Şadyýan aýdyma hiňlenýän bolsam,
Ýa-da ele alsam depder-galamym,
Diýmek, onda sen ýadyma düşensiň,
Ýadyma düşendir alma ýaňagyň.

Goşgy ýazmak üçin ümsümje ýer hem
Owadan söz bolsa meniň gözlegim,
Şol pursatda sen ýadyma düşensiň,
Ýadyma düşendir ala gözleriň.

Tutuk asman ýaly tukat günlerde
Alyslardan maňa eliň uzatdyň.
Haçan, hiç zat keýpim bozup bilmese,
Sen ýadymdan çykan dälsiň uzak gün.

Başga arzuw ýokdur aýdyma dönüp,
Seniň gursagyňdan ýaňlanýan bolsam.
Seni unutmaga synanýandyryn,
Eger, men bir zada gamlanýan bolsam...

Seýran Seýitmämmedow

Edebiýat, A93 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir