Apple kompaniýasy ulanyjylaryň şifrlenen maglumatlaryny elýeterli etmek baradaky talaby inkär edip, britan häkimiýetleriniň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Bu barada «Financial Times» gazeti habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, şikaýat döwlet edaralary tarapyndan gizlin yzarlanylýar diýlip güman edilýän ýagdaýlara seredýän ýörite britan tribunalyna iberildi. Muňa hökümetiň ulanyjy maglumatlarynyň bulut ätiýaçlygyndaky şifr bilen goralýan göçürme nusgalaryna elýeterlilik bermek baradaky talaby sebäp boldy. 2025-nji ýylda Beýik Britaniýa ABŞ-nyň basyşy astynda Apple-den şifrlenenen maglumatlara giň elýeterlilik bermek baradaky talabyndan ýüz öwrüpdi. Soňra häkimiýetler kompaniýa täze «tehniki mümkinçilikler barada duýduryş» iberdi, oňa laýyklykda, Apple Londona amerikaly ulanyjylardan başga ähli ulanyjylaryň maglumatlaryny bermelidi. Kompaniýa bu talaby ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy hasaplaýar we kazyýet tertibinde onuň ýatyrylmagyny gazanmaga çalyşýar. Britan häkimiýetleri bolsa öz talaplaryny terrorçylyga we zorluga garşy göreşmek zerurlygy bilen düşündirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir