Öňem bir kişi säwlikde, gaýygy gark bolup barýan balykçyny halas edipdir. Ondan balykçyny nädip halas edendigi hakynda soranlarynda: “Kenara ýakynynda duran gaýygyň bir tarapynyň çöküp barýandygyny gördüm-de derhal ýüzüp baryp, assyna uzyn agaç diredim” diýip jogap beripdir. Soň on sany adam gelip, ýene şol sowaly beripdir.

Ol ýene gyzykdyryp gürrüň beripdir. Niçikmi, obanyň adamlary jemlenip geleninde öňküsinden has gyzykly, gahrymançylykly edip aýdyp beripdir. Soňabaka ol:“Gark bolup barýan adamy nädip halas etmeli?” diýen temadan konfrensiýalarda çykyş edip başlapdyr. Bu temadan küti-küti kitaplar ýazypdyr. Galan ömrüni bu tema bagyş edipdir.

Ahyram bir gün amanadyny tabşyryp “o dünýä” barypdyr. Ondan pany dünýäde näme iş bilen meşgullanandygyny sorapdyrlar. Ol sil gelende, tupan turanynda suwda gark bolýanlary nädip halas etmek hakynda ylmy işleri ýazanyny, konfrensiýalarda çykyş edenini aýdypdyr.

Oňa sowal berýän kişi “Bärde — jennetde silem ýok, tupanam turanok, gark bolýanam ýok. Onda-da, ras, şu tema bütün ömrüňi bagyş eden bolsaň bärde-de çykyş edip beräý!” diýip, konfrensiýa zaly salgy beripdir. Uly höwes bilen çykyş etmek üçin zala tarap ugranynda ýaňky sowal berýän kişi onuň yzyndan “Wiý, ýogsa-da çykyş etjek ýeriňde Nuham bardyr” diýip, gygyrypdyr diýýär.

Edebiýat, A93 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir