Türkmenistanda ilkinji muzeý toplamasy 1894-nji ýylda ýygnalyp başlandy. Eýýäm şol ýyllarda ol esbaplar türkmen halkynyň taryhyna, arheologiýasyna, etnografiýasyna, tebigatyna we şekillendiriş sungatyna degişlidi. 1897-nji ýylda taryhy wakalaryň esasynda Gökdepe muzeýi hereket edip başlady. 1899-njy ýylyň 17-nji martynda Aşgabatda resmi ýagdaýda Zakaspiý oblastynyň muzeýiniň açylyş dabarasy boldy. 1902-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda ýörite jemgyýetçilik kitaphanasynyň muzeýiniň we muzeý jaýynyň gurluşygy başlandy, 1904-nji ýylda bolsa onuň dabaraly açylyşy boldy. 1919-njy ýyla çenli bu muzeý Zakaspiý welaýat muzeýi diýip atlandyrylýardy.
1927-nji ýylda Ülkäni öwreniş muzeýinde şekillendiriş sungaty bölümi açyldy. 1938-nji ýylda Şekillendiriş sungaty muzeýi döredildi. 1951-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy döredilip, Ülkäni öwreniş muzeýi onuň hataryna girdi.
1963-nji ýylda Ülkäni öwreniş muzeýi Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň düzümine girdi. 1985-nji ýylda Taryh muzeýiniň, Ülkäni öwreniş muzeýiniň we “Rewolýusiýa göreşijileri” adyndaky memorial muzeýiniň birleşdirilmegi netijesinde Türkmenistanyň Döwlet birleşen Taryh we etnografiýa muzeýi döredildi. Muzeý Zakaspiý oblastynyň öňki Hökümetiniň jaýynda ýerleşipdir.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk döwrüniň muzeýleri. 1998-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň № 3479 kararyna laýyklykda, öň hereket eden Türkmenistanyň Taryh we etnografiýa muzeýi hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi birigip Türkmenistanyň Milli muzeýi döredildi.
1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli muzeýiniň dabaraly açylyşy boldy. 2005-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi açyldy. 2007-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Ilkinji Prezidentiniň muzeýi açyldy.
Muzeý işini kämilleşdirmeklige esasy üns berip, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň muzeýleriniň taryhyny öwrenmekligi maksat edindi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran № 8270 kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Milli muzeýiniň iki gapdalyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň hem-de Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurluşygy başlandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda 2009-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Milli muzeýine Türkmenistanyň Baş milli muzeýi diýen at dakyldy. 2009-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň, 2009-njy ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň dabaraly açylyşy boldy.
2008-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary boýunça Balkanabat, Mary, Türkmenabat şäherlerinde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriň binalarynyň gurluşygy barada, 2009-njy ýylyň 31-nji iýulynda bolsa Daşoguz şäherinde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň binasynyň gurluşygyny başlamak barada karar çykaryldy.
Muzeýler öz gapylaryny myhmanlar üçin:

Mary şäherinde 2010-njy ýylyň 15-nji fewralynda;
Daşoguz şäherinde 2011-nji ýylyň 20-nji iýunynda;
Türkmenabat şäherinde 2011-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda;
Balkanabat şäherinde 2011-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda dabaraly açdy.
Muzeýleriň gurluşygyny dünýäniň belli gurluşyk kompaniýalary amala aşyrdy, ekspozisiýasy bolsa Türkmenistanyň muzeýleriniň esasy usulyýet merkezi bolup durýan, Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň işjeň ýardam bermegi netijesinde amala aşyryldy.

Taÿÿarlan: Begsoltan Saparowa.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir