Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Diýego sebitinde dabaraly çäre geçirildi. ABŞ-daky Türkmenistanyň ilçihanasynyň habar bermegine görä, çäre «Fit International» kompaniýasy tarapyndan guralyp, oňa ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkmenistanyň dostlary gatnaşdy. Dabaraly çärä Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew gatnaşdy. Ol ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, iki ýurduň garaşsyzlyk seneleriniň bellenilmeginiň döwlet özygtyýarlylygynyň, milli özboluşlylygyň, parahatçylykly ösüşiň we döwletleriň arasyndaky özara hormatyň ähmiýetini aýdyň görkezýändigini belledi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ABŞ-da dabaraly çäre geçirildi Çäräniň esasy wakasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýagty ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Çärä «Fit International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kirt Edwards hem gatnaşyp, türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi. Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň bellemegine görä, bu çäre Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara hormat goýmak däpleriniň nobatdaky gezek aýdyň beýany boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir