Aşgabatda Hytaýyň Şensi welaýatynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi
11-nji martda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary Sin Şanpiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Pikir alyşmalaryň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma eýe...
Amerikan biržasy Trampyň resessiýa barada aýdan sözlerinden soň aşa pese gaçdy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýurduň ykdysadyýetinde bolup biljek «geçiş döwri» hakyndaky beýannamasy ABŞ-nyň gazna biržasynda güýçli pese gaçyşa sebäp boldy diýip, «Bloomberg» we «Reuters» neşirleri habar berýär.
Tramp 9-njy martda Fox News-e beren interwýusynda, 2025-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň resessiýa düşmek ähtimallygy barada...
Estoniýada ýüzugra gurluş döredip bilýän roboty işläp taýýarladylar
Estoniýaly inženerler gyzdyrylan polimeri gysyp çykarmak arkaly, ýerinde çydamly gurluşlary döredýän özboluşly roboty işläp taýýarladylar. Taýýar bölekler bilen edilýän däp bolan mehanizmlerden tapawutlylykda, täze tehnologiýa çeýe we berk gurluşlary emele getirip, daşky gurşawa uýgunlaşýar.
Inženerler öz işlerinde möýleriň tebigy çeýeligind...
Türkmen alymlary damjalaýyn suwaryş üçin biokompozit inýektor işläp düzdüler
Türkmen alymlary damjalaýyn suwaryş üçin biokompozit inýektor işläp düzdüler. Bu enjam suwaryş suwuny tygşytly tutmaga we ösümlikleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Işläp düzmek işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy- tehnologiýa parkynyň alternatiw...
Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi Türkiýäniň Ak partiýasynyň wekili bilen duşuşdy
10-njy martda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň Ak partiýasynyň Başlygynyň orunbasary Kurşad Zorlu bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlyndaky ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň öza...
McDonald's dünýädäki 43 müň restorany emeli aň bilen enjamlaşdyrar
McDonald's dünýädäki 43 müň sany restoranynda emeli aň tehnologiýasyny işe girizýär. Kompaniýa neýroulgamyň kömegi bilen işi ýönekeýleşdirmegi we işgärler üçin dartgynlylygy kemeltmegi, şeýle hem müşderilere hyzmat edilişini gowulandyrmagy göz öňünde tutýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň käbir ýerlerinde üstünlikli synag edilen bu tehnolog...
Subaru Legacy çykmasyny bes edýär. Bu brendiň iň üstünlikli modellerinden biridi
Subaru 36 ýyllap bazara çykan Legacy modeliniň önümçiliginiň tamamlanýandygyny mälim etdi. Köpugurlylygyň we ygtybarlylygyň nyşanyny dabaralandyran bu ulag ornuny brendiň täze işläp taýýarlamalaryna bermek bilen sahnadan düşýär.
Legacy rahatlygy, geçiş ukybyny we tygşytlylygy utgaşdyrmak arkaly, brendiň esasy alamatyna öwrülipdi. Awtoulag sp...
30 million ýyl ýaşy bolan ýantardan kebelek çykmaly ýumurtga tapyldy
antara, köplenç, "wagtyň kapsulasy" diýilýär. Sebäbi olardan ýygy-ýygydan millionlarça ýyllap şepbige ýelmeşip galan, taryhdan öňki mör-möjekler tapylýarlar. Nemes biologlary Baltika ýantarynyň içinden ýene bir täsin nusgany - 30 million ýyl mundan ozal kebelegiň çykmaly ýumurtgasyny tapdylar.
Palaeontologia Electronica žurnalynda çap edilen...
Türkmenistanyň birža söwdalarynda geçen hepdede 23 sany geleşik baglaşyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 355 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk...
Kanadanyň bankynyň öňki başlygy Mark Karni ýurduň täze premýer-ministri bolar
Kanadanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Mark Karni häkimiýet başyndaky Liberal partiýanyň liderligine saýlandy. Ol ýakyn wagtda premýer-ministr wezipesine girişer we bu wezipedäki Jastin Trýudonyň ornuna geçer. Bu barada «Associated Press» habar berýär.
Häzirki premýer-ministr Jastin Trýudonyň toparyndan bolmadyk ýeke-täk dalaşgär bolan Karn...
Ýeriň deňiz buz örtügi 1979-njy ýyldan bäri iň pes derejä ýetdi
2025-nji ýylyň fewralynda deňiz buz örtüginiň, 1979-njy ýyldan bäri, iň pes derejesi hasaba alyndy. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Copernicus howanyň üýtgemegi boýunça gullugy habar berdi.
Alymlar deňiz buzunyň, ýagny ummanlaryň ýüzünde ýüzüp ýören doňan suwuň çalt ýitip barýandygyny aýdýarlar.
"Ählumumy maýlamanyň netijeleriniň biri...
Ýewropa Bileleşiginde çaga dogluşy soňky 60 ýylda iň pes derejä gaçdy
2023-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda 3,67 mln çaga dünýä indi – bu 2022-nji ýyldakydan 5,4% azdyr. Görkeziji soňky 60 ýylda iň pesi boldy.
Ýewropanyň statistika agentliginiň täze hödürlän maglumatlary soňky gezek şeýle pese gaçyşyň 60-njy ýyllaryň başynda hasaba alnandygyny görkezýär.
Täze doglan çagalaryň tas ýarysy (46,4...
SpaceX Floridadaky kosmodromda Starship üçin uçuş meýdançalary gurmagy meýilleşdirýär
SpaceX Floridanyň (ABŞ) kenaryndaky kosmodromda Starship uçuşlary üçin infrastrukturasyny giňeltmek baradaky meýilnamasyny tassyklady. Raketa göterijiler «flotuny» döretmek üçin kompaniýa uçuş meýdançalaryny döwrebaplaşdyrar, täze önümçilik kuwwatlyklaryny gurar we NASA-nyň öňki ýerlerini ulanar.
Taslama laýyklykda, LC-39A we SLC-37 ýaly uçu...
Nissan "Bayside Blue" öwüşginde täzelenen Z 2025 modelini hödürledi
Nissan kompaniýasy täzelenen Z 2025 bilen tanyşdyrdy. Esasy üýtgeşikme GT-R R34-den tanyş bolan Bayside Blue öwüşgininiň gaýdyp gelmeginden ybarat. Tehniki häsiýetnamasy, bahasy öňküligine galdy.
Şeýle hem kompaniýa gara üçekli iki reňkdäki Pearl White Tricoat we Solid Red görnüşlerini goşdy. Palitrada Black Diamond Pearl, Stealth Gray, Bri...
Honda bir zarýadda 650 km-e çenli ýol geçip bilýän täze S7 ulagyny hödürledi: bahasy 36 müň dollardan başlaýar
Honda kompaniýasy Dongfeng hytaý awtoulag öndürijisi bilen bilelikde işläp düzen täze S7 elektrokrossowerini tanyşdyrdy. Bu model premium derejesindäki ulag hökmünde hödürlenýär. Şeýle-de bolsa, 36 müň dollarlyk başlangyç bahasy bilen, müşderiler üçin elýeterli çözgütleriň biri hasap edilýär.
S7-niň esasy görnüşi yzky tekerlerden hereketlend...
Google-yň esaslandyryjysy EA-nyň kömegi bilen obýektleri taslamak üçin startapy işe girizdi
Google-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Peýj emeli aň ulgamyny önümçilik işlerine ornaşdyrmak bilen meşgullanjak Dynatronics startapyny döretdi.
The Information-yň maglumatlaryna görä, kompaniýa “ýokary derejede optimizirlenen” obýektleri awtomatik taslamak we olaryň soňraky önümçiligi üçin algoritmleri işläp taýýarlaýar.
Bu taslama K...
Kazy Maskyň OpenAI-yň gurluş düzümini üýtgetmegini böwetlemek baradaky arzasyny ýatyrdy
Ilon Mask OpenAI startapynyň gurluş düzüminiň üýtgedilmeginiň öňüni almak we hatda gadagan etmek üçin, geçen ýyldan bäri kazyýete ýüz tutup gelýär. Eger-de bu çäre amala aşyrylsa, kompaniýanyň täjirçilik maksatly iş düzgünine geçmegi mümkin bolar, şeýle-de ösüş üçin zerur serişdeleri tapmak öňküsinden has aňsatlaşar.
Oklend etrap kazyýetiniň...
2025-nji ýylyň fewral aýy taryhda üçünji iň ýyly fewral boldy
2025-nji ýylyň fewral aýy dünýäde üçünji iň ýyly fewral boldy. Ýewropanyň klimat gullugy Copernicus-yň maglumatlaryna görä, geçen aý howanyň ortaça temperaturasy 13,36°C boldy we bu 1991-2020-nji ýyllarda fewral aýynyň ortaça derejesinden 0,63°C ýokarydyr.
Mundan başga-da, bu görkeziji industrialdan öňki derejäni kesgitlemek üçin ulanylýan 1...
Pariž demirýol menzilinde Ikinji jahan urşunda göçmän galan snarýad tapyldy
Parižiň merkeziniň demirgazygynda ýerleşýän Sen-Deni kommunasyndaky demir ýollaryň üstünden Ikinji jahan urşunda göçmän galan snarýad tapyldy. Ony demirýol işçileri anna güni ir bilen sagat dört töweregi tapdylar. Snarýad göçmän galypdyr diýip, SNCF demirýol operatoryna salgylanyp, «RFI» habar berýär.
Snarýad Demirgazyk menzilinden 2,5 km uz...
Volkswagen 20 müň ýewrodan ID. Every1 arzan elektrokarynyň nusgasyny görkezdi
Volkswagen geljekki arzan elektromobili bolan ID. Every1-iň nusgasyny görkezdi. Kiçi göwrümli we bäş gapyly bu model 250 kilometrlik ýol ätiýaçlygy bilen üpjün ediler hem-de 20 müň ýewrodan satuwa çykar diýip, «Motor1» neşiri belleýär.
Awtoulagyň uzynlygy 3880 mm bolup, «VW Polo» modelinden kiçiräk bolsa-da, gurluş aýratynlyklary sebäpli, sa...