Salamälik adamlar! Sag amanja örüşdiňizmi! Näme ümsümlik?! Geliň toý hakda gürrüň edeliň! Öňki talyplarda hem açypdym bir giden däpler ýazylypdy ýene-de açaýyn diýdim täzeje agzalar bar belki üýtgeşik bilýän däpleri bardyr! Nähili toý däplerini bilýän bolsaňyz hemem toýda bolan üýtgeşik zatlary şu ýerik pylçabermeli! Her welaýatyň däpleri hakda hem aýtsaňyz bolýa ýa-da okaýan ýurdyňyzyň toý däpleri hakda! Meň düýn bir Balkanly dostym toýunyň kasetasyny getirdi hezil ekeni. Däpleri üýtgeşik gyzyň weçery bolanok diňeje gelinalyjy. Özem gyz öz gelnejesiniň öýünden çykýa soň gyzyň öýüne barýalar duz dadýalar a soň oglanyň dostynyň öýüne soň oglanyň öýüne iň soňunda hem oglanyň gelnejesiniň öýüne barýalar. 5 öýde toý bolýan ekeni. Garaz gelini iň soňunda oglanyň gelnejesiniň öýünde goýýalar. Hemem oglanyň dosty bolýan (M harpdan bir zada diýýäler Feýa aýdaýmasaň ýadymdan çykdy) hem toý edýän eken ullakan edil toý edýän oglanyň toý edişi ýaly toý edýän oglana sowgat hökmünde. Başga zady şu wagt kellä gelenok ýadyma düşse

Köneler, Harmandali tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir