Şol güni asyl şol wakany unudasym gelýär. Ýöne, unudyp bilemok...
Mekdep okuwçysy wagtym, 8nji synpdadym, mugallym bizi türkmen sähralyklarynyň biri Çüli jülgesini dynç almaga äkitjegini we onuň üçin belli bir mukdarda puluň ýygnanylýanyny aýtdy. Men begendim, ylgap diýen ýaly öýe bardym. Ejeme aýtsam:
-Gyzym, şu wagt bizin ýagdaýymyz ýok. Soň bir gün gideris maşgala bolup hä? Düşünäý... Soňam seret jigiň ýarawsyz, oňa gerekli dermanlary almaly. Soň hökman gideris, kakaň äkider...
Ejeme gaharym geldi, näme üçin men gidip bilemok, ähli synpdaşlarymyz men galmaly, aglaýjak bolýardym:
-Eje, hemme kişi gidýär. Men sypdaşlarym bilen gidäýin, mugallymyz ýanymyzda bolýara.
Ejem ýalbarýardy, düşündirýärdi. Men weli, asla diňlemek hem islemeýärdim. Gaharyma aglap diýen ýaly:
-Sendenem eje bolarmy? Çagaňy ähli zatdan mahrum edýäň! Bagtly bolmagyny isläňok. Seni asla göresim gelenok. Bolmadyk bolsaň gowy bolardy.
Ejemiň ýüzi üýtgedi, başyny aşak salyp, mylaýym sesi bilen:
-Gyzym, okuwdan ýadap geldiň. Naharyňy iý.
Ejemi diňlemän, beýleki otaga geçip agladym. Şonda ejemi 'şeýle bir ýigrendim weli, asla göresim gelenokdy... Şol gün ejemiň göwnüne gaty degdim, indi düşünýän...

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir