Ilkibada swetoforlar ulanylmaga başlananda, demirýollardaky otlynyň gözegçiligi üçin bar bo­lan yşaratlar ulanylypdyr. Şol wagtlar gyzyl reňki “dur” diýmegi aňladýardy.

1830-njy ýyllarda demirýollaryň adam durmuşyna aralaşanda “duýduryş” yşygynyň reňki ýa­şyl, “geç” yşygynyň reňki bolsa ak bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen ak reňkiň yşaraty birnäçe meseleleri ýüze çykarypdyr. Ak reňkli “geç” yşaratyny köçäniň beýleki yşyklary bilen garyşdy­rypdyrlar. Has kyn ýagdaýy bolsa, “dur” yşaratyna goýlan gyzyl linzalaryň mahal-mahal ýere gaçmagy yşygyň ak reňke öwrülmegine getiripdir we “geç” yşaraty hökmünde kabul edilip, he­läkçilige ýol açylypdyr. Şeýlelikde, demirýolçylar gyzyl reňki “dur”, saryny “duýduryş”, ýaşyly bolsa “geç” yşaratlary hökmünde ulanmaga başlapdyrlar.
Diňe atlaryň we at arabalarynyň ýöremegine garamazdan, garaýollarda hem ýol hereketi bir­näçe meseleleri orta atypdyr. Ilkinji swetoforlar awtoulaglaryň çykmazyndan birnäçe ýyl ozal, 1868-nji ýylda Londonda ulanylypdyr. Tebigy gazyň kömegi bilen yşyklandyrylan gyzyl we ýa­şyl reňkler bir ýyldan soň partlap, daş-töwerege zyýan ýetirendigi sebäpli bu usuly aradan aýyrypdyrlar. Ahyrsoňy swetoforlaryň demirýollardaky ulanylyş usulyny garaýollarda hem peýdalanyp başlapdyrlar. Häzirki wagtda ulanylýan swetoforlar bolsa ABŞ-nyň raýaty Garrett Morgan tarapyndan kämilleşdirilipdir. 1914-nji ýylda ilkinji barlaglaryna başlan Morgan 1923-nji ýylda öz işine patent alýar. Morgan 1963-nji ýylda patentini 40 müň amerikan dollary möç­berinde “General Electric” firmasyna satýar. Morganyň kämilleşdiren swetoforynda gyzyl we ýaşyl reňkler bolup, “duýduryş” yşaratyny aňladýan sary reňk birnäçe ýyldan soň goşulýar we dünýä ýüzüne ýaýraýar.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir