Internet ulgamynda adamy kosmosa uçurmak üçin pul toplanyp başlandy diýlip habar berildi. Gyzykly ýeri, pul toplanyşygyň başyny başlaýjy Mark Gold munuň özi üçin däl-de, Ýeriň tekizdigi baradaky teoriýanyň tarapdary üçin ýygnalýandygy aýdýar. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Şotlandiýanyň ýaşaýjysy Mark Gold pul toplanyşygyna GoFundMe köpçülikleýin pul ýygnamak platformasynda başlady. Aýdylmagyna görä, onuň Ýeriň tekizdigi baradaky teoriýanyň iň meşhur tarapdarlaryndan birine ylma garşy çykýan sözleri üçin gaty gahary gelipdir we şonuň üçin hem bu işiň başyna barypdyr.
Gold Ýeriň tekizdigi baradaky teoriýanyň tarapdary kosmosa uçsa, özüniň ýalňyşandygyna düşüner we bu barada ylma garşy çykýan jemgyýetiň beýleki agzalaryna hem gürrüň berer diýip pikir edýär. Bu pikiri durmuşa geçirmek üçin oňa 250,000 funt ýa-da, takmynan, 345,000 dollar gerek diýip, çeşme belleýär.

Täzelikler, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir