Kötel Ýoda (Ogulsenem Taññyýewa)
Aýnagözel tüýs Aýyň bölegidi. Onuň ak gaýmak kimin näzik ýüzüne bir zat degse, saralyp-solaýjak ýalydy. Egnine geýen lybasy derek boýuna şaplaşyp durdy.
Gyz özüniň owadanlygyna diýseň buýsanýardy. Dogrusy, onuň näz-kereşme bilen süýnüp-sarkyp ýörşüni görmäge göz gerekdi.
Aýnagözel täk özi galyp, göwün ýüwürtmäni halaýardy. Hyýalynda...
Heleý Belasy (Ogulsenem Taññyýewa)
Bu gün Hangulynyň keýpi diýseň kökdi. Süňňi ýeňil gopýardy. Birsyhly ýylgyrasy gelip durdy. Mydama ukudan galan ýaly pökgerip duran gabaklaryň arasyndan ýyldyrap görünýän gyýak gözleriň şöhlesi ýitidi. Ol öňler işden geldigi kürşerip duran ýüzüni barha gamaşdyryp, töweregine ser hem salman, jaýa girip giderdi. Goltugyndaky gazete dolangy depderleri...
IKILIKÇI (Ogulsenem Taññyýewa)
Her döwrüň öz kada-kanuny bar. Adamyň mekdep döwründäki sylagy onuň sapaklaryndan alýan bahasyna bagly bolýar. Sen bäşlikçi bolsaň-a, klasdaşlaryň han kimin sylap, hormatlaýarlar. Diýeniňem iki gaýtaladylmaz. Orta haldakylaram gaty bir gözden düşýän däldir. Niçikmiň, ikilikçä öwrüläýseň welin... Dat günüňe! Aýratynam, oglan bolup ikilikçi bolaýsaň,...
Öwrenmeli zat (Täçmämmet Jürdekow)
ÖWRENMELI ZAT
Kerim şahyry ýatlap...
Ol wagtlar men Türkmenistan SSR-niñ telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet komitetinde başlygyñ birinji orunbasary bolup işleýärdim. Kerimlere jañ etdim. Saglyk-amanlykdan soñ näme üçin bimaza edýändigimi aýtdym. - Telewideniýe arkaly çykyş edip beräýseñiz. Tomaşaçylardan gaty köp...
Ogurlyk (Ogulsenem Taññyýewa)
OGURLYK
(Hekaýa)
Nije ýyl bäri daşyna tagtadan haýat aýlanyp, gapdallarynda salynýan gurluşyk ahyrsoňy bitdi. Şonuň bilen hem Hommadyň gurluşygyň düýbi tutulaly bäri beýnisinde göterip ýören: “Be... Bi nämekä?” diýen sowalyna-da jogap tapyldy. Olaryň ýanyndan wajyp bir sklad gurlan eken. Sklad ulanylmaga tabşyrylan gü...
Ogurlyk (Öwezdurdy Nepesow)
OGURLYK
- Aý-u-uw! Çelek gitdi-le, çelek gitdi.Daňdanyň ümüş-tamyşynda ýaňlanan iniňi tisgindiriji bu ses tutuş çarwanyň uludan kiçisine, baryny oýardy.- Iki çelek ýagym ýok!—diýip, goýun-geçileriň ýelnini owmakdan ýaňa daşa dönen aýalaryny, çiolige dönen barmaklaryny görkezip, Ene daýza eňreýärdi.Bu ýyl Garadepedäki aýal-gyzlar ik...
Ogry Depe (Osman Öde)
OGRY DEPE....
(hekaýa)
Bu habar sähel salymda onçakly uly bolmadyk obany öýme-öý aýlanyp, uludan-kiçä hemmäni laňňa aýaga galdyrdy. Gaharyna her kim degenek taýak agtardy. Obada eliňi uzadan ýeriň taýak.Obanyň insizje egri ýollary elleri taýakly, gahar-gazaply adamlardan doldy. Olaryň ugry obanyň ortasyndaky gojaman...
Ata Mäneli - 3
Ata Mäneli -3/
romanyñ dowamy
* * *
Süýjülikli günler damja bolup gelýär, sil bolubam gidýär... Hallygözel öýleden soň ekin içine gitmedi. Ýogsa ol gawunyň düýbüni ýumşatjakdy, gumlajakdy. Işe gümra bolup, kalbyna dolan gam-gussany egisjekdi. Emma gam-gussa ony goýbermedi. Gara daş bolup, ýüreginden asyldy durdy. Onuň işdekä-d...
Ata Mäneli - 2
Ata Mäneli -2/
romanyñ dowamy
* * *
Ýassynlar asmany gara bulut örtdi. Aý-ýyldyzy ýalkymy-şuglasy öçdi. Älem-jahan tümlüge gark boldy. Ýap-ýaňam ýumşak, ýakymly tebigat suslandy, syrly göründi. Belki, ol gazabyna tutar, möwç urar. Hanha, çölüň üstünde bulutlar goýalyp, lemmer atyp başlady. ýyldyrym çakdy. Indi...
Ata Mäneli
ATA MÄNELI
(Ikinji tomuñ birinji kitaby)
Ýazyjy Amanmyrat Şakulyýew "Ata Mäneli" romanynyñ ikinji tomunyñ birinji kitabynda hem ahlak, däp-dessur bilen baglanyşykluly meseleler teswirlenýär. Romanyñ baş gahrymany Ata Mäneli ýaşy gaýtsa-da, zynakärlige baş goşan Durdy gojukdan gazaply öç alýar. Romanyñ položitel gahrymanlary m...
Näme üçin zat alyp gaýdylýaka?
Öňler türkmençilikde gudaçylyga baran
aýallaryň gyzly öýüň saçagyndan bir bö
lek çöregi alyp gaýdandyklary barada bil
ýänsiňiz. Bilmeýän bolsaňyz, köpügören
aýallardan sorap görüň, şeýle yrymyň bolandygyny, käýerlerde entegem bardygyny
aýdarlar.
Her bir yrymyň a...
Aşgabatda ýene bir ýerasty geçelge we onuň üstünde bezeg sütüni gurlar
Aşgabatda ýene bir ýerasty geçelge we onuň üstünde bezeg sütüni gurlar
Aşgabadyň S.Türkmenbaşy hem-de A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty pyýada geçelgesi we onuň ýokarsyndaky aýlawly çatrykda bezeg sütüni gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hasabat berdi....
Halit Refik Karaý – Gözýaş
Hojaýyn täze gelen hyzmatkär aýala:
– Diliň anadolylaryňka-ha meňzänok welin, Rum ilinden-ä dälsiň? – diýdi.
– Erfiçäniň obalarynyň birinden. Maňlaýyma ýazylanydyr-da, bärlerik düşdüm.
Oňa birmahallar gök gözli, saryýagyzdan görmegeý zenan bolupdy diýseň, kim ynanar?! Oýunjak dükanlarynda satylýan gurjak...
Atanyň wesýeti
Ölüm ýassygynda ýatan goja üç oglunam ýanyna çagyryp, olara şeýle wesýet edipdir:
– Ogullarym! Men ölemsoň, öz araňyzda sene-mene edişip ýörmeziňiz ýaly, barja 17 düýämi size paýlap bermek isleýän. Olaryň ýarysyny ulyňyza, üçden birini ortanjyňyza, dokuzdan birini bolsa körpäňize miras galdyrýan.
Kakalarynyň ölüminden...
Özüň bol!
Doktor Jeýms Gordonyň şahsyýetiň özboluşlylygy hakda jaýdar aýdan sözleri bar: “Özüň bolmak, özüň bolup ýaşamak meselesi edil taryhyň özi ýaly gadymydyr we adamzat durmuşy ýaly köpgyraňlydyr. Durmuşda öz ornuňy tapmazlyk, özlügiňi ýitirmek bolsa köpsanly ruhy dartgynlylygyň we göwünçökgünligiň gönezligidir”. “Ýaradylan zatlaryň içinde sen ýeke-täk....
On üçünji söhbet Durmuş Nobatguly däldir
ON ÜÇÜNJI SÖHBET:
Durmuş Nobatguly däl...
OSMAN ÖDE.
Geçmiş şahyrlary hakynda dünýä edebiýatynda müňlerçe hekaýa, powest, roman döredildi, müňlerçe film surata düşüdildi, aglabasynda şol şahyrlar adatdan daşary akyldar, beýik öňdengörüji, weli, öz döwrüniň ajaýyp ynsaby hökmünde suratlandyrylýar. Men rus hem Ýew...
Türkmende dönük bolmandyr (Osman Öde)
TÜRKMENDE DÖNÜK BOLMANDYR
Soltan Sanjar oguzlara duşman edilip, oguzlara garşy öjükdirilýär. Oguzlar bilen söweşde soltan ýeňlip, ýesir düşýär. Köşk aljyraýar. Ýelýürekler gaçýar, emma köşkdäki wezipesine wepalylar, ölse-de köşkden gitmejekler basybalyjylara garaşýarlar. Soltanyň ýygynynyň ýeňilenini eşiden Merw oguzlara söwe...
Ahmet Bekmyradow (Osman Öde)
AHMET BEKMYRADOW
Mukaddes Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň meşhur alym Ahmet Bekmyradowyň ady ebedileşdirilip, okan mekdebine dakyldy. Ahmet Bekmyrat meniň ömrümiň bir bölegi. Adam ömri ýalaňaç wagtdan, aý-gün, ýyllardan däl-de, gatnaşan, görüşen, dostlaşan adamlaryndan durar eken. Çünki adam ömri diňe onuň özüne däl-de, özgelere-de...
Gyş pasly
Her paslyň öz gözelligi bar. Tebigatyň dynç alýan gyş paslynda howa has sowuk bolýar. Eýsem, gyş paslynyň nähili aýratynlyklary barka?! Geliň, olaryň käbiri bilen tanşalyň!
Gyşda demirgazyk ülkelerine syýahat edeniňizde, ähli ýeriň garlydygy hiç kimi geň galdyrmaz. Emma gar, seýre...
Puluñ peýdasy
Adam üçin iň gowy türgenleşikleriň biri – pul sanamakdyr. Sebäbi ol:
– Bogunlardaky agryny aýyrýar;
– Gan basyşyny kadalaşdyrýar;
– Diş we kelle agyrylary aýyrýar;
– Gözüň görüşini gowulandyrýar;
– Işdäňi açýar;
– Egin-eşikleriň hilini gowylandyrýar;