Garaňkylyk garaňkylygy kowup bilmez; muny diňe ýagtylyk edip biler.
Garaňkylyk, ýagtylygyň ýoklugy. Göçme manyda ýa-da başga bir ýol bilen alyň, bu esasan bir zady - ýoluňyzy tapyp bilmezligi aňladýar. Bu durmuşda garaňkylykda ýitirim bolmak gutulgysyzdyr. Batyrlykdan, umytdan we imandan ybarat çalaja garaňkylygy ýeňmek bize bagly.
Sebäbi garaňkylyk näçe giň bolsa-da, bizi kör we ýitiren ýaly görkezý...
Biraz ýylgyryñ degishmeler.!#talypçy
Üç sany däli bir taksyny saklaýada maşynyň eýesine biz şu maşyny aljak bolýas bize ber diyip däliler sorapdr olam maşyny berjek däl diýýa eger maşyny alasyňyz gelse bir şert ücinizden haysynyz maşyn kyrk bilen ýörande yzyndan yetip bilseniz maşyn sonky diyya üç sany däli bolyar diyyar maşyn on bilen ýörande dalilerin biri galýar yigrima cykanda bir...
Ýürekdeş
Isle söýýän diý, isle ýürekdeş,
Ýöne bolmasyn aramyz daş.
Isle ýoldaş bol, isle ömürdeş,
Men seni saýladym bolaý ýürekdeş.
Ýürekdeşim diýip saýladym seni,
Çyn ýürekden söýýärin, örteme meni.
Seniň adyň bilen alýaryn demi,
Men seni söýýänä, söýäý ýürekdeş.
Ýa meniň söýgimi ýalan...
Bu gije...
Bu gije gussa kän kalby gemirýän,
Tebigat dem alýar agyr hem tukat.
Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda,
Şemallar ses edip gidýärler uka.
Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman,
Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün.
Oýunçylja guşlar näme,
Şolaňam
bu gün göwünleri birgeňsi çökgün.
...
Dünýäniň iň uly çölleri
Dünýäniň iň uly çölleriň sanawynda, Ýeriň ilatsyz giňişligi bolan Antarktika bar. Pingwinlerden başga az sanly jandaryň ýaşaýan sowuk ýeri bolan, planetamyzyň günorta polýusy 14 million inedördül kilometre ýetýär. Bu ýer buz gatlaklary bilen örtülen bolsa hem, ygal düşmeýändigi sebäpli çöl hasaplanýar.
Sanawyň ikinji ornunda Ýeriň şa...
"Kofäň tagamy bar posalaryňda..."
Telefony galdyrmasaň, galdyrma,
SMS ýollasam alajyň näme?!
Ýer deý aýlanýan seriňden parhlyrak,
Toý hakynda pikir gelýär kelläme.
Bolşum Kaýsa meňzeýändir, ýogsa nä,
Mämmetweliň içmegi deý kysmatym
Ýama-ýama bagt-belaga mahsusmy?!
Bir posada garrap, dargap, men dünýäň
Amanadyn ýele sow...
Mähriban bolup görünen adam...
Gün guşluk çagydy. Agşamyň çygly howasy bildirip ugrapdy. Çagalaryň şatlyk-şowhun bilen gygyryşyp, dünýäniň köp gowgaly wakalaryndan habarsyz halda hezil edip oýnap ýörüşleri penjireden görnüp durdy. Çagalaryň içinde boýy beýlekilerden saýlanyp duran, ak ýüzli, özüne çekiji ullakan gara gözli gyzjagaz, aýratyn şadyýanlyk bilen oýnaýardy. Onuň gözl...
Bu gün bolmaz, emma bir gün bolar.
Bu dünýäde her bir adam ýaşaýandyryn diýip pikir edýär. Dogry,ol ýaşaýar, yöne ýaşamak bar, “ýaşamak” bar. Durmuşda köp adam öz hakyny bere-bere ýaşaýar welin köpüsi öz hakyny gidirmekden gorkup bir burça dykylýar, gizlenýär ýa-da yzyna seretmän gaçýar. Hemişe gorkup, gaçyp ýaşaýan adamyň ýaşamagynda bir many barmy?! Ýok. Asyl ol ýaşaýarmy? Ýok, gu...
ALLAH-diýmek.! #talypçy
Bir garyp ýigit ülkäniň patyşasynyň gyzyna aşyk bolýar. Bu umytsyz yşgyny ülkede ýaşaýan meşhur dewişlerden biriniň ýanyna baryp, gürrüň berýär, ondan kömek soraýar. Derwiş: “Oglum, sen şäheriň giriş derwezesiniň agzynda otur, kim näme diýse diýsin, diňe “ALLAH” diýip jogap ber” diýýär.
Garyp ýigit diýleni edýär. Derwüş-de günlük iýjek-içje...
TAPAWUT.../Tymsal/ #talypçy
Bir himiýa mugallymy, professor özüniň ýiti zehinine we ukyp-başarnygyna görä, Nobel baýragy bilen
sylaglanýar. Günleriň bir güni ol sapak okatmaga baranynda, bir talyby ondan:
— Hormatly professor, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda üç müňden gowrak ylym adamy barka, Nobel
baýragyny näme üçin size mynasyp gördüler? Sizi
...
Tylla seniň yşkyňda #talypçy
Gül ýüzüñniñ şöhlesi, otlar saldy bu jana,
Agzymdam çykan uçgun ýetişipdir asmana,
Synamdaky bu daglar menden galsyn nyşana,
Zerre takat galmady, Tylla, seniñ yşkyñda...
Men bir asyl göwherim, hergiz küle batmanam,
Senden özge perini göwnümde ýat etmenem,
Uky gelmez gözüme, her gijeler ýatmana...
Gökdepe mukamy
Ýada salsak munda ýatan janlary,
Jan alyp, jan beren jan ýatyr munda.
Ýazyksyz ýazgarlyp, ýazgytsyz ýazlan,
Ýasy ýatlanmaýan ýan ýatyr munda.
Aýry-aýry tutup bilmen atlary,
Çohdur pälwanlary, gerçek zatlary,
At tutup, ýat ediň ruhy şatlary,
Otsuz köýük bolan kül ýatyr munda.
To...
Öýlenýän ýigide
Eý, ýigit,
Indi herýan bakmasaň gerek,
Bagry bir ýan, çeşmi girýan,
Jany perwan otlara indi
Ýakmasaň gerek.
Ýo-ok, dakmasaň gerek
Bigäne gyzlara ak gaşly ýüzük.
Tamajyk üzük!
Sen indi öňküje tamaňy üzüp
Saklasaň gerek.
Owadan sözlerden goşgujyk düzüp,
Indi...
Bu günki eden işlerim
Mosartyñ "Rekwiem re-minor"-y bilen, Atajan Eýýubyñ "Awaza"-syny iki telefonda 1 wagtda aýtdyryp, aýra gulaklyklaryñ her biriniñ bir ses çykarjysyny bir gulagma salyp diñledim.
***
Žurnalyñ baş sahypasynda ýerleşdirilen Anjelina Joliniñ suratyny ruçka bilen redaktirläp, ýüzüne murt we sakal çekdim. Gözüne äýnek geýdiri...
Alemde Megabaýt ýagýar!!!
Hormatly Alemşynaslar. Täze Aksiýa yglan edýäris! Ähli agzalarymyza 100Mb Tmcell-den sowgat berilýär. Sowgady almak üçin:
- Alem.su saýtyny imoda istoriýañyzda paýlaşmaly.
- Saýtdaky anketa maglumatlaryñyzy doly doldurmaly.
- 5 sany Ýazgy we 5 sany aýdym paýlaşmaly.
Şertleri yerine ýetireniñizden soñra Admin agza...
Ahyrzaman bolar #talypçy
Eý ýaranlar, musulmanlar,
Bir gün ahyrzaman bolar,
Ölenden öň köp nyşanlar,
Ýeriň ýüzünde kän bolar.
Adalatsyz bolar hanlar,
Bihaýa bolar zenanlar,
Köp döküler nahak ganlar,
Iliň päli ýaman bolar.
Pisat iş köp bolar, az bolmaz
Bu öý ol öýe saz bolmaz,
Ýagmy...
"Gyşyň güni..."
Garly gyşyň aňzagyndan gabanyp,
Apalap gujagma salamda seni,
Birsalym dem-düýtsüz doňup galypdym,
Eşitjek bolup seň ýüregiň sesini.
Bir göwrä öwrülip, bir göwne dönüp,
Bir ykbaly arzuw edip şo pursat,
Durmuşyň "Bagt" atly tämiz öýüne
Giripdik kürsäp...
* * *
A:ýa...
Uzaktan seviyorum seni...
Uzaktan seviyorum seni
Kokunu alamadan,
Boynuna sarılamadan
Yüzüne dokunamadan
Sadece seviyorum
Oyle uzaktan seviyorum seni
Elini tutmadan
Yüreğine dokunmadan
Gözlerinde dalıp dalıp gitmeden
Su üç günlük sevdalara inat
Serserice değil adam gib...
Men şol garly gijeki gyz-da/Hekaya #talypçy
Köçäniň öwrümine ýetenimem şoldy. «Salam, Bägül!» diýen sese tisgindim. Yzyma gaňryldym. Görsem, eli bäbekli, ýany uzynak ýigitli, görmegeý ýaş gelin ýylgyryp dur. Men birhili boldum. «Be, bi meni nireden tanaýarka?» Esli wagtlap dymyp durdum. Gitdim bir oýa. Ak ýüzli gelin:
– Bägül, nä, meni tanamadyňmy? – diýdi.
Men baş atdym. Ol:...
Limon agajy
Bir wagtlar bir baýyň gapysynda iki sany ýanaşyk oturan limon agajy bar eken. Olar maý aýynyň soňky günlerinde açylýan gülleri bilen bark urup, içerde oturan adamlara tomsuň gelendigini buşlardylar. Ýöne bularyň biri beýlekisine garanda juda ejizjedi, boý alyberenokdy. Şol sebäpli görkgörmekli ýarany pursat tapdygy ony kemsiderdi, üstünden gülüp,...