Hantöre - Kabul eýle (goşgy)

Eý, *** hanym,
Diňle meniň arzy-halym!
Indi meniň ýok takatym,
Meniň sözüm kabul eýle!

Eger-de sen bolsaň ýarym,
Saňa gurban bolsun janym.
Sensiň meniň bar hyýalym,
Meniň duýgym kabul eýle!

Senden başlar söýgi ýolum,
Seniň bilen ötgeý ömrüm.
Urup durka bu ýüregim,...

Dowamy »

1403 72
Edebiýat, Khanture tarapyndan 5 years ago

Mañlaý

Mañlaýa ýazylany düzedip bolmazmyshyn,
Ol-a düzetmek eken, üýtgedip hem bolmazmysh.
Bu ne beýle, bu ne bela, mundan düzgün bolarmy?
Neçün ýazdyñ ýetimligi mañlaýyma Allahym?!...

Agyr ishler. Keç ykbal. Möhürlenen üýtgewsiz.
Seniñ aklyñ nirede?! Haçan möhür üýtgäpdir?
Menem, senem, hemme kaýyl Alla b...

Dowamy »

1382 57
Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 5 years ago

@@@

Bir enäniñ gyzyn hoş söze baglap,
Aldama, biderek oýnajak bolsañ.
Her gün göz ýaş bilen ýüregin daglap
Oýnama wagt üçin güýmejek bolsañ.

Ýagşy sözläp bal kölüne batyryp,
El göterip urma ýary iterip.
Soñra arman bilen dañar atyryp
Soldurma bir güli söýmejek bolsañ.

Gyzda-da ýüre...

Dowamy »

1041 3
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 5 years ago

EJEME UGRATMAJAK HATYM:

Salam, eje. Seýrek jaňlarym üçin meni bagyşla, käbäm. Okuwdan boşan wagtymam saňa jaň edäýmeli welin, edemok-da...
Ýadyňdamy, geçen gezekki jaň eden wagtym: “Sesiň üýtgäpdir-le, oglum, keselläp dagy edeňokmy?” diýeniňde: “Ýok-la, eje jan, bilýäň-ä, sesimem häsiýetim ýaly üýtgäp dur” diýip gülen bolupdym. Aslynda şonda şeýle bir agym tutdy,...

Dowamy »

1098 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 5 years ago

Logiki soraglar

1.Keloglan bir gün dellekhana barýarka öňünden ullakan akyp gelýan derýa çykypdyr.(Uly derýa hemem çuň) derýadan nädip geçipdir.? (Gaýyk, kürek hiç zat ýok)

2. Maralyň kakasynyň 5gyzy bar.
a. Çaça
b.çeçe
c.çiçi
d.çoço
5-nji gyzynyn ady name?

3.Gyzarypjyk bişen towuk nähili iýilýär?

Dowamy »

2537 10
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 5 years ago

"Allak kaka, alsana meni" (Gülküli kyssa)

Arada Allak kakanyň doglan gününiň şanyna çagalary üýşüp telefon alyp berdiler. Allak kakanyň şonda bir begenäýşini bir görsediňiz! Otursa-tursa el telefonyny ýanyndan aýyrmady. Ýogsam oňa gün içinde bir gezegm jaň etýän ýokdy. Onda-da telefonyny ile-güne güjeňläp daşyndan guwanmasy nämä degmeýär. Bir gün welin, şeýle waka boldy. Allak kaka aram-ar...

Dowamy »

1300 6
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 5 years ago

Mätäç Eýleme

Kadyr jepbar, senden dilegim kändir,
Sen meni namarda mätäç eýleme!
Hazynaňdan bergil meniň ryzkymy,
Bendäňi bendäňe mätäç eýleme!

Azaşdyrma dogry ýolum egrige,
Egrini deňleme hergiz dogryga,
Kişi maly nesip etmez ogryga,
Halaly harama mätäç eýleme!

Namart köprüsinden ölsem geç...

Dowamy »

722 1
Edebiýat, #ýalňyz bagytly... tarapyndan 5 years ago

Galyp men

Jahyllygyň joşy çykdy başymdan,

Men ol joşdan haly bolup galyp men.

Bir gama ulaşdym, gitdim huşumdan,

Bu dert ile doly bolup galyp men.



Başym ýüz höwesde, köňlüm joşgunda,

Girdaba düşüp men däli daşgynda,

Nežd dagynda gezen Mejnun yşkynda

Dowamy »

686 0
Edebiýat, #ýalňyz bagytly... tarapyndan 5 years ago

Emin Rasen-Tanry.

Beyik Tañryñ 99 ady bilen,
Bashladym sessiz, galamyñ dady bilen.
Han, tihan, ishan, ahun, myhman sylan,
Yash, juwan, ir ôlenleñ yady bilen.

Yoklukdan bar eden sen,
Baylykdan zar eden sen,
Harlykdan han eden sen,
Hanlykdan har eden sen.

Biz yatsak-da sen oya,
Parh goyman...

Dowamy »

1230 3
Edebiýat, soho tarapyndan 5 years ago

Degişmejikler...

3 sany serhoş adam taksi saklap, münipdirler.Taksist degişip maşyny otlap 5 minutdan soň öçrip, "geldik oglonlar" diýipdir.
1nji serhoş: sagbol diýip düşip gidipdir.
2nji serhoş: sagbol diýip ýolkreýem berip düşüpdir.
3nji serhoş bolsa taksiste bir şapbat beripdir. Taksist wah bu meniň aldanymy bilip galaýdow diýp oýlapdyr. 3nj...

Dowamy »

1426 13
Edebiýat, Capper tarapyndan 5 years ago

Goshgular.

Adamkàrçilik.
Sôygi gôrk islemez diyenleri çyn,
Dashky gôzelligiñ gôrkùñe myhman.
Ynsan gôzelligi- adamkàrçilik,
Shoñ bilen badashar ynsana-ynsan.

Akyl hem baylyk.
Akyllynyñ hazynasy aklydyr.
Akmagyñda hazynasy-baylygy.
Akyl edinjek bol birneme senem,
Kowalap yôrme-de artyk aylygy.
...

Dowamy »

1098 4
Edebiýat, Bibish tarapyndan 5 years ago

Ayly agsham.

Ayly agsham,
Ala yazym,
Aydym sazym,
Alkysh etsin owazym!
Ayly agsham
Ayy gôrdùm
Gayyp boldy bu derdim.

Kalbymyñ hany sen,
Hany,soltany sen.
Ayña men gurban.
Seniñ sapañ ûçin,
Seniñ wepañ ùçin,
Ôlsem,etmen arman.

Arzuw etdim
Kàn garashdym
Kàn gar...

Dowamy »

1415 16
Edebiýat, Bibish tarapyndan 5 years ago

Düşen günlerim

Dokuz aý ýatmyşam enem garnynda,
Göz açyp, dünýäge düşen günlerim;
Dört aýakda gezdim enem elinde,
Sekiz aýda hem gülüşen günlerim.

Birimde bilmedim ýagşy-ýamany,
Ikimde tanydym ata-enäni,
Üç ýaşymda taňry berdi zybany,
Dört ýaşymda daş atyşan günlerim.

Bäşimi ötürdim bahar-ýa...

Dowamy »

1586 3
Edebiýat, Prinsess tarapyndan 5 years ago

Mämeleriň

On üç bilen on dört ýaşyň arasy,
Tözlenip galyşar, ýar, mämeleriň:
Örtenmekden gaýry bolmaz çäresi,
Gysymlap gyşarsam ak mämeleriň.

Gulman deý sallanyp,
sagynyp duran,
Husnuňa bent olar bir gezek gören,
Gunçalap, düwmeläp, täze uç beren,
Garaňkyda gardan ak mäm...

Dowamy »

1190 6
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 5 years ago

Diliň derdinden

Aşygam, saklana bilmen
Saýraýan diliň derdinden;
Bilbilem, uklaýa bilmen
Gyrmyzy gülüň derdinden.

Sen Şasenem, men şasuwar,
Garybyň men, kyl istiwar,
Ýada salsam agzym suwar,
Dodakda balyň derdinden.

Ýaraşsyn ýagy illeriň,
Açylsyn batyl ýollaryň,
Näzik...

Dowamy »

938 0
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 5 years ago

Hiç görmedim illerde

Keşt edip gezmişem pany jahany,
Sen deý gözel hiç görmedim illerde;
Köňlümiň aramy, menzil-mekany,
Şeýda köňül joşmaz özge güllerde.

Il husnuňa dahyl, görmäge zar men,
Yşgyňda bahar men, köýüňde nar men.
Tä ölinçäm seniň ýoluň garar men,
Ryzwan kimin gözüm galdy ýollarda.

Dowamy »

1027 9
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 5 years ago

Sözüm bar saňa.

Gara gözli, galam gaşly perizat,
Aýdabilmen, birje sözüm bar saňa;
Yşkyňda köýüp men dat bilen bidat,
Iki çeşmim bir görmäge zar saňa!

Şikeste men, zülpleriňe baglama,
Hanjar alyp, ýürek-bagrym daglama,
Myhmanyň men işigiňden kowlama,
Gerek dälmi namys bilen ar saňa?

...

Dowamy »

1009 6
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 5 years ago

Aldady meni

Owal başda çirki dünýä
Saz bilen aldady meni;
Owadan geline meňzäp,
Näz bilen aldady meni.

Gapyl bolup, gaýnap daşdyk,
Şeýtanyň şerine gaçdyk,
Köp oýunly söwda duşduk,
Baz bilen aldady meni.

Peýda diýdiler zyýany,
Görkezip altyn kiýany,
Ýek eken soňy-p...

Dowamy »

996 12
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 5 years ago

BU — MEN!

Ak gyşda azaşyp,
Baharyň kalbyndan dömen!
Ýollar ýadadyp azajyk,
Ýene-de gaýdyp gelen... —
Bu men!

Gidişim gidiş bolupdyr,
Yzyma garamandyryn.
Ýene seni gözläp geldim
Goýnuna gara baglaryň.

Ýeke söz ykbal çözýärkä
Bolma beýle biagyry!
Dymma-da,
Garap...

Dowamy »

1084 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 5 years ago

Şeýle adamlar bar...

Sheýle adamlar bar-
ýüzlerinde nur,
Kalbynda müñ gyshy çoýjak Gün bardyr.
Olara bir adam- külli adamzat,
Olara bir göwün tutush dünýädir.

Höwrün, höwürtgesin unutsa bir dem,
Bitin ojaklary bütin dünýäniñ
Shol dem çat açaýjak, çagshaýjak ýaly.
Birje galp söz dilden sypsa, galpyldar

Dowamy »

1070 2
Edebiýat, MARGARITA tarapyndan 5 years ago