Salam dostlar we talyplar.com agzalary.
@Jeksparro agza Deňizleriň tolkuny alyp geldi küreksiz... (@hanture bilen jedele) atly blog açypdy. Bu blogym şol bloga jogap hökmünde açyldy.

@Jeksparro:
@hanture, sen mowzuklaryň birinde B.M.G.-niň baýdagynda hemme materiklaryň bir tegelek suratda ýerleşdirilip çyzylanyny sen hakyky ýeriň formasy diýip tekrarlapdyň!?
Indi Ýeriň togalakdygyny ýa tegelekdigini bilmek üçin BMG-nyň baýdagyndan başga görkezjek tutarygyň ýokmy seniň. Gel-gel indi şony subut etmek üçin bir baýdaga ýüzlenmelimi biz!?

Jogap:
Ilkinji nobatda hormatly Jeksparro sen bu blogyňy howlugyp ýazypsyň öýdýän. http://talyplar.com/posts/32397 şu blogymda men BMG nyşanyndaky tekiz ýerçileriň kartasy (Tekiz ýeriň hakyky formasy diýmedim)diýipdim. Resmi tekiz ýer kartasy Aleksandr Gleason tarapyndan 1892-nji ýylda döredildi (surata seret). BMG-nyň ondan soňra 1945-nji ýylda döredilendigini hasaba alsak BMG öz nyşanyna tekiz ýer kartasyny goýandygyny aňladýar. Onsoňam sen tekiz ýeri subut etmek üçin bu kartany peýdalanyp bilersiň, ýöne subutnama hökmünde däl.

@Jeksparro:
Ol baýdakdaky şekiliņ asyl manysy hemme milletleriň Ýewraziýada, Afrikada, D.g. G.o Amerikalarda we Awstraliýada ýerleşendigi üçin gojaman Ýer şarynyň depesinden ýöne şekillendirilip ady agzalan materikleriň demirgazykdan alynan şekili ahyry ol...
Bolmanam hemme materikler demirgazyk polyusdan Yere seredilende görünenok, görünmegine ýarym şaryň aşagy päsgel berýär. A Antraktida ýa Antarktika gerek däl-ä Bmg baýdagyna. Sebäbi o taýda millet ya döwlet yok.

Jogap:
Seniň baýdakdaky karta düşündiriş berişiň bütinleý nädogry. BMG ony Azimuthal equidistant projection map diýip atlandyrýar. https://en.wikipedia.org/wiki/Azimuthal_equidistant_projection linke baky bilersiň.

@Jeksparro
Ikinjiden. Mowzuklaryň birinde Mahmyt Kaşgarynyň tegelek kartasyny ýaňsylap o görgülinem tegelek ýerçi edip goýupsyň. Üst-üstesine Mahmyt Kaşgarynyň gürrüňi edilýän kartasy Aziýany, ýa-da Ýewraziýany şekillendirip Ummany bolsa görkezmeýär. Üstelik hem bu karta tekiz ýere girmäge gutarnykly subutnama däl.

Jogap:
http://talyplar.com/posts/32407 şu blogymda men diňeje ,,Mahmyt Kaşgarlynyň dünýäniň merkezi Balasagun bolan ajaýyp kartasy." diýdim we tekiz ýer bilen baglanyşdyrmadym iň aşakky teswirimde belleýşim ýaly men muny prosta maglumat üçin goýdym.

Hormatly @jeksparro siz bu blogyňyzda meniň teoriýamy bozjak hiç zada duş gelmedim.
Uly hormat bilen HANTURE BS.

Täzelikler, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir