Aglaýan çagalary urmaň

"Çagaň iki aýa çenli aglamasy,
Şehadetdir.

Dört aýa çenli aglamasy,
Allatagala ynançdyr.

Sekiz aýa çenli aglamasy,
Pygambermize (s.a.w.) salawatdyr.

Iki ýyla çenli aglamasy,
Eje, kakasyna istigfardyr.

Hadysy Şerif.

Terjime eden Gurban Geldiýew.

Dowamy »

462 2
Bilim, 8 months ago


Türkmenistanyň muzeýleriniň taryhy

Türkmenistanda ilkinji muzeý toplamasy 1894-nji ýylda ýygnalyp başlandy. Eýýäm şol ýyllarda ol esbaplar türkmen halkynyň taryhyna, arheologiýasyna, etnografiýasyna, tebigatyna we şekillendiriş sungatyna degişlidi. 1897-nji ýylda taryhy wakalaryň esasynda Gökdepe muzeýi hereket edip başlady. 1899-njy ýylyň 17-nji martynda Aşgabatda resmi ýagdaýda Za...

Dowamy »

350 2
Bilim, 8 months ago


Atabaý Çarygulyýew Mekdep ýyllarynda

Sazy we sözleri Apbas Mämmedowyňky

Mekdep ýyllarynda sen mejnun etdiň,
Nä günlere salyp maksada ýetdiň.
Bu gün bolsa özgäň  hyýalna gitdiň,
Ýa hazan urdumy hatlaryň seniň?

Sen namart, sen namart, meni aldadyň,
Süýji arzuwlaryma böwet bagladyň.
Bu gün bolsa göz ýaş bilen agladyň,

Dowamy »

377 2
Edebiýat, 8 months ago


Marynyň taryhda agzalyp geçilýän atlary

1) Merw.
2) Marguş.
3) Maru Şahu Jahan.
4) Mawru.
5) Mauri.
6) Margiana.
7) Marwerrut.
8) Mare Şahjan
9) Mare Şah Jahan.
10) Margaw.
11) Antiohia.
12) Mouru.
13) Maru.
14) Marz.
15) Marwirot.
16) Mrum.
17) Mawera.

Dowamy »

378 1
Bilim, 8 months ago


Ýagşydyr

Biderek manysyz goşgy okandan
Kuran açyp aýat okan ýagşydyr
Şeýtanyň äkitjek egri ýolundan
Beýik Allaň dogry ýoly ýagşydyr.

Çilim çekip arak içip mes bolup
Nä görgiň adamzat saralyp solup
Namazyňy oka Allaha uýup
Boş ýatandan namaz okan ýagşydyr.

Pikirlen adamzat pikirlen il...

Dowamy »

443 2
Edebiýat, 8 months ago


Sapar aýy barada

Bismillähirrahmänirrahyým.

Sapar aýynyn atlarynyñ manylary:

1. Sapar aýy boş diýen manyny berýär ( ýagny araplar Gurban aýynda, Aşyr aýynda, Rejep aýynda, Remezan aýlarynda... mübärek aýlarda uruşmaklygy haram edipdirler. Ýurt daşyna çykypda söwda etmeýän ekenler. Onsoñ azyk harytdan boşalan aý diýip, jeñe giden jeñe,...

Dowamy »

509 1
Bilim, 9 months ago


Beýniňizdäki ähli mümkinçiligi ýerlikli peýdalanyň!

Adamlary beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyrýan esasy görkezijileriň biri olaryň beýnisiniň artykmaç mümkinçilikleri peýdalanyp bilmegidir. Ýagny adam beýnisi dogry we paýhasly ulanylanda birnäçe artykmaç ukyba eýedir. Soňky döwürlerde ynsanlaryň durmuşynda duş gelýän rowaçlyklar akylly-başly pikirlenmegiň netijesidir.
Pikir ýöretmek,...

Dowamy »

552 1
Bilim, 9 months ago


Gyzlar nädip göwreli bolýar. Tegelek stolyň başynda aç-açan söhbetdeşlik

Mowzugy ýazmagyma sebäp bolan gyz 1999-njy ýylyň gyzy ýagny 10 - njy synpyň okuwçysy .

Bu gyz bir ýigit bilen internetdiň üsti bilen tapyşyp, bazara gitjek bahanasy bilen öýden birnäçe gezek gidip bazarda görşüp, tanşyp we 3 aý töweregi söýşüpdir.

Oglan hem 10-njy synpyň okuwçysy

Ýaşlaryň arasyndaky s...

Dowamy »

1312 8
Sorag-jogap, 9 months ago


Zäherli çörek

Her näme dograsaň aşyňa, ol hem çykar garşyňa (nakyl)

Gaýta-gaýta öýüniň gapysyny kakyp bir zatlar dileýän aýaldan ýadap, mazaly birahat bolan öýüň hanymy, bir gün ýene şol dilegçi gapysyny kakanda şondan halas bolmaly diýen karara gelýär. Dilegçä biraz garaşmagyny aýdyp aşhanadan bir çörek alyp arasyny açyp içine peýnir, zeýtun sal...

Dowamy »

459 0
Edebiýat, 9 months ago


Öýlenen ýigit we täze gelin

Iner ogul, tumar gelin! Eger az salymlyk ünsüňizi berip, ulyňyzy diňlemegi özüňize müwessa bilseňiz, size diýjek kelam agyz sözüm bar.

Ogul, saňa diýjek sargytlarym.

Sen indi öýlendiň, öýli-işikli bolduň. Bir bendäniň göz guwanjy, dünýäsine deňäp oturan gyzy bolsa seniň duluňy bezäp otyr. Ol indiki galan ömrüni seniň...

Dowamy »

624 0
Bilim, 9 months ago


Gudaçylyk gatnaşyklary

Gudaçylyk gatnaşyklary babatda gürrüň edilende şol gudaçylyk gatnaşyklaryny açmakdan başlansa gowy bolar.

1. Ogul öýermekçi bolnanda bilip goýaýmaly ýörelgeler.

2. Ozaly bilen niýet-päliňi düzüwle. Şöhratdan peýdalanmak, ar almak kemsitmek, onuň şöhratyndan ýa-da onuň ejizlän wagtyndan peýdalanjak bolmak ýagşy däl. Ed...

Dowamy »

479 0
Bilim, 9 months ago


Gurbannepes Ata ogly barada

Kerim Gurbannepesow şo döwüriň çen bilen hasaplamaklaryna görä, resmi dokumentlere esaslanyp aýdanymyzda 1929-njy ýylda şol wagtky Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda, häzirki Türkmenistan daýhan birleşiginde eneden doglan. Onuň kakasyna Gurbannepes Ata ogly diýer ekenler. Ýeri gelende aýtsak Gurbannepes aga hem degişli äheňde tankytly goşgy düzýän...

Dowamy »

387 1
Edebiýat, 9 months ago


Swetoforyň reňkleri näme üçin gyzyl, sary we ýaşyl?

Ilkibada swetoforlar ulanylmaga başlananda, demirýollardaky otlynyň gözegçiligi üçin bar bo­lan yşaratlar ulanylypdyr. Şol wagtlar gyzyl reňki “dur” diýmegi aňladýardy.

1830-njy ýyllarda demirýollaryň adam durmuşyna aralaşanda “duýduryş” yşygynyň reňki ýa­şyl, “geç” yşygynyň reňki bolsa ak bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen ak reňkiň yş...

Dowamy »

445 0
Bilim, 9 months ago


Durmuş toýuň

Bu gün seniň durmuş toýyň
Rowan bolýaň durmuş ýola
Giň töre düşsin aýagyň
Bagtyňyz meňzesin güle.

Ýaryň gelýär eli gülli
Bolsun mydam şirin dilli
Baran öýüň agzalarna
Bolgun mydam güler ýüzli.

Öýe ätläp sag aýakdan
Ojagyňa bolgun söýe
Gaýynlarňa bolup höwür
...

Dowamy »

389 0
Edebiýat, 9 months ago


Irki döwür arap poeziýasyndan nusgalar

Irki döwür arap poeziýasyndan nusgalar

Ykbalym dürli-dürli synaglardan geçirdi,
Synagdan geçdim welin, ýyllar ara açardy.
Döwür meni üýtgetdi, oýnady ýumak kimin,
Özi hiç üytgemedi, aldady tapsa çemin.
Döwür tanaplary bile berk dañdy meni,
Loly oýunlaryn etdi, bilmedi çeni.

Ahmet ibn...

Dowamy »

320 0
Edebiýat, 9 months ago


Gökdepe galasy basylyp alynandan Türkmenleriñ täze düzgündäki hal-ýagdaýy

Täze ýola goýulýan mekdeplerde esasy mesele, rus medeniýetiniñ, däp-dessurynyñ bir söz bilen aýdylanda «beýik halkdygyny» görkezmek we olary, ýaş Türkmenleriñ añyna guýmakdy. Aýry tarapdan beýik döwlet şaunizimini ýöretmek üçin, Türkmenlere öz däp-dessurlaryny unutdyrmakdy.

Britan ofiseri H.Moser bilen duşuşan «Bäş serdar» oña Gökdep...

Dowamy »

360 0
Bilim, 9 months ago


Dini Şiri Aýna gyz

(1962-2016)

Durabilbez seni gören adamzat,
Akyl-huşum haýran eden Aýna gyz.
Toý güni synladym seni, perizat,
Ýüregimi weýran eden Aýna gyz.

Boýdaşlaryň bilen dursuň jem bolup,
Arasynda saýlanýarsyň Aý bolup,
Ak ýüzüňde gara gaşyň ýaý bolup,
Akyl-huşum haýran eden Aýna gyz.

Dowamy »

466 1
Edebiýat, 9 months ago


Mollaoraz Hojamämmet barada

Mollaoraz Hojamämmedow – Horezmde halk rewolýusiýasyna (1919-njy ýylyñ noýabry – 1920-nji ýylyñ ýanwary) işeññir gatnaşyjy. Rewolýusia netijesinde Hywada Jüneýit hanyñ häkimiýeti ýok edilýär. M.Hojamämmedow Horezm Halk Sowet Respublikasynyñ hökümetine çlenlige saýlanýar. 1920-nji ýylyñ 13-nji sentýabrynda RFSFR bilen HHSR-iñ arasynda soýuzdaşlyk şe...

Dowamy »

380 0
Bilim, 9 months ago


Bäşim Serdar barada

Bäşim serdar – Türkmenistanda Graždanlyk urşuna, Buharada sowet häkimiýetini gurmaga işeňñir gatnaşyjy. Ol (familiýasy Seýitnazarow) Buhara emirliginiñ Çärjew begliginiñ Merýe obasynda (häzirki Saýat raýonynda) garyp daýhan maşgalasynda dogulýar. Çärjew bolşewikleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, rewolýusion ideýalary köçülige ýaýradýar. 1920-nji...

Dowamy »

347 0
Bilim, 9 months ago


Allaýar Gurbanow barada

Allaýar Gurbanow Türkmenistanda Graždanlyk urşuna işeññir gatnaşyjydyr. Ol 1888-nji ýylda Garrygala raýonynyñ Gerkez obasynda orta daýhan maşgalasynda dogulýar. Özünden başga 9 dogany bilen uýasy bolýar. Kakasy Gurban Hojamämmedow (oña “Gurban çaşy” hem diýipdirler) üç gezek oba arçynlygyna saýlanypdyr. Diñe 1912-nji ýylda ol 1905-nji ýyldaky ýarag...

Dowamy »

334 0
Bilim, 9 months ago


Annajamal Hydyrowa barada

Garyp maşgaladan bolan Annajamal ýaşlygynda özünden uly adama durmuşa çykarylýar. Olaryñ üç çagasy bolup, güzeranyny ýykma-ýykylma dolandyrýar. Beýik Oktýabrdan soñ Annajamal ilkinjileriñ biri bolup ýygnaklara, köpçüligiñ arasynda geçirilýän syýasy-terbiýeçilik işlere gatnaşýar. 1923-nji ýylda Gökdepe wolost komitetiniñ aýal-gyzlar arasynda iş alyp...

Dowamy »

334 1
Bilim, 9 months ago


Ene Kulyýewa barada

Ene Kulyýewa ýurtda sowet häkimiýetini berkitmek, aýal-gyzlary azatlyga çykarmak ugrundaky göreşe işeññir gatnaşyjy. Ol 1892-nji ýylda Gyzylarbat obasynda (häzirki Gyzylarbat şäheriniñ çäginde) köp çagaly batrak-çopan maşgalasynda dogulýar. Sowady ýerli mollada az-kem okap alan bilimi bilen çäklenýär. 14 ýaşynda durmuşa çykarylýar. Adamsy Garry Kul...

Dowamy »

349 0
Bilim, 9 months ago


Tatýana Tekinskaýa barada

1881-nji ýylda rus goşunlary tarapyndan Gökdepe galasynyñ gorawy syndyrylýar. General Skobelew ýetim galan 3 ýaşly türkmen gyzjagazyny öz ýany bilen alyp gidýär. Şol gyzjagaz hem şol gürrüñi edilýän Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa bolmaly.
Ady oña hossar çykylan “Tatýana güni” bilen bagly bolsa gerek. Familiýasy türkmenleriñ teke taýpasyndan...

Dowamy »

380 0
Bilim, 9 months ago


Rejep Taýyp Ärdogan barada

Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Rize welaýatynda 1954-nji ýylyň 26-njy fewralynda dünýä inýär. 1965-nji ýylda Stambul şäherindäki Kasympaşa Piýale başlangyý mekdebine, soňra 1973-nji ýylda Stambuldaky Ymam hatip orta mekdebini tamamlaýar. 1981-nji ýylda Stambuldaky Mermer uniwerstetiniň Ykdydadyýet we söwda bilimler fakultetini tamamlap, ýokary bili...

Dowamy »

424 1
Bilim, 9 months ago


Ogul, Saňa Diýjegim...

Sen ataň-eneň döwlediniň başysyň, nesil ulgamynyň dowamysyň. Sen olaryň gözüniň guwanjysyň, dyzynyň daýanjysyň, biliniň kuwwadysyň! Biz seniň barlygyň bilen bir zatdyrys. Syn edip gör: hatda ösümlikler hem özleriniň dok dänelerini ýere gaçyryp, ýeneki ýyllarda gögerip, pajarlap ösmeginiň, tohumynyň ýitip gitmezliginiň aladasyndadyr. Şonuň üçin hem...

Dowamy »

315 0
Edebiýat, 9 months ago