Salam agzalar we myhmanlar! Sahypada näçe günden bäri şu duşuşyk barada ýazgydyr teklipler ýazylýar, hatda, degişli birnäçe mowzuklar hem açyldy. Men hem açypdym Duşuşyga çagyrýaryn! ady bilen we netijesinem 9 Mart, 2008-däki soňky duşuşyk barada atly mowzuk bn size bildiripdim. Ilkinji duşuşyk bäriniň adminleri Muhajir we Shahyr dagynyň tagallasy bn ÝIMPAŞ-da gurnalypdy öýdýän, onuň netijesini Agajanh-nyň açan Talyplar.com: 1 ýaş toý atly mowzugyndan okap bilersiňiz! Men şeýle bir duşuşyklardan ýene birini gurnamagyň kül-küline düşdim. Şol islegimiň netijesinde, indiki aýyň başlarynda, mümkin bolsa kiçeňräk bir duşuşyk gurnamakçy, enşallah. Häzirlikçe takyk maglumatlar ýok, ýöne ýakynda aşakdaky ýagdaýlar boýunça degişli takyk maglumatlar goýular: Gün : ?-08-2009, juma güni (6, 7 hem bolup biler) ; Sagat: ? Juma sagady (Maryda ýa Baýramalyda ýa ikisinde-de) ; Ýer : Häzirlikçe näbelli (gözlegde häzir, siziňem teklipleriňize garaşýan) Bu duşuşyga häzire çenli gatnaşmaga isleg bildirenler: 1- ata; 2- çhopan; bary-ýogy iki sanyjak-laý şu wagt-a :P Mundan başga-da sahypadaky käbir dost-ýarlaryma şahsy hem habar berip, duşuşyga gatnaşmaklaryny haýyş edip bilerin. "Duşuşyga bu sahypanyň myhmanlary hem gatnaşyp bilermi?!" soragy döräp biler. Men-ä muň tarapdary däl. Ýöne çykdaýjylaryny özleri çykaran ýagdaýlarynda, olardan az sanly oglanlary alsa bolar :) Duşuşyga gatnaşmak isleýänlerden: gatnaşmak isleýändiklerini we özlerine habar berip bolaýjak maglumatlaryny (öý/iş/el tel, mail we ş.m.) şu ýerde ýa-da maňa şahsy mail arkaly ( atamyrat@hotmail.com ) hökmany ýagdaýda bildirmeklerini haýyşt edýärin! Duşuşygyň aýratynlyklary barada öz pikirleriňizi hem ýazaýsaňyz! Birem, belki bu yglany okama mümkinçiligi bolmajak oglan agzalar bardyr şu wagtlarda, meselem, SerJon, Lider, Basta-mar we ş.m. Eger şeýle tanyş agzalaryňyz bar bolsa, onda okan agzalardan olara bildirmeklerini haýyşt edýärin! Köp sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir