DURALGADA

Men-ä şeýle bir şadyýan,
Sen weli şeýle bir agras.
Seniň gözleriň mawumtyk,
A meniň gözlerim goňras.

Saňa kän bakmadyk bolýan,
Sende-hä beýle dözüm ýok.
Seň maňa öwgüleriň bar,
Ah, meň-ä saňa sözüm ýok.

Sen-ä uzyn, men gysgaja,
Şonda-da ýok mende ünji.
Uzyn köplenç yzda durýar,
Men weli öňde birinji.

Maňa baksaň, ýere bakýaň,
Meň bolsa gözlem ýokarda.
Seniň duluklaň çepiksi,
Meňki tersine – tokarja.

Men birneme sabyrsyzrak,
Seň bolsa şükürleriň bar.
Her zat hakda öz garaýşym,
Seňem öz pikirleriň bar.

Şonda-da biz bir-birege,
Şeýle bir ýaraşyp durus.
Ine, şeýdip duralgada,
Ikimiz garaşyp durus.

Bagtymyzy bir eýlejek
Ýollarmyz beri birmi-kä?!
...Wah, sen-ä «1»-lige mündüň,
A men mündüm «22»-ä.

Gülnabat Begenjowa.

Edebiýat, A93 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir