Ýaponiýada 145 müň dollardan BMW M3 CS Touring-iň ýörite wersiýasy satylýar

BMW Ýaponiýada “zarýadlanan” M3 CS Touring uniwersalyny satyp başlady. Ýerli bazar üçin bary-ýogy 30 sanysy bölünip berildi. Bu diňe ýapon bazary üçin niýetlenen, seýrek duş gelýän M seriýaly modelleriň biriniň ruly sag tarapdaky wersiýasydyr.
Awtoulag has haýbatly dizaýny, gara üçegi, birtopar karbon elementi we agramy 15 kg kemeldilendigi...

Dowamy »

96 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Trump Media kompaniýasy Netflix-iň bäsdeşi boljak Truth+ akym hyzmatyny işe girizdi

Trump Media kompaniýasy özüniň Truth+ akym hyzmatynyň dünýä derejesinde işe başlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda platformadaky göni ýaýlymlar we wideo mazmun mugt elýeterlidir. Abuna ýazylmak barada maglumat ýok diýip, Reuters ýazýar.
Platforma teleýaýlymlara göni ýaýlymda we iOS, Android, web wersiýasy, şeýle hem smart-TV-de - Apple TV-...

Dowamy »

87 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

“Garfild kinoda” multfilminiň dowamy çykar

Sony Pictures we Alcon Entertainment kompaniýalary “Garfild kinoda” multfilminiň dowamyny taýýarlamak işleriniň başlanandygyny habar berdi. Gürleýän pişige ýene-de Kris Pratt ses berer.
Multfilmiň dowamyny düşürmek işleri birinji bölüm çykandan bir ýyldan gowrak wagt soň tassyklandy. Birinji bölüm 2024-nji ýylyň maý aýynda çykyp, 60 mln doll...

Dowamy »

92 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

“Dýunanyň” üçünji bölümi düşürilip başlandy. Filmiň resmi ady yglan edildi

Legendary studiýasy “Dýunanyň” üçünji bölüminiň düşürilip başlanandygyny habar berdi. Deni Wilnýowyň ylmy-fantastiki wakasynyň üçünji filmi “Dýuna: Üçünji bölüm” (Dune: Part Three) adyny aldy. Taslama bu at bilen kino auditoriýasy barada maglumatlary ýygnamak we seljermek bilen meşgullanýan Rentrak analitiki kompaniýasynyň bazasynda peýda boldy.

Dowamy »

92 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär.
Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär. Sergi 365 müň inedördül metr meýdany eýeleýär we 40 ýaşly futbolçynyň karýerasy bilen baglanyşykly 40 töweregi obýekti öz içine a...

Dowamy »

96 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Nvidia bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

9-njy iýulda Nvidia bazar bahasy 4 trln dollardan geçen taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy. Nasdaq söwdasynda amerikan mikroçip öndürijisiniň paýnamalary bir paý üçin 164,2 dollara ýetdi, bu hem kompaniýa öň ýetilmedik görkezijä ýetmäge mümkinçilik berdi.
2025-nji ýylyň başyndan bäri Nvidia-nyň bahasy tas 20% ýokarlandy. Munuň e...

Dowamy »

95 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Samsung flagman kitapça smartfony Galaxy Z Fold 7-ni hödürledi

Galaxy Unpacked tanyşdyrylyş dabarasynda Samsung kompaniýasy täze eplenýän Galaxy Z Flip7 we Galaxy Z Flip7 FE smartfonlaryny hödürledi.
Galaxy Z Flip7 flagman modeliniň esasy aýratynlygy ulaldylan daşky displeý boldy – indi onuň diagonaly öňki 3,4 dýuým bilen deňeşdirilende 4,1 dýuým boldy. Ekran korpusyň ýokarky panelini doly tutýar. Içki...

Dowamy »

93 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Samsung saglyk datçikleriniň uly toplumy bilen smart-sagatlarynyň täze hataryny görkezdi

Galaxy Unpacked 2025 çäresinde Samsung kompaniýasy akylly sagatlaryň täze neslini hödürledi – Galaxy Watch8, Watch8 Classic we Watch Ultra (2025).
Esasy model Galaxy Watch8 40 mm we 44 mm korpusly wersiýalarda elýeterli bolar. Kiçi wersiýa iň ýokary ýagtylygy 3000 nit bolan 1,34 dýuýmlyk Super AMOLED displeýi we 325 mA/sag akkumulýator bilen...

Dowamy »

90 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Keniýada kömürturşy gazyny karbonatlara öwürýän agaç tapyldy

Ýewropanyň we Keniýanyň alymlary Gündogar Afrikada ösýän injir agajynyň bir görnüşi bolan Ficus wakefieldii-niň kömürturşy gazyny özüne siňdirip, onuň toprakda karbonat ýataklary görnüşinde saklamaga ukyplydygyny anykladylar. Bu barada Ýewropanyň Geohimiýa Assosiasiýasynyň (EAG) metbugat gullugy habar berdi.
Barlaglar Ficus wakefieldii-niň ö...

Dowamy »

96 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

ESA kosmosdan Ortaýer deňziniň näderejede gyzýandygyny görkezdi

Ýewropadaky aşa yssy howa hatda kosmosdan hem aýdyň görünýär. Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Ortaýer deňzi sebitindäki gury ýerleriň we suwuň üstki temperaturasynyň ýokarlanýandygyny görkezýän emeli hemra suratyny çap etdi.
Surat Sentinel-3 emeli hemrasy tarapyndan bäş orbital uçuşyň dowamynda ýygnalan maglumatlaryň esasynda taýýarlanyldy. B...

Dowamy »

108 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Alymlar Ýerde Merkuriýniň ilkinji bölekleriniň tapylandygyny habar berdiler

Afrikada tapylan iki meteorit Merkuriý planetasynyň ylma mälim bolan ilkinji bölekleri bolup çykdy. Bu barada Icarus ylmy žurnaly habar berýär. Eger ylmy çaklama tassyklansa, bu Ýerde Güne iň golaý planetanyň meteoritleriniň tapylmagyna degişli ilkinji ýagdaý bolar.
Gürrüň Northwest Africa 15915 we Ksar Ghilane 022 meteoritleri barada barýar...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

X-iň baş direktory Ýakkarino işden gitdi. MrBeast bu wezipä özüni hödürledi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynyň baş direktory Linda Ýakkarino kompaniýadan gidýändigini habar berdi.
“Men iki ýyldan soň X-iň baş direktory wezipesinden gitmek kararyna geldim. Haçan-da biz Ilon Mask bilen ilkinji gezek X-iň geljegi barada gürrüňdeş bolanymyzda, men munuň kompaniýanyň ajaýyp missiýasyny durmuşa geçirmek üçin gowy mümkinçil...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Apellýasiýa kanagatlandyryldy: «Liona» Fransiýanyň 1-nji Ligasynda galmaga rugsat berildi

Fransiýanyň «Lion» futbol kluby ýurduň çempionatynyň ýokary ligasynda galmagy başardy. Milli administratiw gözegçilik departamentiniň (DNCG) topary 2-nji Liga düşürmek baradaky kararyna garşy berlen apellýasiýa kanagatlandyryldy. Bu barada Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň (FFF) metbugat gullugy habar berdi.
Beýanatda aýdylmagyna görä, klub...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Karlo Ançelotti salgyt tölemändigi üçin bir ýyl tussaglyga höküm edildi

Madridiň Ýokary kazyýeti Madridiň “Realynyň” öňki baş tälimçisi Karlo Ançelottini salgyt tölemändigi bilen bagly iş boýunça bir ýyl tussaglyga höküm etdi. Bu barada kazyýet çözgüdiniň tekstine salgylanyp, TASS habar berýär.
Derňewiň maglumatlaryna görä, Ançelotti 2014-nji we 2015-nji ýyllarda diňe futbol klubundaky işinden alýan girdejisini...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

“Red Bull” “Formula-1-iň” toparynyň ýolbaşçysyny Werstappen bilen dawadan soň işden çykardy

Kristian Horner “Red Bull Reýsing” toparynyň ýolbaşçysy wezipesinden aýryldy we baş direktoryň wezipe borçlaryndan boşadyldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.
KHBS-iň maglumatlaryna görä, britaniýalynyň işden çykarylmagynyň sebäbi onuň toparyň esasy sürüjisi Maks Werstappen bilen uzaga çeken dawasy we häzirki möwsümde şowsuz n...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistan Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň (ÝMGB) Aziýa sebiti boýunça baş karz hünärmeni Dawid Mongussiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasyndaky hy...

Dowamy »

104 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanyň Prezidenti Argentinany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň hal...

Dowamy »

106 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Gurbanguly Berdimuhamedow awgustda “Awazada” geçiriljek halkara maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk...

Dowamy »

99 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda K.Kallas E...

Dowamy »

105 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Mähri Bäşimowa BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda ýokary derejedäki duşuşykda çykyş etdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Habar berlişi ýal...

Dowamy »

109 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago