Türkmen-türk dilini garym-gatym edip ýazýanlara ýüzlenesim gelýär: Nirä barsaňyzam diliňizi unutmaň. Dilini unudýan adam milletinem, Watanynam unudýar. Özüňi aklajak bolup, müň dürli bahana tapyp bolar, ýöne şol bir zadyň iki hakykaty bolmaýar, hakykat elmydama bir bolýar. Türke dahyly bolan oňarsa-oňarmasa türkçe gürlemäge çalyşýar. Dil ýitirmek at ýitirmek bilen deň görülýär. *** Ata-baba gelýän şu sözi ýadyňyzdan çykarmaň: “Gyzyň ýat bolup gitse, Taňryň gargadygy bil, ogluň ýat bolup gitse, nesliň dargadygy bil. Özüň ýat bolup gitseň, rysgyň dargadygy bil, diliň ýat bolup gitse, halkyň dargadygy bil”

Köneler, onesse tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir