Ata Mäneli -3/
romanyñ dowamy
* * *
Süýjülikli günler damja bolup gelýär, sil bolubam gidýär... Hallygözel öýleden soň ekin içine gitmedi. Ýogsa ol gawunyň düýbüni ýumşatjakdy, gumlajakdy. Işe gümra bolup, kalbyna dolan gam-gussany egisjekdi. Emma gam-gussa ony goýbermedi. Gara daş bolup, ýüreginden asyldy durdy. Onuň işdekä-de gawun joýanyň içine dolasy, bagryny çygýere oýkap aglasy gelipdi. Emma töwerek-daşdan ejap edipdi. Ýüzüni asyp öýüne gaýdypdy. Agyr gussany, düwün-düwün kitüwi dagly ýüreginde göterip gaýdypdy. Hallygözel hemişe işden gelende daş işikde aýak çekerdi. Bilindäki mata guşagyny çözerdi, üst-başyny kakardy. Howlukman elini-ýüzüni ýuwardy Bu gün bosagada säginmedi. Pilini teläriň üstüne oklady-da, kepbesine giripdi. Keçäniň üstüne agras çöküpdi. Ýöne, jany aram tapmandy. Süýşenekläp töre geçipdi, arkasyny diwara ýaplapdy. Agyr pikire batypdy. Geline pikirlenmek lazymdy. Soňky günlerde Durdy ýoluny täzeledi: ekin üstüne gelse-de, gitse-de Hallygözeliň bakjasynyň üstünden geçdi. Gelin bilen gadyrsyrap salamlaşdy. Ekin-dikinden söz açdy. Onuň bilenem gidibermedi Öz pilini ýere sünjüp, Hallygözeliňpilini elinden aldy. Biýaranyň düýbüni nädip gumlamaly, golunynädip gaýtarmaly, bularyň baryny ýekän-ýekän görkezdi. Maýyny tapsa, Hallygözeliň alkymyna dykylyp bardy. Gelniň göreçlerine gözlerini güldürip garady. Gelin utanýar. Ýygrylýar. Arkan-arkan çekilýär. Gojuk arany açansoňam, onuň ýüzi lapylap gyzýar durýar. Ol geňirgenýär, oýlanýar. Emma Durdynyň ýylgyrjaklap, dodaklaryny kepedip durşundan anyk many alyp bilmeýär. Gojugyň çola pursady arap gelmegi-de, töweregine ynjalyksyz garanjaklap durmagy-da düşnüksizdi. Her hal-da bolsa, gelniňduýgur ýüregi bir ýowuz zadyň bardygyny duýýardy. Şol näbelli duýgy hem ony gorkuzýardy. Ýüregine iňňe bolup batýardy, azap berýärdi. Gelin sanlyja günde edil ümrüň içinde gezip ýörene döndi. Ýap-ýaňyja ýumşadan pyşdasyna täzeden pil uranyny duýman galýardy. Ýygy-ýygydan gaharlanýar. Gaşlaryny çytýar. Nämä çytylýandygyny aňşyrman: «Men nämä çytylýarkam?» diýip geňirgenýärdi. Soňra: «wiý, gojuk...» diýip, töweregine ýaýdançly garaýardy. Göwher öz öýlerinde ýatyp-turaly bäri, Hallygözelden ynjalyk gaçdy. Indi ol gijelerine süýji ukuda ýatyrka-da tisginip oýanýar. Nämäniň-nämedigine göz ýetirýänçä titräp, sandyrap oturýar. Soň başyny ahmyrly ýaýkaýar, ah çekýär. Tä daňdana çenli uklap bilmän, iki ýana urnup ýatýar. «Gojuk pälini bozaýdymyka? Ertirki gün, daşym çolaka el uzadaýsa.Şonda nä alaç ederkäm?» Bu sorag gelne hunaba baryny ýuwutdyrýardy. Dogrusy, Hallygözel Durdynyňbeýle ryswaçylyga ýüz urjagyna ynanmajak bolýardy. Gaýyn ata ornundaky adamyň öz gelnine el uzatjagyna ynanaýmak aňsatmy näme? Hany şerigat? Hany ynsap? Durdy bir göwni göçgün jahyl bolsa. Onda heder etseň edibermeli. Jahylyň hyjuwy mydama paýhasdan öndedir. Ataşly duýgynyň hatyrasyna onuňätmejek ädimi, döz gelmejek pidasy bolmaz. Ol tötänleýin körän duýga-da aňyny aldyrar oturyberer. Hernä şol alawly möwsüm Durdynyň deňinden geçipdir. Ýaşy bir çene barypdyr. Saç-sakgala ak giripdir. Duýgusy, ýüregi düşüşerçe bolupdyr. Indi gojugyň hyjuwy yzdan, akyly öňden barýandyr Paýhas düşensoň, adam ýedi ölçäp, bir keser. Şerigatdan gorkar. Il-günden uýalar. Mergeni sylar. Gelniň dogan-garyndaşlaryndan heder eder. Ädimini oýlanyşyksyz göterse, namys odunyň tutaşjakdygyna gözi ýeter. Şeýtanyň ugruna gidip, niýetini ýamana dikenem bolsa, aklyna aýlanar. Toba eder, öküner. Hoşniýetli gelin Durdynyň ynsabyna, pähimine bil baglady. Ynjaldy. Haram meýil Durdynyň ynsabyny güň edipdi, Hallygözel muňa basym göz ýetirdi. Şol gün gelin ekin üstüne giç çykdy. Ol ertiriň çola wagty Durdy bilen gabatlaşmazlygy ýüregine düwdi. Onuň sadaja pirimi paşdy: gojuk ekin üstünde adam-gara köpeliberensoň, gelne garaşmakdan heder etdi. Öz bakjasyna tarap gitdi. Emma ol özüniň uzakda däldigini Hallygözele duýdurjak bolup azara galýardy: ýygy-ýygydan dikelýärdi, bilini ýazýardy. Gelne tarap kä gaharly, kä umytly seredýärdi. Hallygözel welin başyny galdyrmaýardy. Asudalykdan onuň jany gönenýärdi. Howsalaly oý-pikirleriň hem akymy gowşaýar. Ol elindäki piliňagramynam syzanok. Bilini ýazman, suw sürjek ýabyny gyrçaýar. Mergeni ýatlaýar. Ýigidiň ýumşak nazaryny, ýylgyryşyny göz äňüne getirýär, ýakymly sesini magat eşidýär. Gelnin göwnüne Mergen «hä» diýmän Popuşyň gumunyň üstünden görnäýjek ýalydy. Ol umyt bilen başyny galdyrýar... –Hallygözel, amanmysyň, aman-sagmysyň? Gelin allaniçiksi bolup, ses gelen tarapa öwrüldi. Gojuk dört-bäş ädimlikde ýylgyryp durdy. Hallygözel darykdy, töweregine ser saldy. Gün guşluk ýerine galypdyr. Bakja çolarypdyr. Aýal-erkegiň ýüzi oba tarap. Her kim özüni salkyn saýa atjak. Derläp çaý içjek. Teşneligini gandyrjak Gojuk bolsa... Ol halymsyrap dil açdy: –Hallygözel, janyň bir sagmy? Wagty bilen gara bermediň-le? Gelin: «Hawa, janym sag» diýen manyda başyny atdy. Emma gabaklaryny galdyrmady. Gojugyň ýüregi gobsundy: gahar gelniň ýaraşykly keşbini bozup bilmedi. –Humaýynja näzenin-dä!– Gelniň lowlap ýanyp durmagy hoşuna gelen gojuk içini gepletdi. Erkek adamyny kösemek, dyza çökermek oňa lezzet berýändir. Görküne görk goşýan ýalydyr. Ýöne, keýgim, sen bilip goý. Sen näçe boýnyýogyn hem bolsaň, aýalsyň.Durmuşyň tagamyny, erkek adamyň hyjuwly meýliniň lezzetini, süýjüligini dadanja aýalsyň. Öwgä, mähre maýylsyň. Altyn-zere muşdaksyň. Är kişiniň howurly demi, ataşly sözleri seniň gedem ýüregiňiduýman durkaňereder. Erkegiň muhabbetli, nazaryndan aýaly gorajak galkan ýokdur... Durdy wagt ýitirmedi. Ol gurjak tilsimini bilýärdi: –Hally, senden gadyr gaçyp barýa-la? – Durdy bir sägindi-de, mysapyr ýylgyrdy. – Gaşyňy çytýaň, ýüzüňi sowýaň. Men, hamana, saňa bigäne ýaly. Örteýäň, Hally. – Ol bir ädim öňe süýşdi. –Hoşamaýlyk edere wagt bolmadymyka? «Senden gadyr gaçyp barýa-la? Hoşamaýlyk edere wagt bolmadymyka?» Bu soraglar Hallygözeli üýşendirdi. –Eý, taňrym, muňa nähili gadyr gerekkä? Haýsy hoşamaýlyk lazymka? –Hallygözelgahardan ýaňa titräp durşuna içini gepletdi. – Baş atyp, salam bersem. Sylap ýaşynsam. Ýüzünä dikanlap garamasam. Ýaşmak astyndan pyşyrdamasam, adyny tutmasam. Özi ýokka-da: «Gaýyn atam», «Göwheriň kakasy» diýip geplesem. Bi gadyr-gymmat dälmikä? Ýa bi göherdiň görejine gözüňi güldürip garamalymyka? Toba estagpyrylla! Gelin gaşyny çytdy-da, yza çekildi. Alawlap, ýanyp duran görejini Durda dikdi. Şonda ol gojugyň nähili hoşamaýlyk hantamadygyny magat aňdy: Durdynyň nazary haýasyzdy. Ýiti göreçleri haram nebis, wagşy meýil bilen köräp durdy. –Bet niýetem gazanyň garasy ýaly. – Hallygözel içden jibrindi. – Özüni uzakdan äşgär edip dur. Gazanyň garasy gider, ýüzüňgarasy ýuwulmaz. Durdy bu pähimden habarlydy. Tikenem ýalaňaç ýörän aýaga batýar. Gojuga bu hakykatam mälimdi. Hallygözeliň Durdyny görende uzsyran, näz-kereşme bilen garan ýeri ýok. Gelin ata-baba gelýän ýörelgeden çykmandy, gaýyn atasyna hiç wagt owsun atmandy. Owsun atýan, tolkunýan gojugyň haram nebsidi. Durdy Hallygözeliň ümürli keşbini görüp, hemme zady aňdy. Janygyp gepledi: –Hally, sen meni telbe saýdyň. Men telbe. Ýöne, meni telbe eden sen. Hallygözel ýylan görenýaly, arkan serpildi. Görlüp-eşidilmedik bihaýalyga, aýylganç kemsidilmä gelniňýüregitap getirmedi. Ýiti tyg bilen dilinen dek awady. Gözi garaňkyrady Ol iki eli bilew lowlap duran ýüzüni tutdy-da, aşak çökdi. Durdy salgyma çapdy, özüni ýeňiji saýdy. Baryp, Hallygözeliň alkymynda dyzyny epdi, gelnin akja goşaryndan şapba tutdy, özüne çekdi... Hallygözel täzeden sarsgyn aldy. Ol sarsgyn oýanyşyň, güýje gelişiň sarsgynydy. Gojugam galkynýardy, takatdan düşýärdi. Gelniň elini dözümli çekýärdi. Indi şu azgynyň erkine boýun bolaýmaly bolarmyka? Hany Mergen? Zenan buýsanjy, wepasy nirede? Ata-enäniň abraýy hany? Gelin süňňi, ynsaby halal adamlaryň ýüzlerini ýere basaýmaly bolarmy? Hallygözel ýüregini berkden-berke baglady: –Süňňümi hapaladyp, namysymy basgyladandan diriligime göre girenim gowudyr. Beýle wejeralykdan soň özüme mährem adamlaryň ýüzüne seredip bilmen. Ölerin, ýöne päkligime ölerin. Gojugyň kepän agzy Hallygözeliň tebsirän dodaklaryna golaýlady. Gelin ellerini ýüzünden aýyrdy, tijendi. Gojugyň maňlaýyndan bat bilen itdi: –Çekil-ä, haýasyz. – Gelin örboýuna galdy.– Ýagşam bir gaýyn ata ekeniň.Gojuk ýykylmady. Olam hasanaklap galdy. Gelin bilen ýüzbe-ýüz durdy: –Hally, Hally, kowlama meni. – Durdy hasylap dem aldy. – Diňle. Diňle, meň zarymy. Hallygözel ýaşmagyny gazap bilen syrdy: –Bes et, azgyn. Sakgalyňa seret, bihaýa. Gyrawlapdyr ol. – Sen nähak awyňy pürkýäň. – Gojuk ýüzüni asdy. – Men elliniň egninden basdym. Haram keýpiň, yşgyna düşüp, serden-başdan geçjek adam däl men.–Hallygözel ýüzüni kese sowdy-da, dymdy. Gojuk dowam etdi: – Geçen baharda obaňyzda toý bolandyr. Şol toýdan bäri soň zaryňy çekip ýörün. Seni Mergene-de matlap bilen sataşdyrdym. Saňa gowuşmaga mende başga ýol ýokdy. Köp oýlandym, köp ýandym. Unutjak boldum. Gaýta duýgym köredi. Indi ony gizlemäge mende güýjem ýok, erkem. Hemme zada kaýyl men. Isleseň Mergeni aramyzdan ömürlik aýraýyn. Ýok, Mergene azar berme diýseň, ona-da kaýyl. Wagtal-wagtal höwesimi paýlaşsaň bolýar. Eliňi sowuk suwa batyrmaýyn. Durdynyňnadan jahyl kimin tolgunyp, kiçelip durşuna Hallygözeliň myrryhy atlandy. Ol azymly gepledi: –Senem musulmanmy? Durdynyň sesi goýaldy: –Musulmançylygyma şübhäň barmy?–Şübhäm bar. – Hallygözel pert gepledi. – Mergen sen ogul ornunda öýeren batragyň. Menem onuň nikaly gelni. Öz gelnine el uzatmaga ynsaby çatan azgyna musulman diýmäge kimiň dili barar? Bi adata-ymmata sygjak zatmydyr? Şerigaty depeleseň, seni Hudaýam ýazgarar, bendesem. –Ýazgarsyn. Dowzah oduna köýdürsin. – Durdy gyjynyp gepledi. – Seň sapaňy göreýin. Azabyna döz gelmek meň bilen. –Molla damakdan öler, beg aýalbazlykdan. –Kimmişin meni öldürjek? –Mergende gözüň eglenmedimi? –Ýetim batrak bir köksüz daragtdyr. – Ýa meň garyndaşlarymy binamys saýdyňmy? – Hallygözel Durda seňrigini ýygryp seretdi. – Ägä bol. Hossarlarym pes päl adamlardyr. Ýöne arsyz-namyssyz däldirler. Bu gün meň namysym depelense, ertir nobat seň gyzyňa ýeter. –Özüň-ä sandyrap, titräp dursuň. Ýene haýbat atýaň. Hallygözel Durdynyň ýaňsyly sözlerini eşitmezlige saldy: –Sen bilip goý: kel başa şemşat darak gelişmez. Meň tenimem, ýüregimem Mergeniňki. Gelniň sözleri äht bolup ýaňlandy. Gojuk bu gezek gazabyny saklap bilmedi: – Mergen menden galkymly, menden mähirli ýassykdaş bolar öýdýäňmi? Nädersiň Mergene gaýdyp ýüzüň düşmäýse? – Gara başyny goramaga Mergeniň gaýraty çatar. – Hallygözel buýsançly gepledi. – Onsoňam, men ykbalyma sadyk gyzdym. Saýlanym-seçenim ýokdy.Ykbal Mergene däl-de, saňa duş edenbolsa, men wepamam, sapamam seniňki bolardy. Seň guşagyňda garrardym. – Gelin töweregine ynjalyksyz garady. – Nikada ýazgyt bar. Taňrynyň erki-emri bar. Onuň emrini basgylan iki dünýäde-de ýalkanmaz. Sen toba et. –Aýalyň akly gysga bolarmyş... –Haram meýilden gan ysy kükäp durandyr.– Hallygözel gojugyň ýüzüne ötgür garady. – Sen öz nikaly aýalyňa, göz monjugy ýaly çagalaryňa sarpa goýmasaň, men olary sylaýyn. Men senden parhlyrak bolaýyn. Garyndaşlyk arasyna duşmançylyk düşmez ýaly, öýke-kinäni ýuwdaýyn. Senem aklyňa aýlan. Gaýdyp maňa söz gataýjy bolmagyn. Eýgilik tapmarsyň. Hallygözel oba tarap gadam urdy. Gelin gojuga tarap gabagynam galdyrmady. Ol tutumlydy. Iýene onuň tutumy duşmana syr bermejek bolýan adamyň ýöwsel tutumy däldi. Gelniň durkunda ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňen merdiň tutumy bardy. Durdy serpmeden gaýdan dek boldy. Ol gelinde är gaýraty bardyr öýtmändi. Hallygözel aljyrar. Aglar-eňrär, alaçsyz urnar. Emma goşaryndantutsaň, pagyş-para erär, boýun synar öýdüpdi. Bolmanda-da ejiz nazardan, durmuşda hiç zady görmedejik gunçadan başga nämä garaşjak? Birdenem şeýle sowuk pähim, sagdyn nazar. Belent göwünlilik... Töweregine uýatlyja garap ýören gelinden beýle awuly şarpyk datmak... Akyla sygasy zatmy? – Pähim satdy-ow, bi gyrnak. Namyslymyşyn, wepalymyşyn ol. – Gojugyň reňki agdy. Maňlaýyndaky goşa ýygyrt çuňaldy. Ol ýylan dek hyşşyldap gepledi. – Bu gezek sen ujyz sypdyň, gyrnak. Indiki duşuşykda ýeňiş meiniki bolar. Terje bedeniňi goltugyma gysaryn. Güýç bilen gysaryn. Ana, şonda bu günki şarpygyň awusy dabanymdan syzylyp çykar. Onsoňam... Dur-la... – Beýnisinde duýdansyz ýylpyldap giden pikirden ýaňa Durdynyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Gulagynda bolsa, Hallygözeliň parahat sesi ýaň berdi: «Men senden parhlyrak bolaýyn. Öýke-kinämi ýuwdaýyn...» –Eý, Taňrym! – Gojuk çasly gygyranyny duýmady. – Eýsem, bu sözler hylwatly duşuşyga wada bermeýärmi näme? Gaýdyp görüljek ýüze tüýkürilmez. Hallygözelem meň ýüzüme tüýkürmändir. Pähim bilen, aýlaw bilen umyt beripdir. Bolmanda-da, buýsançly zenan erkegi gynaman, kiçeltmän ýürek gapysyny açmaz ahyryn, Gojuk Hallygözeliň sözlerini hoşnut bolup gaýtalady: – Men parhlyrak bolaýyn. Garyndaşlyk arasyna duşmançylyk salmaýyn. Gelniň sözleri Durdynyň ýüregine siňdi. Datly, hylwatly duşuşyga berlen wada bolup siňdi.

(dowamy bar)

www.kitapcy.ga

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir