Hemmämizem çaga bolduk hemem çaga wagtymyzdan birgiden oýnan oýunlarymyz ýadymyzda galandyr. Geliň ýatlalyň!! :) Meň iň gowy görýän oýunym “baýdak aldy” ýaman hezil bolýady iki komanda bolup baýdagy çyzykdan geçirjek bolup gara başagaý bolýadyk. “Ördek awçy” halasamam kän oýnap bilemokdym şonuň üçin hemişe iň soňuna “ýaşa” galýadym :( “Jemile” bulam hezil oýun döwük şyfyrlary düzjek bolup heläk bolýadyk “Gizlenpeçek” köplenç gije oýnaýadyk köçäň çagalary bolup. “ýüzülk gerekmi ellik?” “ELLIK” 50 çenli sanaýa. “Eşşi köpeltdi” birinji bolup men tutulýadym :( Gyzlar sizem oýnansyňyz şu oýunlary: Ýüp bökdi, rizinka :) Ejem dagyň okuwa diýip beren puluny jemläp prygylka alýadyk.Elmydama sumkamyzda göterýdik mugallym göräýse dagy işimiz gaýdýa soň ýene-de täzesini almaly bolýadyk

Köneler, Harmandali tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir