Hormatly moderatorlar, Talyplar.com sahypasyna bil baglap milletiñ, halkyñ erk islegine gadyr edilýän gaýybana medeni üý$meleñ hökmünde garap ýörkäm, bu sahypa türkmen intellektiniñ dabaralanmagy diýip ýüregimi galkyndyryp ýörkäm käbir özge dilde ýazýan agzalaryñ millet we dil babatdaky öte geçmeleri meni biynjalyk edýär. Olar "biz garda$" diýip mähirlerini beýan edýärler, soñam öte geçme tankydy bellikleri bilen ýazgarýarlar. Bu günki türkmenler türkleriñ elinde edep terbiýe alýan bolsalar muña takdyryñ çyzgysy diýip bolýandyr-a. Bu düýbünden tersine-de bolup bilerdi ahbetin; taryhda munuñ ençeme mysallary ýokmy näme!? $onuñ üçin geliñ bir pursat özli özümiz üý$üp oýlanalyñ, türkmenligimize buýsanalyñ! Muny bize hiç kim köp görmesin, gaýrat ediñ! Hiç kimiñ bize minnet etmegine ýol bermäliñ! "Sizi biz ýeti$dirdik, sizi biz adam etdik" diýen sözler soñky döwürde ýoñ boldy. Ýogsa-da "Ylym Çyn Maçynda bolsa-da gidip öwrenmek" biziñ borjumyz dälmi!? Türkmen doganlarym, göwnüñizi giñ tutuñ! Takdyra ten berip boljak zatlara gara$yñ! $onuñ üçinem gaýrat edip bizi kemsitmäge milt edýän agzalaryñ ýoguna ýanyñ (gödekligim üçin bagy$lañ) ! Olar bizi söýýän bolsalar söýgülerini döwletiñ resmi saýtlarynda beýan edibersinler! Hormatlamak bilen , nokat!

Köneler, Nokat tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir