagta cenli duzgun gezmedigini aydyp durupdy, “…mana Alla name ucin komek etsin!?...” diyyardi birem. Hawa, yany-yakynlarda barden hem birnace agzamyzyn mashgalasyndan we garyndashdyr dost-yarlaryndan wepat edenler bar bolmaly. Ayratyn blog acylyp teselli hem berlipdi, bash saglygy we sabyr dilenipdi, merhumlara-da Allanyn rehmeti dilenipdi we sh.m. Shol mynasybetli, “biz nireden geldik, name ucin geldik we nira baryarys, olum gowymy ya erbet..?!” yaly birnace soraga ozumce bir zatlar yazmakcy. Mundan on hem kabir yerlerde bu yagday barada ayatdyr hadyslar bn birnace yazgy yazylan bolmaly. Olum barada Gurhanda Mulk(=Tebarek) suresinin 2-nji ayatynda sheyle diyilyar: ”Ol haysynyzyn has gozel amal etjeginizi synamak ucin olumi we durmushy yaradandyr. Ol sonsuz kuwwatyn eyesidir, kop bagyshlayandyr!”. Bakara suresinin 153-nji ayatynda bolsa: ”bizi Alla yaratdy(geldik) we donushimiz(barjak yerimiz) hem O\'na bolar!” diyilyar. Olum barada Gurhanda birnäçe ayatlar bar. Olum barada bir hadysda-da:”Pygamberimiz(SAV) sheyle diydi:\"5 zadyn gadyryny (oz layiklygy bn) biliň! Olar: 1- Garramakanyz yashlygynyzyn; 2- Syrkawlamakanyz saglygynyzyn; 3- Garyp bolmakanyz baylygynyzyn; 4- Bashagay bolmakanyz bosh wagtynyzyn; 5- Olmakaniz bolsa durmushynyzyn” diyilyar. Garaz, olum bir hakykat, wagty gelende, hemmamizi gelip tapar we dunyamizin uytgemegine sebap bolar. Bu alem, bilshimiz yaly, sebapler we synaglar alemi, beyleki alem bolsa, sylaglar we jezalar alemi. Bu dunyade nahili amal eden bolsak, jinnek yaly hem bolsa, shol amallarymyzyn netijesini yene-de shol amallarymyza gora gormezligimiz mumkin dal, muny yene-de Gurhandan birnace ayatlar subut edyar. Meselem, Zilzal suresinin sonky 2 ayatynda:”Zerre mukdary hayir ishleseniz, sogabyny alarsynyz! Zerre mukdary sher ishleseniz, jezasyny cekersiniz!” diyilyar, Bakara suresinin sonky ayatlarynda-da: ”Herkimin gazanany(hayir amal) ozune, etjegi (sher) hem ozunedir. Rebbimiz! Unutsak ya-da hata etsek bizi hasaba cekme!”diyilyar. Indi bolsa, yokarda yazan soraglaryma ozumce jogap bermekci: ”1-Nireden geldik we nira baryarys!?” Ruhlar aleminden ata sulby bilen birlikde ene rahmyna(gowresine), ol yerden bu dunya, bu dunyaden ilkinji olume, yagny, gabra, son gabyrda Munker-Nekir Melekleri tarapyndan hasaba cekilmek ucin Alla tarapyndan birinji direldilishe, son Kiyamatyn gopmagyna cenli oli yatmagyn ucin 2-nji olume, son Kiyamat gopanson, esasy we 2-nji direldilishine, son Magshar Meydanyna, son Tereza, son layiklygyna gora Araf(orta yer), Jennet we Jahenneme gidersin. Ensalla, hemmamiz Jennet, Jemalullah we Pygamber gonshulygyna layik bolarys! ”2-Name ucin bu dunya iberildik!?” Gurhanda biz ynsanlary (shol sanda, jynlary hem)yaradyp dunya yuzune ibermeginin yeke-tak maksadyny (Ishlap ryzyk(ryzkyn 9/10-y sowdadadyr-hadys) gazanmagyn, bu dunyade Pygamber sunneti bolan oylenmegin, oylenip hayirly cagalara eye bolmagyn we sh.m. shahsy adatlaryn dashynda) yene Ozuni(Allany) tanap O\'na doly tabyn bolmagymyzy we Ozune ybadat etmegimiz hokmunde tanadyar. Mundan onunca bolsa, yene Gurhanda Onun Ozi (Alla) Adam atadan kiyamatyn gopjagy wagta cenli gelip-gecjek ynsanlaryn ruhlaryny yaradyp, Ruhlar Aleminde ynsanlardan shol maksat boyunca soz alanyny we bizi yer yuzune iberenini aydyar. Mundan dashary, butun kainaty yaradyp, yer yuzundaki Oz Halypasy bolan biz ynsanlara beyleki mahluklary komekci hokmunde beripdir. Bizi her-hili naz-nygmatlar bn doyuryar. Mashgala, caga, baylyk we sh.m. nygmatlar beryar. Ozune yokarda yazylan maksada layiklykda yashan bendelerine, Jennetde baky bir lezzet hodurlapdir. Ynha, shular we sanap bolmajak sheyle uly nygmatlara shukur we sag bolsun hokmunde, hem-de Baky Jenneti, Jemalullahy we Pygamberimizi gonshulugy gazanmagyn caresi, shol maksada layiklykda yashamak. Dunya ishlerimizin yanyndan Allanyn boynumyza borc goyan parz ybadatlaryny yerine yetirmek bizin maksadymyz. Alla bizi yaratdy, shol sebapli Ol bizi bizden we hemme zatdan has onat bilyar, shol sebapli bu dunyade biz ynsanlaryn name eden wagtymyz ozumiz ucin in amatly we peydaly boljagyny Ol bilyar, we etmeli zatlary Gurhanda Pygamberi arkaly bize dushundiryar. Galyberse-de, shu hadysy hem unutmalyn:\"Hic olmejek yaly dunya nygmatlary ucin ishle, ertir oljek yaly-da Ahyret ucin ishle!\" ”3-Olum name, yoklukmy ya sonsuz durmushyn bashlangyjy!?” Bu barada hem Gurhanda, hem-de hadyslarda olumin sonsuz durmushyn bashlangyjynyn ilkinji basgancagy, sonsuz aleme acylan gapy, synaglar aleminin sony hokmunde beyan edilyar. Yokardaky ayatda-da aydylyshy yaly, biz ynsanlaryn hayir ya-da sher amal etmegimizi synamaga sebap hokmunde olumin yaradylany bildirilyar. Gor, bizin nace tanysh dost-yarlarymyz beyleki tarapa gitdi, nace men-men diyen padyshalar we serkerdeler gitdi!? Bu babatda gedemsi ynsanlar ucin beyik shahyrymyz Magtymguly Pyragy: ”Gozi gumdan doldy, puldan dolmady!” diyip aydyp gecipdir. Olum barada bir hadysda: ”Ynsanlaryn oluminden son mazarlaryna cenli 3 zat yzarlap geler. Olaryn ikisi merhum mazara goylandan son yzyna gaydar, biri bolsa merhum bilen bash-basha galar, olardan merhumyn yakynlary we baylygy yza gaydar, eden amallary bolsa, (ilkinji soraga cekilmegi ucin) yanynda galar!” diyilyar. Birem, ynsan wepat etse-de, hayir tarapdan amal depderinin yapylmazlygy ucin 3 yagdayi yerine getirmegi maslahat berilyar hadysda, shol uc yagday bolsa: 1-Hayirly we ynancly nesil(olar yzyndan dileg edip ayat okudarlar, gazanan sogaplaryna-da merhumam shariklik eder); 2-Mekdep, metjit yaly hayir binalaryny gurdurmak(shol yerde okaldygysayin we ybadat edildigisayin, sogaplaram yazylyp durar); 3-Umumy yerlerde ceshme (krand!?) we oturylyan yerler we sh.m. peydaly zatlar bina etmek (2-nji yagday bn menzesh) Ynha, shu 3 yagday bizin sogap depderimizin Kiyamata cenli acyk galmagyna sebap bolar! Olen ynsanyn yzyndan Gurhanyn kalby bolan Yasin suresi okalmagy maslhat berilyar hadyslarda! TM aga/ene bu babatda sheyle diyipdir:\"Diri yzzatdan doymaz, oli ayatdan!\", shol sebapli, bizin Turkmencilikde-de, merhumyn 1-i, 3-i, 40-y, 6 aylygy we yillygy yaly ayat okatma gunleri bar! Elbetde, in kop Tebarek cykardylyar! Bellik: Aşakda-da dowam etmekçi.

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir