Biderek manysyz goşgy okandan
Kuran açyp aýat okan ýagşydyr
Şeýtanyň äkitjek egri ýolundan
Beýik Allaň dogry ýoly ýagşydyr.

Çilim çekip arak içip mes bolup
Nä görgiň adamzat saralyp solup
Namazyňy oka Allaha uýup
Boş ýatandan namaz okan ýagşydyr.

Pikirlen adamzat pikirlen ilki
Ýalňyş ýoldagyň bilersiň belki
Toba etseň bolar ýollaryň ýagty
Şol ýagty ýollardan ýörän ýagşydyr.

Yslam dini hemme dinlerden päkdir
Bu diniň äkitjek ýollary akdyr
Allaň şu dininden başga din ýokdur
Şol ýollardan ýöräp giden ýagşydyr.

Aldanmaň siz bu dünýäniň malyna
Aldansaň näme bolar seniň halyňa
Ýetişermi malyň ahy waýyňa
Altyndan kümüşden iman ýagşydyr.

Sorag güni tereziler gurylar
Käfirlere azar ezýet beriler
Eden günäleriň bary biliner
Ýagşy amal edip öten ýagşydyr.

Ölenler direlip gabyrdan çykar
Geň galyp oturar çarýana bakar
Bäş ýüz ýyllyk ýoldan görüner sakar
Ol dowzahdyr bilip goýan ýagşydyr.

Käfirleri şol sakara salarlar
Suw deregne gaýnan iriň bererler
Ýanyp bişip şonda toba diýerler
Şu dünýede toba eden ýagşydyr.

Puluň bolsa bergin garyp gedeýa
Eý garyplar şükür ediň Hudaýa
Sabyr bersin garyplyga çydara
Bu dünýede garyp bolan ýagşydyr.

Ahyr bir gün bu dünýeden ötersiň
Ýa dowzaha ýa jennete düşürsiň
Günähiň köp bolsa ýanyp bişersiň
Günäni az edip öten ýagşydyr.

Öz hininden çykarma sen diliňi
Diňlemezler seniň aýtýan sözüňi
Söýenç aýdar ýumup gara gözüňi
Irden turup şükür eden ýagşydyr.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir