Billi Aýliş 400 müň futbolkany gaýtadan işlemäge iberer
Billi Aýlişiň öňki konsert syýahatlaryndan 400 müň töweregi ulanylmadyk futbolka 280 müň sany täze önüm döretmek üçin gaýtadan işlener. Bu barada Fast Company habar berýär.
Taslama artistler bilen bagly egin-eşikleriň we ýadygärlik sowgatlarynyň satuwyna jogap berýän Universal Music Group kompaniýasynyň Bravado bölümçesi tarapyndan durmuşa g...
Apple iPhone-yň çäge, duzly suw we asfalt synaglaryna nähili çydaýandygyny görkezdi
Apple kompaniýasy iPhone-y adatdan daşary ulanyş şertlerinde nähili synagdan geçirýändigini görkezdi. Kompaniýanyň synag barlaghanalarynyň birine WWDC 2025 konferensiýasyna käbir gatnaşyjylar, şol sanda Counterpoint portalynyň analitikleri çagyryldy.
Maglumatlara görä, bazara çykarmazdan ozal kompaniýa azyndan 10 müň gurluşy synagdan geçirýä...
“Mançester Ýunaýted” Amazonyň klub hakynda 10 mln funt sterlinglik dokumental film düşürmek teklibini ret etdi
"Mançester Ýunaýted" şertnamanyň bahasynyň 10 million funt sterlingdigine garamazdan, Amazonyň klub barada dokumental film düşürmek baradaky teklibinden ýüz öwürdi diýip, The Athletic habar berýär.
Çeşmäniň habaryna görä, Amazon bilen gepleşikler geçen möwsümiň ikinji ýarymynda birnäçe aýlap geçirilipdi. Film 2025/26 möwsümde surata düşüril...
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” filmi 15-nji iýulda Internetde çykar
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filminiň remeýkiniň sanly görnüşi 15-nji iýulda Internetde çykar diýip, When to Stream neşiri ýazýar.
Onlaýn görnüşdäki premýerasy film kinoteatrlarda görkezilenden bir aý soň bolar. Adatça, iri filmler kassa ýygymlary gaty pes bolmasa, bir ýarym aýdan gijä galman sanly görnüşde peýd...
ABŞ-da göz şekilli penjireleri bolan üýtgeşik myhmanhana guruldy
Denwer amerikan şäheriniň merkezinde fasady ýüzlerçe “göz” şekilinde ýerine ýetirilen üýtgeşik Populus myhmanhanasy açyldy. Binagärlik taslamasy Studio Gan studiýasy tarapyndan durmuşa geçirildi we diňe bir täsin dizaýny bilen däl, eýsem gurluşyga ekologik çemeleşmesi bilen tapawutlanýar diýip, ArchDaily ýazýar.
Penjireleriň şekili osina aga...
Hytaýyň täze lazerli enjamy çybynlary üç millisekuntda ýok edýär
Hytaýda Photon Matrix atly enjam döredildi. Bu enjam çybynlary üç millisekundyň dowamynda tapyp, aralygy kesgitläp, lazer arkaly ýok edýär diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär.
Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, enjam bir sekuntda 30-a çenli çybyny ýok edip bilýär. Ulgam adamlar ýa-da öý haýwanlary ýaly uly jandarlary tapawutlandyrmak...
Hereketlendirijisindäki näsazlyk zerarly milliona golaý Peugeot, Citroen we Opel ulaglary yzyna ýygnalýar
Stellantis konserni BlueHDi dizel hereketlendirijilerinde gaz paýlaýjy mehanizm zynjyrynyň wagtyndan öň könelýändigi sebäpli Ýewropada awtoulaglary köpçülikleýin yzyna çagyrmak kampaniýasyny başlatdy. Hyzmat kampaniýasy 2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli öndürilen alty brende - Peugeot, Citroen, Opel, Vauxhall, DS we Fiat...
Implant ysmazly syçanlaryň hereketini dikeltmäge kömek etdi
Barlagçylar adamlarda we haýwanlarda oňurga ýiliginiň şikeslerini bejermegiň täsirli usulyny döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. Oklend uniwersitetiniň (Täze Zelandiýa) alymlary ysmaz alakalarda hereket funksiýalaryny dikeldýän minimal inwaziw tehnologiýany işläp düzdüler.
Tehnologiýa oňurga ýiliginiň şikes ýeten ýerine ultra inçe biologik taý...
Mbappe psihologik basyş edilmegi babatda “PSŽ”-nyň üstünden ýazan arzasyny yzyna aldy
Fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby bolan “Pari Sen-Žermene” üstünden beren kazyýet arzasyndan özüne psihologik basyş edilmegi babatdaky bölegi yzyna aldy diýip, L'Equipe habar berýär.
Futbolçy "ünsüni sport meselelerine jemlemek" üçin şeýle karara geldi.
Ozal, 2023-nji ýylda “PSŽ-nyň" ýolbaşçylarynyň Mbappäni oýunlardan çetleş...
Ýaponiýada 145 müň dollardan BMW M3 CS Touring-iň ýörite wersiýasy satylýar
BMW Ýaponiýada “zarýadlanan” M3 CS Touring uniwersalyny satyp başlady. Ýerli bazar üçin bary-ýogy 30 sanysy bölünip berildi. Bu diňe ýapon bazary üçin niýetlenen, seýrek duş gelýän M seriýaly modelleriň biriniň ruly sag tarapdaky wersiýasydyr.
Awtoulag has haýbatly dizaýny, gara üçegi, birtopar karbon elementi we agramy 15 kg kemeldilendigi...
Serbiýada Türkmenistanyň täze ilçisi işe başlady
7-nji iýulda Belgrad şäherindäki Serbiýa Respublikasynyň Prezidentiniň köşgünde Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Esen Aýdogdyýewiň Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Dabaranyň dowamynda ilçi E.Aýdo...
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.
Maslahatyň barşynda häkimler welaý...
Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekd...
Ferrari bilen Rolls-Royce-yň ozalky ýolbaşçylary McLaren-iň direktorlar geňeşine goşuldy
McLaren direktorlar geňeşiniň täze düzümini mälim etdi. Bu geňeş kompaniýanyň strategik dolandyrylyşyny alyp barar. Täze geňeşiň düzümine dokuz adam girýär, olaryň arasynda Ferrari-niň öňki ýolbaşçysy Luka di Montezemolo bilen Roll-Royce-a 15 ýyl ýolbaşçylyk eden Torsten Mýuller-Otwos hem bar.
Direktorlar geňeşine Abu-Dabiden CYVN Holdings m...
Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy
NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi.
Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge...
Täjigistanda eýesiniň ady ýazylan I-III asyrlaryň küýzesi tapyldy
Arheologlar Täjigistanda Kuşan imperiýasy döwründe ýaşan bir aýalyň adyny saklaýan baktriýa dilindäki ýazgy bilen keramiki gaby tapdy. Tapyndy Sarband obasynyň golaýyndaky gadymy Halkajar şäherçesinde ýüze çykaryldy diýip, The Times of Central Asia-a salgylanyp, Archaeology Magazine habar berýär.
Biziň eýýamymyzyň I-III asyryna degişli hasap...
Şu ýyl Ýerde iň gysga günler tomusda bolar
Ýeriň aýlanmagynyň we hasaplama ulgamlarynyň halkara gullugynyň (IERS) işgärleri planetanyň adatdakysyndan çalt aýlanyp başlajak senesini hasaplady. Hasaplamalara görä, günleriň dowamlylygy 9-njy we 22-nji iýulda, şeýle-de 5-nji awgustda gysgalar. Deslapky maglumatlar boýunça, gysgalma, takmynan, 1,51 millisekunt ýa-da ondan sähel köp bolup biler.<...
Meksika KONKAKAF Kubogynyň finalynda ABŞ-ny utdy
ABŞ-nyň milli ýygyndysy Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň we Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň (KONKAKAF) Altyn kubogynyň finalynda Meksikadan 1:2 hasabynda utuldy. Oýun Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirildi.
Amerikalylaryň düzüminde 4-nji minutda Kris Riçards gol girizdi. Meksikalylardan Raul Himenes (27-nji minut)...
BAE-niň Hökümeti TON kriptowalýutasyny alanlara "altyn wiza" beriljekdigi baradaky habary ret etdi
Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti Toncoin kriptowalýutasyny 100 müň dollar möçberinde steýking etmek (şol kriptowalýutanyň hasabyna şol möçberde pul goýmak) we 35 müň dollar komissiýa tölemek arkaly "altyn wiza" almak mümkinçiligi baradaky TON Foundation tarapyndan ýaýradylan habarlaryň hakykata laýyk däldigini mälim etdi. Bellenilişi ýaly, şeý...
Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi
Geçen ýyl dünýäde kömürturşy gazynyň zyňyndylary CO₂ ekwiwalentinde 40,8 milliard tonna ýetdi. Bu barada Energetika instituty (EI) tarapyndan neşir edilen “2025-nji ýylda dünýä energetikasynyň san maglumatyna syn” atly täze hasabatda aýdylýar.
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine uly göwrümli maýalaryň goýulýandygyna we zyňyndylary a...