Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Ertirki agşam mübärek gije bolan Miraç gijesini görmek we islänler üçin ony ýerine ýetirme mümkinçiligi/bagty miýesser eder, enşallah! Berat Gijesiniň bäş aýratynlygy bar: 1. Ähli hikmetli işleriň aýrylmagyna başlanmagy; 2. Bu gijede ediljek ybadatlaryň gazandyrýan sogaplarynyň beýleki wagtlardakylara görä esse-esse köp bolmagy; 3. Ylahy rehmetiň bütin älemi gurşap almagy; 4. Allahyň bagyşlama mukdarynyň köpelmegi; 5. Pygamberimize doly şepagat etme mümkinçiliginiň/nygmatynyň berilmegidir. Bir rowaýata görä Resulullah Aleyhissalatü Wesselam Şaban aýynyň onüçünji gijesi ymmaty hakynda şepagat nyýaz etdi, üçde biri berildi. Ondördünji gijesi nyýaz etdi, üçde ikisi berildi. Onbäşinji gjesi nyýaz etdi, hemmesi berildi. Ýöne Allahdan düýäniň gaçyşy ýaly gaçanlar munyň daşynda... Zemzem guýysynyň bu gijede açyk ýagdaýda joşup, köpelmegi hem munyň delili hökmünde görkezilýändir. (Hak Dini Kur an Dili, 5:4295) Pygamberimiz bir hadysynda Berat Gijesiniň bereketini dürli ýollar bilen bildirýändir: "Şaban aýynyň 15-nji gijesi gelende, gijäni oýalykda ybadat bilen, gündüzi-de orazaly geçiriň. Şol gije gün ýaşandan soň, Allah rehmeti bilen dünýä asmanyna meýleder(/nury bn geler) ve şeýle diýer: "Toba eden ýokmy, bagyşlaýyn. Ryzyk isleýän ýokmy, derrew ryzyk bereýin. Başyna bir bela gelen ýokmy, derrew saglyk, şypa we içdä açyklygy bereýin. Şu ýagdaý daňdan şapagynyň atmagyna çenli şeýle dowam eder."(İbni Mâce, İkame, 191.) PS: Häzirlikçe hemmäňizi ýeip gelýän mübärek Berat gijesi bn tüýs ýürekden gutlaýaryn! Enşallah, bu gijä oňat düşünip we oňat hem peýdalanan ynsanlardan bolmagymyzy dileýärin! 1-2 günüň içinde has giňişräk maglumaty hem hiç kim goýmadyk bolsa, özümiň goýjagymy aýtmak isleýärin :)) Hawa, indi birek-biregi gutlap, ýagşy dilegler edip bileris! Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir