A

Ilkinji mugallymym
Nurýagdy Agaýewe.

35-nji ýyl. Sentýabryň 1-i.
Güýzüň ilki güni. Iň ajap pasyl.
Ýadymdan çykanok henize çenli,
Soňky deme çenli çykmazam asyl.

Mekdebiň deregne – kiçijik kepbe,
Partanyň deregne – ýasama stol.
Her stol başynda – dört sany çaga...

Dowamy »

1086 19
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 5 years ago

Gurbannazar Ezizov - SÖÝGI (Sonetler çemeni)

I
Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler,
Günler ömrüñ eleginde elener.
Yza dönmek islär däli göwünler,
Geçen gün şäher däl – gaýdyp gelere.

Her kimiñ geçenden bir ahmyry bar,
Mende-de ahmyr bar. Ýöne men hergiz
Seniñ ruhuñ bilen ederin mydar,
Meniñ bar ruhumy direlden serwim.

...

Dowamy »

1036 3
Edebiýat, #Güljemal_Ahmedovaa* tarapyndan 5 years ago

HABAR

„Eje, men bir dünýä düşdüm,
Dünýä diýseň „dünýä“ eken...“
Aýgül Garaýewa

Ganatsyzam uçup ýörün,
Täsin dünýä düşdüm, eje.
Ýa-ha bular hut hakykat,
Ýa huş ýaly düýşüm, eje.

Gördüm öýdýän bagtyň keşbin...
Meňzeşmikä asyl, eje?!
Ol meniň ýanymda ýaly
Hemem juda alys,...

Dowamy »

1066 8
Edebiýat, #Güljemal_Ahmedovaa* tarapyndan 5 years ago

Ýalňyşlyklardan öwrenmek

Tomas Edison elektrik çyranyň wolfram simlerini oýlap tapmak üçin iki müňden gowrak dürli çig mallary barlagdan geçiripdir. Haçan-da ulanylan elementler derde ýaramadyk ýagdaýynda alymyň kömekçisi: “Biziň ähli eden işlerimiz biderek. Biz hiç zat öwrenip bilmedik öýtýän” diýip zeýrenipdir. Emma, Edison örän sypaýylyk bilen şägirdine: “Biz şu geçilen...

Dowamy »

1003 0
Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 5 years ago

Bashim Atayew - Ulygyz

Sena ulugyzdyn zulplerin towly,
Menem bir mashgalan korpeje ogly.

Mena "Soyyan” diyip sayran bolardym,
Senem moncha bolup aynan bolardyn.

Hemishe gizlenip goz bilen dilden,
Bileje yorardik gumaksy yoldan.

Ir saherden baryp atyzly pele,
Ak pagta yygardyk ikimiz bile.

Dowamy »

1063 4
Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 5 years ago

Bagt näme?

bagt näme diýseler maldyr öýtmäň adamlar,
malyň bolsa köpelermiş gyrasyndan gädenler,
daşyň dolar şagaldan tilki gurtdan azanlar,
maýyn tapsa agyz urar malyňdan ýa jynyňdan!

bagt näme diýseler puldyr öýtmäň adamlar,
puluň bolsa köpelermiş dost men diýen nadanlar,
daşyň dolar gözelden ýüzüňe ýalan g...

Dowamy »

1095 8
Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 5 years ago

Säher tutup, syl ýüzüňe çagaňy,

Säher tutup, syl ýüzüňe çagaňy,

Päkligiňden bolup bilseň şonça bol.

Sen sanama gara saçyň agyny,

Sen sag-aman öreniňe monça bol.

***

Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,

Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol.

Şat günleriň köp bolmanna gynanma,
...

Dowamy »

934 2
Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 5 years ago

Oňarsaň, bar zady oňatlyga ýor,

Oňarsaň,
bar zady oňatlyga ýor,
Belki-de, ýorgudyň ýerine düşer.
Ikibaşdan, gündogarda gün dogar,
Ikibaşdan, günbatarda gün ýaşar.
***
Ikibaşdan, ýigreniler, söýüler
Kimse ýere gider, kim dörär ýerden.
Ikibaşdan, biziň köne duýgular,
Köne ýaralar dek açylar birden.
***
Kön...

Dowamy »

918 2
Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 5 years ago

Janym men seňki (lyrics)

Janym al gülüm men, seňki
Maňa ýaraýar owadan gözleriň, reňki
Bermerin hiçkime bil sen diňe, meňki
Gujagymda gal bagtym bolarsyň sen, belki

Nämä gerek bu näzler, ýitirýärin erkim
Sen ýaly bolmany goý, öwrensinler herkim
Däli men taparyn ol derdimiň, emini
Dodagyňda alamda ýylyjak demiňi.

Dowamy »

1017 2
Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 5 years ago

Diňe zenanlar hakynda

Taryhda hasaba alnan iň ýokary akyllylyk derejesi (IQ) zenanlara degişlidir.

* * *

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bütin uniwersitet derejeleriniň 60 göterimden köpüsine zenanlar eýedir.

* * *

Lhakpa Şepra atly zenan Ewerest dagyna 7 gezek çykyp, rekord goýmagy başarypdyr.

*...

Dowamy »

1065 9
Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 5 years ago

SAWÇY

KAKAMYRAT ATAÝEW

Hekaýa

Öwez aýaly bilen ýüzüni garaňka tutup, ýat oba sawçylyga gitdi.
-Gyýw, baraňsoň mysapyrsyrap oturmagyn, bolrak geplegin, bolrak – diýip, aýaly Aýnabat ýolda öwüt berdi...

Dowamy »

1249 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 5 years ago

Sag boluň

Eli ýeňil, ýüregi päk lukmanlar
Sag boluň janlara derman berenler.
Hassa şypa berip, derdi ýeňletýän
Sag boluň ak halatly lukmanlar.

Ýagdaýym pes agyr alýan demimi,
Em gözläp gapyňdan geläýdim bugün,
Güler ýüzüňiz bilen garşy aldyňyz,
Sag boluň ak halatly lukmanlar.

Operasiya s...

Dowamy »

1065 0
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 5 years ago

Azajygam bolsa, ýylgyryň :)))

Bugün bazardan "moda" diýip ýyrtyk jinsi alypdym. Dükana gidip geliançäm ejem ýyrtyldymyka diýip dikip goýaýypdyr
***
Başlyk: Mundan beýläk edara tanyş garyndaş almaly däl düşnüklimi???????
Işgär1:Düşnükli agam
Işgär2: Okkk kaka
Işgär3:Bor ýegen
...

Dowamy »

1296 14
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 5 years ago

ON SEKIZ MANAT HAKYNDA ELEGIÝA

ON SEKIZ MANAT HAKYNDA ELEGIÝA
Enemiň hatyrasyna

Her aýda bir gezek—on sekiz manat,
Her aýda bir gezek gelýärdi yrman.
Her aýda on sekiz manat gelende,
Begenerdim. Enem aglardy,arman.

On sekiz manady kim berýär bize?
Kim unutman,otuz günden iberýär?
Ol niçiksi ýiti gözli perişd...

Dowamy »

981 4
Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 5 years ago

Şoldyryn men

«ŞOLDURYN MEN…»

Zybandan däl, kalpdan syzlan,
Sözden däl, söýgüden düzlen,
Özgelere düşnüksiz, geň,
Saňa aýan däldirin men.

Basmarlasa gam-endişe,
Gün başarmaz…Göwnüň gije,
Alysdaky öçügsije,
Ýyldyz çoýsa, şolduryn men.

Men bir lowlap giden ataş.
Ýakar öýd...

Dowamy »

1044 2
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 5 years ago

Nirde bitildi - şonda bitildi

(Aýdyşyk)

Magrupy:
Bizden salam olsun molla Gaýyba,
Dünýäniň binasy haçan tutuldy?
«Küntu-kenzen mahfiýenden» habar ber,
Kelemeýi-şahadat nirde bitildi?

Gaýyby:
Gaýry salam bolsun molla Magrupa,
Hak «kün» diýdi, şol gün bina edildi;
Tuby agajynyň ýapraklarynda...

Dowamy »

1370 0
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 5 years ago

Çilimkeş

Her zaman gol salyp, kisesin barlap,
Köp dünýäsi bara meňzär çilimkeş;
Yzzat bilip, bir-birine hödürläp,
Geň tagamy bara meňzär çilimkeş.

Bir oba gelende, götinläp durar,
Hemrasyny egläp, ýolundan burar,
Aza-köpe baryp, özüni urar,
Zerur işi bara meňzär çilimkeş.

Için...

Dowamy »

948 1
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 5 years ago

Maňlaýyň gara bolsa el bilen düzeldip bolmaz ekeni (bolan waka)

Maňlaýyň gara bolsa el bilen düzeldip bolmaz ekeni (bolan waka)

Ogulbagt gelneje bu gün dünýede iň bagtly zenandy.
Ol ýoldaşy bilen 12 ýyl ýaşaşyp, bu ýyllarda perzent zaryn bile çekip, bu gün doganoglan eltisiniň razylygy bilen onyň çagasyn ogullyk alypdy

Olar üç günlik bolan çagany çaga dogulýan öýinden göni ö...

Dowamy »

1165 2
Edebiýat, Aakjaa tarapyndan 5 years ago

Ajy hakykat ýa-da bir gojanyň gözüni ýaşlap beren gürruňlerinden

Ajy hakykat ýa-da bir gojanyň gözüni ýaşlap beren gürruňlerinden

Tumşugy bäş garyş ýokardady ony söýenimde. Nähili elhenç gülýärdi üstümden her gabatlaşanymda onuň bilen. Zalym diýse... Oňa söýgimi beýan eden günüme nälet edip gezdim näçe wagtlap. Erbet kemsidýärdi. Ýanymdan geçende maňa şeýle bir ajy nazar oklaýardy welin, ýere gire...

Dowamy »

1114 1
Edebiýat, Aakjaa tarapyndan 5 years ago

Sokratyñ "3 elegi"

Bir adam Sokrata şeýle diyipdir:
-Bilýañmi,dostuñ maña sen hakda nämeler diýdi?
-Dur,aýtjak bolyan zadyñy ilki "üç elekden" gecir-diyip, Sokrat ony saklapdyr.
-Üç elek?!
-Namedir bir zady aýtmankan ony üç elekten gecirip görmek gerekdir. Ilki bilen hakykat eleginden gecir. Munuñ hakykatdygyna ynamyñ barmy?
-Yok ,y...

Dowamy »

1093 5
Edebiýat, Paris tarapyndan 5 years ago