Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Köpden bäri söhbetdeşlik dowam edenokdy, bahanam ýok, bagyşlaň! Indi ýene dowam etmekçi. Gezek hem jankaka atly ulanyjymyzda. Men jankaka barada sahypadan öwrenen maglumatlarymy şu ýere goýmakçy. Öňem oňa şahsy we hindistan barada köp soraglar soralyp, käbirleri jogapsyz galdyrylan bolmaly, olaram şu ýere goýmakçy we umumy manyda linklerini hem goýmakçy, seredip bilersiňiz! Jankakanyň hakyky ady Kakajan Annaýew. Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden. HTTU-nyň Iňlis dili bölüminden 2007 uçurymy. Şu wagt Hindistanyň Hyderabad şäherinde Manuu atly uniwersitetinde “Iňlis dili we edebiýaty” bölüminde aspiranturada okayar. Diýmek, bärik Hindistandan ýazýar. Maili kaka_84@rambler.ru . Onuň ähli açan mowzuklaryny şu ýere basyp görüp bilersiňiz! Özi we Hindistan barada iň köp maglumata eýe bolan mowzugy Tanyşlyga dowam atly mowzugy bolmaly. Munça maglumaty beremsoň, indi soraglara geçäýeliň!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir