Düýn, 27-nji iýulda Polina Gurýewa häzirki wagtda Tokioda geçýän Olimpiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp bolup, Türkmenistanyň taryhynda ilkinji olimpiýa medal gazanan türgen boldy. Ol agyr atletika sport görnüşiden 59 kg agramda çykyş edip, şeýle netije gazandy.

Ýeri gelende, türkmen agyr atletikasynyň halypasy, merhum Altymyrat Orazdurdyýew käbir sebäplere görä Olimpiýa oýularyna gatnaşyp bilmändi.

8-nji awgustda gutarjak Oýunlarda agyr atletikaçylarymyz Rejepbaý Rejebow (Ýaryşjak wagty 31-nji iýul, agramy 81 kg) bilen Hojamuhammet Toýçyýew (Ýaryşjak wagty 4-nji awgust, agramy 109 kg ýokary) çykyş edýär. Öwez Öwezow 3-nji awgustda 109 kg-de "B" toparçada çykyş edýär.
Ildeşlerimizi goldalyň!

Sport, A93 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir