Ýene saňa

Sen erkin bol, garşylygym ýok oňa,
Gijäň birmahaly dolan öýüňe.
Ajy tüsse gark etsin, goý, bedeniň,
Burç atyp iç restoranlaň meýine.

Näzini çek söýgä meňzeş gözelleň,
Ähli erkinligiň seniňki bolsun!
Men seni idegläp-yzlap ýörmerin,
Serhetleriň iti ysa meşguldyr.

Maşynyňy sür ýokary tizlikden,
Kart oýna, pul utdur, tapawudy ýok.
A sen aç-açan et etjek işiňi,
A men saňa etme diýip bilemok.

Sebäbi men diňe seni söýerin,
Dünýäň erkinligi seňki bolsun, goý.
Öýden çykyp näme etseň şony et,
Ýöne öýe geleňden soň meni söý!

Suraý Babanyýazowa

Edebiýat, A93 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir