Adamlary beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyrýan esasy görkezijileriň biri olaryň beýnisiniň artykmaç mümkinçilikleri peýdalanyp bilmegidir. Ýagny adam beýnisi dogry we paýhasly ulanylanda birnäçe artykmaç ukyba eýedir. Soňky döwürlerde ynsanlaryň durmuşynda duş gelýän rowaçlyklar akylly-başly pikirlenmegiň netijesidir.
Pikir ýöretmek, düşünmek ýaly güýje eýe bolan akylymyzy has netijeli ulanmak üçin nämeler etmeli? Alymlaryň pikirine görä, beýnimiziň güýjüni artdyrýan, öňde goýan maksatlarymyza ýetirýän ýollary ýakynlaşdyrýan ukyplaryň käbiri şulardan ybarat:
Pikirlenmek. Akyly herekete getirmegiň iň täsirli usuly pikirlenmekdir. Haýsydyr bir zada ymykly girişip pikirlenmek, şonça-da ynsanyň aňynyň, paýhasynyň kämilleşýändigini görkezýär. Beýnidäki "Gizlin ýatan göwheri, nur saçýan altyna öwürmek" ynsanyň öz elindedir. Pikirlenmeýän adam ýerde duran uçara meňzeş, emma, pikirlenýän adam asmana göterilen, alyslarda görünýän uçar mysalydyr. Umuman, beýnidäki çäksiz güýjüň ýeke-täk açary pikirlenmekdir.

Bilim. Alymlar şeýle maslahat berýärler: bilime höwesjeň ýapyşyň, bilimsizlige garşy göreşmegiň ýeke-täk çäresi öwrenmekdir. Munuň üçin köp güýç-gaýrat sarp ediň. Ýatkeş boluň! Ýatda saklamagyň iş esasy şerti gaýtalamakdyr. Unutmakdan daşda duruň. Bilimli ynsan iň güýçli pälwandan hem has güýçlüdir. Sebäbi durmuşyň her bir ýolunyň ýakasynda bilimde ynsanyň mertebesi ýatyr.

Meýilnamalaýyn iş alyp barmak. Her bir işi meýilnama esasynda ýörediň. Onsuz edilen her bir iş ýagýan siliň garşysyna hereket etmekdir. "Ýedi ölçäp, bir kes" diýlişi ýaly, oýlanyp edilen iş ýeliň ugruna görä hereket etmek ýalydyr. Meýilnamasyz edilen iş şowsuzlyga getirýär.

Berlen her bir mümkinçiligi ýerlikli ulanmagy başarmak. Eliňizdäki mümkinçilikleri - ýaşlyk, baýlyk, saglyk, okuw, wagt.....ýerlikli ulanyň. Durmuşda bolan her bir mümkinçilik size berlen tapylgysyz baýlykdyr. Ony tygşytly we ýerlikli haýyrlanmaly, emma adamlaryň köpüsi özüne berlen mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanman, ahmyrlydyr...

Tanamak. Özüňizi tanaň we tanamagy maksat ediniň.

Aragatnaşyk saklaň. Muňa ökdeläň. Daş-töweregiňizdäkiler bilen gowy aragatnaşyk saklap, ylalaşyň. Üstünlik gazanýanlaryň eltýan häsiýeti hem hemme bilen oňat aragatnaşyk saklamagydyr.

Nusga edinmek. Başarnykly bolmak isleseňiz özüňize haýsy-da bolsa, bir beýik şahsyýetiň üstünliklere eltýän häsiýetlerini özüňize nusga ediniň. Beýle etmek öňde goýan maksatlaryňyza çalt we üstünlikli eltýär.

Jogapkärçilik. Şu duýga eýeriň! Hiç haçan jogapkärçilikden gaçmaň. Köp zähmet çekmek surnukdyrýandyr. Ýöne ýaltalygyň adamy "gemirýändigini-de" ýatdan çykarmaly däldir. Çünki "Zähmet soňy rähnetdir!"

Umyt. Her wagt hem umytly boluň, sebäbi ol siziň direnme güýjüňizi artdyrýar we durmuşa baglar. Umytsyz adam ganatsyz guş mysalydyr. Beýik boluň, ruhuňyzy belent tutuň. Daşky gurşawdaky barlygyň edýän dürli täsirleri ynsan üçin wagşy bir jandar ýalydyr. Şol sebäpli sussupeslikden gaça duruň, ruhubelent boluň. Sussupeslik ýadyňyzyň hem ýitmeginiň esasy sebäbidir.

Ynam. Öz-özüňize ynanyň. Ynamsyzlyk, ýagny "başarmaryn" diýen söz aýdylan badyna ynsan öz ýoluna özi böwet goýýandyr.

Durmuşyňyzy seljeriň. Geçen we geljek durmuş ýoluňyzy pikirlenip seljeriň we durmuş ýoluňyzdaky üstünliklere, şowsyzlyklara seredip, durmuşyňyzyň çarhandakly ýollarynyň yzda galan bölegini sapak ediniň. Eger şeýle seljerme etmeseňiz, durmuşda tejribe güýjünden peýdalanyp bilmersiňiz.

Wagt. Her bir başarnykly adam wagta görä, ony tygşytlap, hereket edýär. Onuň üçin wagtyňyzy bisarpa tutmaň. Wagt bir kesgir pyçak ýalydyr, ony ulanmagy başarmaly. Bir sagat wagtyny bihuda geçirmäge ýol beren adam entek ömrüniň gadyryna düşünip ýetişen däldir.

Sabyr. Akylyň maýasy sabyrdyr. Onuň üçin sabyrly bolmaga çalşyň we öňde goýan maksadyňyza tutanýerlilik bilen çemeleşiň. Sabyr bagtyň açarydyr, ol ýoluňy ýagtylandyrýan çyradyr. Alymlaryň gazanýan üstünlikleriniň esasynda hem sabyr ýatandyr. Ol şol birwagtyň özünde dertleriň hem öňüni alýan mümkinçilikdir.

Deňagramlylyk. Her bir işi deňagramlylykda alyp barmaly. Sebäbi deňagramlylyk bozulsa, derman zähere, yşk ýangyna döner. Köp gürleýän adamy köpçülik halamaýar, edil şonuň ýaly hem, geplemeýän ynsanda köpçüligiň söýgüsini gazanyp bilýän däldir. Şol sebäpli deňagramlylyk diýlende, her ýoluň orta aralygy göz öňünde tutulýar.

Okamak. Beýtmek arkaly alnan bilim siziň artykmaçlygyňyzdyr. Ol hiç kimiň sizden alyp bilmeýän baýlygydyr. Iň ýakyn dostuň kitap bolmalydyr. Ýagny iýip-içeniňde lezzet alşyň ýaly, kitap okanda hem edil şonuň ýaly lezzet almagy başarmalysyň.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir